Türkmenistan boýunça 2024-nji ýylyň dekabr aýynyň 23-29-y aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty.

73
Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-3°С sowukdan +2...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+9°С-dan +12...+14°С aralygynda maýyl bolar.

 Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-11-den 12-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...-4°С sowukdan +1...+3°С aralygynda maýyl, gündizlerine +6...+8°С-dan +11...+13°С aralygynda maýyl bolar.

 Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Günorta-gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda      8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -2...+3°С-dan +2...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+14°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +6...+11°С maýyl bolar.

 Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ahyrynda ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5°С sowukdan +1...+6°С aralygynda maýyl, gündizlerine +7...+12°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl bolar.

 Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...-5°С sowukdan -1...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine   +7...+12°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl bolar.

 Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...-6°С sowukdan -1...+4°С aralygynda maýyl, gündizlerine                   +3...+8°-dan +9...+14°С aralygynda maýyl bolar.

 Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...-8°С sowukdan -4...+1°С aralygynda maýyl, gündizlerine                    -1...+4°С-dan +3...+8°С aralygynda maýyl bolar.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04