Türkmenistan boýunça 2025-nji ýylyň ýanwar aýynyň 13-19-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.
28Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-2°С sowukdan +3...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+6°С-dan +14...+16°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-10-dan 11-13 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4°С sowukdan +1...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+4°С-dan +12...+14°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +2...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +10...+15°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6...+11°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5°С sowukdan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +4...+9°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -4...+1°С-dan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +3...+8°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-7°С sowukdan 0...+5°С aralygynda maýyl, gündizlerine +2...+7°-dan +12...+17°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ikinji ýarymynda gar gatyşykly ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-8°С sowukdan -3...+2°С aralygynda maýyl, gündizlerine -1...+4°С-dan +5...+10°С aralygynda maýyl bolar.