Aýyderäniň ýabany haýwanlary
86 Tebigatda ýaşaýan her bir jandaryň ekologiýasyny we biologiýasyny öwrenmek örän köp ylmy gözegçilikleri talap edýär. Şonuň üçin hem ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynda we başga tebigy meýdanlarynda yzygiderli ylmy gözegçilikler geçirilýär. 2024-nji ýylda Sünt-Hasardag, Köpetdag, Bathyz, Gaplaňgyr, Köýtendag, Amyderýa döwlet tebigy goraghanalarynda, şeýle hem Üstýurt belentliklerinde geçiren ylmy barlaglarymyzyň netijesinde köp ylmy maglumatlar toplandy. Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň gurnamagynda 2024-nji ýylyň sentýabr aýynda Sünt-Hasardag, Köpetdag, Bathyz, döwlet tebigy goraghanalaryň ylmy işgärleriniň we milli hem-de halkara bilermenleriň gatnaşmagynda Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň meýdanlarynda ylmy barlaglar geçirildi. Ylmy-barlaglar goraghananyň Hasar we Aýydere bölümlerinde geçirilip, çeşmeleriň ýagdaýlary öwrenildi, ösümlikler, guşlar we oňurgasyz haýwanlar boýunça hem gymmatly maglumatlar alyndy. Esasy gözegçilikler goraghananyň Aýydere jülgesinde geçirilip meýdanlarda ýabany haýwanlaryň yzlary hasaba alyndy we hereket duýujy surat enjamlary dürli dag derelere goýuldy. 2021-2023-nji ýyllarda hem bu derede ýabany haýwanlaryň we guşlaryň dürli görnüşi barada maglumatlar toplanyp goraghananyň “Tebigat ýyl ýazgylary” kitabynda ýazyldy. Hünärmenleriň gatnaşmagynda geçirilen iş saparynda 2021-nji ýylda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen goňur aýynyň Aýyderede hasaba alnan ýerleri öwrenilip, şol meýdanlarda hem surat enjamlary goýuldy. Tebigatyň täsin künjegi hasaplanýan Aýydere jülgesinden surat enjamlaryň üsti bilen alan maglumatlarymyz bizi örän begendirdi. Wideo şekilleriň maglumaty bilen ýabany doňuzlaryň sürüsini, samyry, tilkini, möjegi, gamyş pişigini, sähra pişigini, şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine girizilen itaýyny, syrtlany, oklykirpini, alajagaplaňy hasaba aldyk. Esasy täsin galdyran we gymmatly maglumat hem – 3 sany pişijekleri bilen ene alajagaplaňyň wideo şekilleri we suratlary. Aýyderede alajagaplaňyň köpelendigi baradaky alan ylmy maglumatymyz örän wajyp bolup, Gündogar, Merkezi, Günbatar Köpetdagyň her bir dag derelerinde ylmy barlaglaryň yzygiderli geçirilmeginiň zerurlygyny görkezýär. Türkmen tebigatynda ýaşaýan ýabany haýwanlaryň dürli görnüşleriniň ýaşaýşyny öwrenmek üçin ylmy gözegçilikleriň dowam edilmegi ýurt derejesinde we bütindünýäde Gyzyl kitaba girizilen ýabany haýwanlaryň görnüşlerini gorap saklamaga uly ýardam berer.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
ylmy bölüminiň başlygy Aknabat Potaýewa,
Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň
ylmy bölüminiň başlygy Çaryýar Tagyýew