GARLY DAGLARYŇ TÄSINLIGI
58 Ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda geçirilýän ylmy –barlaglarda howanyň tebigata ýetirýän täsirlerini öwrenmek örän möhüm işleriň biridir. Şonuň üçin hem ýylyň ähli paslynda tutuş ekoulgama ýetýän täsirler düýpli öwrenilýär. Ygalyň bol ýagmagy daýhanlar üçin hem berekedi aňladýar, şeýle hem tebigatyň baýlyklarynyň köpelmegine amatly täsirini ýetirýär. 2024-nji ýylyň 14-nji dekabrynda, günüň ikinji ýarymynda ýagyp başlan gar türkmen tebigatyny ak dony bilen bezedi. Dynç alyş güni, ýagny 15-nji dekabrda «Saglyk ýolunyň» töwereklerinde, Marköw dagynda, dagetek ýerlerde ak garly tebigata gezelenje çykan raýatlara, suratçylara, myhmanlara gabat geldik. Biz öz ylmy barlagymyzy Marköw dagynda dowam etmek bilen gyş paslyndaky tebigatyň täsinlikleriniň maglumatlaryny hasaba aldyk. Ilki bilen ýagan garyň mukdary öwrenildi, ýagny garyň galyňlygy 10-20 sm golaý ýerleri hem bar, şeýle hem has çuň derelerde garyň 50 sm gowrak galyňlykda düşendigini anykladyk. Marköw dagy boýunça ýylyň ähli paslynda hem gözegçilik işleri geçirilip, ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň görnüş düzümi boýunça maglumatlar toplanýar. «Märköw» dagy pars sözünden gelip çykyp, ol “ýylanly ýer” diýmegi aňladýar, şeýle hem başga-ça “ýylan gowagy” hem diýilýär. Bu dagda hem beýleki daglyk ýerlerdäki ýaly ýylanlaryň dürli görnüşi gabat gelýär, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen göklorsyň hem esasy gabat gelýän meýdanlarynyň biri. Bu dagyň beýikligi 1530 m gowrak. Dagyň derelerinde türkmen kerkawy, dagdan, injir, ownuk miweli ülje giňden ýaýrandyr. Gyş pasly bolsa hem dagdan we kerkaw agaсlarynyň tohumlary käbir düýplerde azda-kände galypdyr. Garyň üstünde ýabany haýwanlaryň yzlaryny, umganyň hem-de käkilikleriň sürüsiniň yzlaryny synlamak has hem gyzykly. Garly dag belentliklerde depe syçançy, gaýa daşdeşeni, çekeýik, kiçi siňekçi, ekinçi garga, käkilik geçilen ýol ugurlarda görüldi. Biz öň geçiren ylmy gözegçiliklerimizde derelerde umgalary, sähra pişigini, samyry, käkilikleriň ýaýran ýerlerini surat enjamlaryň üsti bilen hem anykladyk. Märköw dagynyň biodürlüligini öwrenmek boýunça goraghanada maglumatlar gory toplanýar. Şeýle hem goraghananyň Germap meýdançasynda hem-de Garaýalçy tebigy ýadygärliginiň meýdanynda, Duşakerekdagynda gyş paslynyň gözegçilikleri geçirilip, dag goçlary we dag tekeleriň ýaýran ýerleri, alajagaplaňyň, manul pişiginiň ýaýran ýerleri hasaba alyndy. 2024-nji ýylyň ýanwar, fewral aýlary hem garly günler gözegçiliklerimizde hasaba alnyp, tebigatyň senenamasy – sahypalarymyzda belläpdik. Ynha ýylyň ahyrky günleri hem, ýagny täze 2025-nji ýylyň öňüsyrasynda ak garyň ýagmagy türkmen tebigatynyň berekedi – diýip ynamly belleýäris! Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
ylmy bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa