«Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi
188Şu gün paýtagtymyzyñ "Ýyldyz" myhmanhanasynda «Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmek boýunça hyzmatdaşlyk» atly halkara maslahaty geçirildi. “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda geçirilýän bu çäre Türkmenistanyñ Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan guralyp ýokary derejede geçirildi.
Maslahata ýurdumyzyň tebigaty goramak edaralarynyň we düzümleriniň ýolbaşçylary hem-de hünärmenleri, pudaklaýyn ministrlikleriň wekilleri, Ylymlar akademiýasynyň ekolog alymlary we ýokary okuw mekdepleriniň, jemgyýetçilik guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Maslahata daşary ýurtlardan köp sanly myhmanlaryň gatnaşmagy Türkmenistanyň iri halkara guramalar we ekologiýa ulgamynda dünýäniň ylmy-barlag merkezleri bilen hyzmatdaşlygynyň netijeli häsiýete eýedigine şaýatlyk edýär. Olaryň hatarynda BMG-niň Azyk we oba hojalygy
boýunça guramasynyň (FAO), Halkara atom energiýasy agentliginiň (MAGATE), Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw
boýunça maksatnamasynyň wekilleri gatnaşdylar.
Halkara maslahatda edilen çykyşlarda ekologiýa çäreleriniň häzir Türkmenistanyň ykdysady ösüşiniň täze ýagdaýyna, tutuş halk hojalygynda tebigatdan peýdalanmagyň düýbünden täze nusgasyna geçmek üçin esasa öwrülýändigi bellenildi.
Perman Hommatlyýew
Türkmenistanyñ Daşky gurşawy goramak ministrliginiñ
Sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy we ekologiýa habarlary bölüminiñ başlygy