Milli guramalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdirilişi ýokarlandyrmak
33Milli guramalaryň mümkinçiliklerini artdyrmak arkaly howanyň üýtgemegi bilen bagly maliýeleşdirilişi ýokarlandyrmak
2024-nji ýylyň 29-njy noýabrynda Aşgabatda Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi bilen bagly taslamalaryň maliýeleşdirilmegini ýokarlandyrmak boýunça ýörite tematiki taslamasynyň başlangyç maslahaty - howa we agroekologiýa boýunça maslahat beriş duşuşygy geçirildi. Bu taslamany Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) maliýeleşdirýar, Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasy (FAO) bolsa ony ýerine ýetirýär. Taslamanyň esasy hyzmatdaşy hökmünde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi çykyş edýär. Bu taslama Türkmenistanyň oba hojalyk ulgamynda howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmaga gönükdirilendir. Ýaşyl howa gaznasy (ÝHG) ýurtlara Pariž ylalaşygynyň çäklerinde Milli derejede kesgitlenen goşantda (MDKG) görkezilen maksatlara ýetmekde möhüm bolan maliýeleşdirmek ýardamyny berýär. Institusional mümkinçilikleri berkitmek bilen, taslama MDKG-niň çäginde howa bilen bagly meýilnamalar üçin tehnologiýalary we giňişleýin maýa goýum mehanizmleriniň toplumyny taýýarlamaga ýardam edýär. Hususan-da, taslama howanyň maliýeleşdirilmeginiň aç-açanlygyny, gyzyklanýan taraplaryň öz-ara utgaşdyrylyşyny kämilleşdirilmäge hem-de bu ugurda hususy pudagyň gatnaşygyny goldaýar.
Maslahatyň dowamynda maliýe guramalary – howanyň üýtgemegi bilen bagly tokaý hojalygy, agroekologiýa, oba hojalyk önümçiligi, ýerleriň şorlaşmasy, balykçylyk ýaly ugurlardaky taslamalary işjeň maliýeleşdirýän ýörite gaznalar hakynda maglumatlar aýdyldy. Türkmenistanda ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlar bilen bilelikde onlarça taslamalar durmuşa geçirilýär.
Pariž ylalaşygynyň çäklerinde howa bilen bagly taslamalaryň durmuşa geçirilmegini goldaýan iň uly gaznalaryň biri Ýaşyl howa gaznasydyr (ÝHG). Ýaşyl howa gaznasynyň (ÝHG) maliýeleşdirýän taslamalary esasan transport, energetika, senagat, oba hojalygy, tokaý hojalygy, howanyň üýtgemeniň täsirine sezewar bolan ykdysadyýetiň beýleki ugurlaryny öz içine alýar. Şeýle hem bu gazna ýurtlaryň Milli derejede kesgitlenen goşandynda (MDKG) görkezilen çäreleriň ýerine ýetirilmegini ugur edinýär.
2022-nji ýylyň maýynda Türkmenistan BMG-niň Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly Konwensiýasyna (BMG HÜÇK) öz Milli derejede kesgitlenen goşandyny (MDKG) resmi derejede hödürledi. 2025-nji ýylda bolsa MDKG-niň rejelenen görnüşini kabul etmek meýilleşdirilýär.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmeginiň çäklerinde Türkmenistanyň Ýaşyl howa gaznasy bilen hyzmatdaşlygyny has-da güýçlendirjek çäreleri taýýarlamak meýilleşdirilýär, bu bolsa geljekde bu gurama bilen bilelikde howanyň üýtgemegi bilen bagly taslamalary ýerine ýetirmäge giň mümkinçilikleri döreder.
FAO-nyň Merkezi Aziýa üçin Sebit bölüminiň Daşky gurşaw meseleleri boýunça hünärmeni Iwetta Zenina Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň (BMG FAO) adyndan esasy çykyş ediji bolup, howanyň üýtgemegine garşy agroekoulgamyň durnuklylygyny ýokarlandyrmakda guralan ýakyn hyzmatdaşlyk üçin döredilen ajaýyp şertler üçin Türkmenistanyň Hökümetine öz hoşallygyny aýtdy.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi howanyň maliýeleşdirilişini giňeltmekde ýurtlaryň mümkinçiligini ýokarlandyrar, şeýle hem Pariž ylalaşygynyň çäklerinde milli maksatlaryň ýerine ýetirilmegine, howanyň üýtgemegi bilen bagly meseleleriň toplumlaýyn esasda çözmäge ýardam eder.
Ýelena DOLGOWA, “NT”.