AÝAZBABA WE GARPAMYK GORAGHANANYŇ «TEBIGAT MUZEÝINE» GEZELENJE GELDI!

67
             Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň edara binasyndaky “Tebigat muzeýini” görmäge örän köp mekdep okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary we  myhmanlar yzygiderli gelýärler. 2024-nji ýyl bilen hoşlaşmaga sanlyja gün galdy, emma goraghananyň muzeýine gelip tebigatymyzyň täsinligi bilen tanyşmaga gelýän raýatlaryň sany köpeldi. Türkmenistanyň gözel tebigatyny gorap saklamakda uly goşandyny goşýan Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň, «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň , Bekrewe tokaý hojalygynyň işgärleri  “Ýaşyl ykdysadyýetimizde – ýaşlaryň ekologiýa  bilimi“ atly çärani Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň «Tebigat muzeýinde» gurnadylar. Bu çärä örän dabaraly geçdi, täze ýylyň öňüsyrasynda Aýazbaba bilen Garpamak çagalar, mekdep okuwçylary bilen goraghananyň muzeýine gezelenje geldi. Muzeýdäki guşlaryň dürli görnüşleri, ýabany ýyrtyjy haýwanlar, dermanlyk ösümlikleri barada goraghananyň işgäri Leýli Gaýypowa gyzykly gürrüňleri berdi.  Mekdep okuwçylary bolsa tebigatymyzda duş gelýän guşlaryň görnüşleri barada özleri hem gürrüňler berdiler. Çagalar öýlerine gatnaýan körpeje jigilerimizde hem muzeýdaki dürli suratlar, eksponatlar uly gyzyklanma döretdi. Aýazbaba bilen Garpamyk bolsa goraghananyň edara binasynyň tejribe meýdanynda ösdürilip ýetişdirilen “Türkmen arçalaryny” hem synladylar. Türkmen arçasy Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň tabynlygyndaky meýdanlarda giňden ýaýran daragtlaryň biridir, arçalary ösdürip ýetişdirmekde goraghanada uly tejribeler toplandy. Ýurdumyzyň daglaryny bezeýän Türkmen arçasy barada Bekrewe tokaý hojalygynyň işgäri Aýjemal Çäşemowa arça agajy barada çagalara gürrüň berdi. Şeýle hem Garagum sährasynyň täsinlikleri barada «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgäri Aman Baýew ýaşlar bilen söhbetdeşlik gurnady. Goraghananyň edara binasynyň içini  täze ýyl öwüşgününe bezän suratkeş işgärimiz Öwez Amanowyň çeken suratlary bu dabarany has-da bezedi. Aýazbaba we Garpamyk hem-de çagalar goraghananyň “ýabany haýwanlaryň malhanasynda saklanýan gulany, jereni, oklykirpini, sülgüni, käkiligi we başga görnüşleri ýakyndan  synladylar. Çagalar Aýazbaba we Garpamyga  özleriniň täze ýyl hem-de tebigat barada bilýän goşgudyr-aýdymlaryny aýdyp berdiler. Aýazbaba çagalara  dürli sowgatlary gowşurdy. Ýaşlar ýurdumyzyň geljegi, olaryň ekologik bilimlerini ýokarlandyrmak, ýurdumyzyň gözel tebigatyna bolan söýgüni terbiýelemek – bu  tebigat bilen sazlaşykly ýaşamagyň syrlaryny ündän  ata-babalarymyzdan gelýän däp-dessurlaryň dowam edýändigini görkezýär hem-de goraghanalarda ekologik wagyz-nesihat işleri üstünlikli ýerine ýetirilýär.
                                        Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
                                        Ylmy bölüminiň başlygy
                                         Aknabat Potaýewa

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04