Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynda alnyp barylýan işler.

33
     Hormatly Prezidentimiz tarapyndan ýurdumyzy gülläp ösen ýurda, ýokary derejelere çykarmak üçin tagalla bary edilýär. Garaşsyz, Baky Bitarap Türkmenistanyň her bir döwlet maksatnamasynyň esasynda halkyň hal-ýagdaýyny gowulandyrmagyň meseleleri durýar, adam barada alada edilýär. Şunuň bilen bir hatarda daşky gurşawymyzy arassa saklamagyň, tebigatymyzy, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamagyň zerurdygy nygtalýar.
Biziň ýurdumyz Bütindünýä mirasynyň, şol sanda tebigy mirasynyň sanawyny baýlaşdyrmak boýunça ÝUNESKO bilen özara işjeň gatnaşygy dowam edýär. 2023-nji ýylyň sentýabr aýynda Türkmenistan, Gazagystan we Özbegistan tarapyndan “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” ady bilen ýurdumyzyň 3 sany çöl ekoulgamynda ýerleşýän goraghanalary – Repetek döwlet biosfera goraghanasy, Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna girizildi. Bu işler Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň başlangyjy bilen “Çöller boýunça Merkeziaziýa başlangyjy” atly taslamasynyň çäklerinde geçirildi. Onuň maksady – Merkezi Aziýa sebitiniň aralyk guşaklykdaky ýewraziýa çölleriniň biodürlüligini gorap saklamaga we ekoulgam hyzmatlaryny ösdürmäge gönükdirilendir.
Ynha, häzirki wagtda BMG-nyň Ösüş maksatnamasy tarapyndan Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen bilelikde geçirilýän “Köp sanly bähbitleriň alynmagy üçin Aral deňziniň giňişliginde ýer serişdelerini we ýokary tebigy gymmatlygy bolan ekoulgamlary gorap saklamak we durnukly dolandyrmak” atly taslama hereket edýär. Bu taslamanyň çäginde we goldaw bermeginde biziň goraghanamyzda birnäçe işler geçirildi. Ýagny goraghana işini alyp barmak üçin zerur bolan enjamlar we serişdeler bilen üpjün edildi, ýabany haýwanlar saklanýan malhanany abatlamak işleri geçirildi we giňeldildi. Bu bolsa ýabany haýwanlaryň we guşlaryň, şol sanda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşleriň saklanyş ýagdaýynyň gowulanmagyna öz täsirini ýetirýär. Malhanada seýrek görnüşler bolan keýik, dag goçy, mundan başga-da sülgün, käkilik, towşan ýaly görnüşler saklanýar we köpeltmek işleri geçirilýär. Şeýle-de tebigatda  ýarawsyz haýwanlar we guşlar tutulyp, malhana getirilip weterinariýa gözegçiligi geçirilip sagalandan soň, ýene-de tebigata goýbermek işleri hem geçirilýär.
Gaplaňgyr goraghanasynyň özboluşly baý ösümlik we haýwanat dünýäsi bar. Goraghana 1979-njy ýylda döredilip, onuň döredilmeginiň esasy maksady – Üstýurt dag goçuny, keýigi, itaýyny gorap saklamak, gulany köpeltmek we göçýän haýwan bolan saýgagy gorap saklamak bolup durýar. Bu ýerde ýylyň dowamynda tebigatda bolup geçýän ähli hadysalara, şol sanda ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýagdaýyna yzygiderli gözegçilik geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, „Gaplaňgyr“ diýen adyň Gaplaňgyr belentligi bilen baglanyşykly bolup, ozal bu ýerlerde gum gaplaňynyň (ýa-da başgaça ady alajabarsyň) ýaşanlygy sebäpli dörändigini ýatlamak gerek. Ýagny, Gaplaňgyr – Gaplaňly gyr diýmegi aňladýar. Häzirki wagtda goraghananyň meýdany Gaplaňgyr belentliginiň demirgazyk bölegini öz içine alýar. Bu ýerde birwagtlar tektoniki hereketleriň netijesinde emele gelen içi suwly ýa-da gury gowaklar bar. Olar bolsa bu meýdanyň tebigatyna üýtgeşiklik, täsinlik berýär, mundan başga-da ýabany haýwanlaryň gaty yssydan ýa-da sowukdan goranmaklaryna amatly ýer bolup hyzmat edýär. Goraghananyň häzirki tutýan meýdany 275735 gektar.
Goraghananyň garamagynda 2 sany çäkli goraghana bar: Sarygamyş we Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanalary. Sarygamyş döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1980-nji ýylda döredilip, onuň döredilmeginiň esasy maksady - suw guşlaryny, keýikleriň köpelýän ýerlerini goramakdan ybarat bolup, onuň tutýan meýdany 541466 gektara deň. Şasenem döwlet tebigy çäkli goraghanasy 1983-nji ýylda döredilip, onuň döredilmeginiň esasy maksady - toýnakly haýwanlaryň, şol sanda gulanlaryň goragyny güýçlendirmekden ybarat bolup durýar we onuň tutýan meýdany 109002 gektara deň.
Goraghananyň meýdanlarynda mör-möjekleriň 1250-den gowrak, balyklaryň 32, ýerde-suwda ýaşaýanlaryň 2, süýrenijileriň 25, guşlaryň 218 we süýdemdirijileriň 47 görnüşi duşýar. Guşlaryň 58 görnüşi çölde we suwuň ýakasynda höwürtgeleýär, galanlary – uçup geçýän, düşläp geçýän we gyşlaýan guşlardyr. Gorghanada suw-batgalyk guşlary hem içgin öwrenilýär. Bu ugurda 2021-2025-nji ýyllar üçin “Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň we oňa ýanaşyk meýdanlarynyň suw-batgalyk guşlary (düzümi, ekologiýasy, biologiýasy)” atly tema boýunça ylmy-barlag işleri ýerine ýetirilýär. Bu ylmy işde goraghananyň meýdanlarynda we oňa ýanaşyk ýerlerdäki suw aýtymlarynda (Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor, Atabaýşor we “Altyn asyr” Türkmen kölleri) suw-batgalyk guşlaryň görnüş düzümini, sanyny, migrasiýasyny, köpelişini, gyşlaýyş ýagdaýyny öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri alnyp barylýar. Geçirilen ylmy-barlag işlerimiziň netijesi boýunça häzirki wagtda sebitiň uly suw aýtymlaryndaky we olaryň töweregindäki suw-batgalyk guşlaryň görnüş düzümi kesgitlendi. Olardan gyzgylt we buýraly gotan, gara ördek, gyzylbaş garamtyl ördek, gorçy, gyzylgaz, kaşykburun we başgalar Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen görnüşlerdir. Ady agzalan köller suw-batgalyk guşlaryň güýzüne günorta we ýazyna demirgazyga uçup geçýän ýolunda ýerleşýär. Aral deňzi gurandan soň bu ýerleri guşlaryň has köp toplanýan meýdanyna öwrüldi, uçup geçýän guşlar bu ýerde düşläp iýmitlenýärler, dynç alýarlar. Guşlaryň bir bölegi gyşlamaga galýarlar. Gyzylçüňk guw, almabaş ördek, ýaşylbaş, gyzylbaş garamtyl ördek, sakarbarak we başga-da birnäçe guşlar bu meýdanyň esasy ýaşaýjylarydyr.
Häzir gyş möwsümi dowam edýär, gyş möwsümi üçin öňünden taýýarlyk işleri geçirilýär, ýagny ýabany haýwanlary gyşyň sowuk döwürlerinde goşmaça iýmitlendirmek üçin ot-iým gory döredilýär. Şeýle-de bu wagtda guşlaryň toplanýan, dynç alýan, iýmitlenýän ýerleri, sany hasaba alynýar, öwrenilýär. Bu bolsa sebitde gyşlamaga galýan, şol sanda suw guşlarynyň goragyny güýçlendirmek üçin zerur çäre bolup durýar.
Ýurdumyzyň ekologiýa taýdan abadançylygy halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagynyň girewidir. Şu nukdaýnazardan, daşky gurşawy goramak, onuň ynsana eçilen tebigy baýlyklaryndan rejeli peýdalanmak, geljekki nesillere ýetirmek üçin olary aýawly saklamak her bir raýatyň gönüden-göni borjy bolup durýar.
Biziň şu günümizi, ertirki günümizi alada edýän Gahryman Arkadagymyza, Hormatly Prezidentimize köp sag bolsun aýdýarys! Mähriban Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ömürleri uzak bolsun, il-ýurt bähbitli alyp barýan tutumly işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Arazmyrat Amanow,
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04