Ýerleriň zaýalanmagynyň neýtral balansy

67
Şu gün 2024-nji ýylyň 26-njy noýabrynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň mejlisler zalynda Türkmenistanda Çölleşmäge garşy göreşmek boýunça Milli Hereketler Maksatnamasynyň esasyny düzýän ýerleriň zaýalanmagynyň neýtral balansyny iş ýüzünde ulanmak boýunça iş maslahaty geçirildi. Maslahatyň dowamynda, BMG-niň Çölleşmäge garşy göreşmek konwensiýasynyň çemeleşmelerini we onuň ileri tutýan ugurlaryny göz öňünde tutup Merkezi Aziýa sebitinde ýerleriň zaýalanmagynyň neýtral balansyna ýetmek meselelerine seredildi. Howanyň üýtgemegi boýunça çarçuwaly konwensiýasy we beýleki konwensiýalaryň we başlangyçlarynyň çäklerinde tagallalaryň birleşdirilmegi çölleşmäge garşy göreşmek we ekoulgamlary gorap saklamakda netijeli goşant goşýandygy bellenildi.
Bu çäre, dürli döwlet pudak edaralarynyň ekologiýa, ýerden peýdalanmak hem-de durnukly ösüş ugry boýunça işleýän bilermenler gatnaşdylar.
Maslahata gatnaşyjylar, ýerleriň zaýalanmagyna baha bermegiň usullaryny kesgitlemek, hemra arkaly aralykdan gözegçilik etmek, meýdan şertlerinde ylmy-gözleg we ýer kadastry maglumatlaryny ulanmak, şeýle hem ýerleriň zaýalanmagynyň neýtral balansyna esaslanýan baha beriş netijelerini düşündirmek bilen baglanyşykly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Mundan başga-da, dürli ýerleriň zaýalanmagynyň görkezijilerini kesgitlemekde dürli çemeleşmeler hem-de global we milli aýratynlyklary göz öňünde tutmak zerurlygy bellenildi. Ýerleriň zaýalanmagynyň neýtral balansy ýörelgeleriniň ýurduň dürli meýilnamalaşdyryş we strategiki ösüş derejelerinde ornaşdyrylmagyna aýratyn üns berildi. Ýerleriň zaýalanmagynyň neýtral balansyny milli derejede kabul edilýän maksatnamalarda, meýilnamalarynda we ösüş strategiýalarynda göz öňünde tutup, ýol kartasyny işläp düzmek boýunça çemeleşmeler hödürlendi.
Geçirilen iş maslahaty ýerleriň durnukly dolandyrylmagy hem-de ýerleriň zaýalanmagynyň öňüni almak we bu ugurda tejribe we bilim alyşmak babatda möhüm çäre boldy. 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04