Azyk howpsuzlygy we howanyň üýtgemegi
64Häzirki zaman şertlerinde ähliumumy parahatçylygy we dostlugy, şol sanda azyk howpsuzlygy ulgamynda hyzmatdaşlygy berkitmek Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň daşary syýasy strategiýasynyň möhüm ugurlarynyň hatarynda kesgitlenendir.
Azyk howpsuzlygynyň ähmiýeti howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynda hem ykrar edilýär. Köp ýurtlaryň howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we olaryň täsirlerini peseltmek boýunça meýilnamalarynda ilkinji nobatda obasenagat toplumyna uly orun bermegi munuň subutnamasydyr. Azyk howpsuzlygyny üpjun etmek üçin durnukly oba hojalyk tejribeleriniň ulanylmagy Merkezi Aziýa döwletleri üçin hem ileri tutulýan ugurdyr. Türkmenistan ýurdumyzda hem bu meselä uly üns berilip Hormatly Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda ýurdumyzyň oba senagat toplumynda düýpli özgertmeler durmuşa geçirilýär. Innowasiýalary we sanly tehnologiýalary giňden ornaşdyrmagyň hasabyna onuň işini kämilleşdirmek boýunça yzygiderli çäreler amala aşyrylýar, pudagyň gaýtadan işleýän bölegi döwrebaplaşdyrylýär. Şeýle hem ýurdumyzda azyk howpsuzlygyny üpjün etmek maksady bilen howanyň üýtmegi baradaky Milli strategiýanyň hem-de Milli tokaý maksatnamasynyň çäklerinde degişli çäreler dumuşa geçirilýär. Oba hojalyk önümçiligini howa şertlerine uýgunlaşdyrmak boýunça toplumlaýyn işler ýerine ýetirilýär. Durmuşa geçirilýän giň möçberli özgertmelerde ýer we suw serişdeleriniň rejeli peýdalanylmagyna, ekologik ugra uly ähmiýet berilýär. Türkmenistan bu ugurdaky halkara tagallalary goldamak bilen, bu meseleleri çözmek üçin geljegi nazarlaýan deňeçer çözgütleri işläp taýýarlamakda başlangyçly orny eýeleýär. Howanyň gyzmagy hem-de howa şertleriniň üýtgemegi oba hojalyk ekinlerini ýetişdirmekde töwekgelçilikleri döretýär. Şol bir wagtyň özünde howanyň üýtgemeginiň daşky gurşawa ýetirýän ýaramaz täsirini peseltmek, hususan-da parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak üçin oba hojalyk önümçiligine ekologik taýdan arassa “ýaşyl tehnologiýalary” ornaşdyrmak zerurlygy ýüze çykýar. Şunuň bilen baglylykda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak we onuň täsirlerini peseltmek ulgamyndaky öňdebaryjy dünýä tejribesiniň öwrenilmegi hem-de ulanylmagy aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Merkezi Aziýa üçin howanyň üýtmegi boýunça tehnologiýalaryň sebit merkezi bu wezipäni çözmekde netijeli gural bolup biler. Howanyň üýtgeýan şertlerinde azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň Durnukly ösüş maksatlarynda bellenen köp wezipeleri çözmek bilen baglanşyklydygy we bu işler köptaraply bolup halkara hyzmatdaşlygyň netijelliginiň ýokarlandyrylmagyny talap etýär. Türkmenistanyň BMG-niň Azyk we oba hojalyk guramasy bilen obasenagat toplumyny durnukly ösdürmek, azyk howpsuzlygyny üpjün etmek we daşky gurşawy goramak ýaly ulgamlarda hyzmatdaşlygy ösdürýär. Gurama oba hojalygy daşky gurşawyň täsirlerine uýgunlaşan usullar esasynda ösdürmekden azyk önümleriniň howpsuzlygyny üpjün etmek ulgamyny kämilleşdirmäge çenli Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmekde Türkmenistanyň ähli tagallalaryny işjeň goldaýar.
Bibituwak Nuralyýewa
Türkmenistanyñ Daşky gurşawy goramak ministrliginiñ
Sanly tehnologiýalar, maglumat howpsuzlygy we ekologiýa habarlary bölüminiñ hünärmeni