SAKGALLY GARAGUŞYŇ GÖZLEGINDE

72
    Tebigatymyzda ýaşaýan her bir ýabany haýwanyň  ýaşaýan ýerini, olaryň biologiýasyny we ekologiýasyny öwrenmek  boýunça geçirilýän ylmy işler öz netijesini berýär. Görnüşler boýunça takyk ylmy maglumatlary ýygnamak üçin birnäçe ýyllaryň dowamynda ylmy gözegçilikleri geçirmek zerur bolýar. Ýurdumyzyň ýabany haýwanlarynyň arasynda guşlaryň görnüşi  440-dan gowrak bolup, olaryň 39 görnüşi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň sanawuna girizildi. Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň arasynda Sakgally garaguş (Gypaetus barbatus)  Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde hem duş gelýär. Ol başga-da  Köpetdagyň birnäçe derelerinde, Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Bathyzda, Garabilde, Köýtendagda  hasaba alyndy. Sakgally garaguş oturymly görnüş, onuň esasy ýaşaýan ýerleri beýik dag guşaklykdaky uçut gaýaly derelerdir, jülgeler. Bu ýyrtyjy guşuň köpelýän döwrüni öwrenmek has hem täsin maglumatlaryň biridir. Gyş aýlary, ýagny dekabrdan-fewral aýy aralygynda olar köpelýär,  daglaryň ýokarky kemerlerinde arçalyk zolaklarda höwürtgelerini gurýarlar. 1-2 sany ýumurtga goýýar. Iýun aýynda ýaş jüýjeleri uçup başlaýar.  Gazaply gyşda höwürtgeläp, neslini ulaldyp, gorap, uçuşa taýýarlaýan bu guşyň ýaşaýyş syrlaryny öwrenmek diýseň gyzykly. Şonuň üçin hem dag kertlerini ünslije barlaýarys. Duşakerekdagy, Mürzedagy, Germapda we başga birnäçe meýdanlarda ýol ugurlarda sakgally garaguşyň gabat gelşi hasaba alyndy. “Garaýalçy hoz tokaýlygynyň”  deresinde  onuň höwürtgeleýän ýeriniň bardygy anyklanyp takyk maglumatlary almak üçin  ylmy iş saparlar birnäçe gezek geçirildi. 2022-2023-nji ýyllarda, awgust-sentýabr aýlarynda geçirilen barlaglarda  ýaş guşlar derelerde hasaba alyndy. Bu ýyrtyjy guşyň beýik kertlerde iýmitlenýän ýerleri görüldi, olar esasan hem ýabany toýnakly haýwanlaryň, öý haýwanlaryň maslyklary, pyşdyllar we başga ownuk jandarlar bilen iýmitlenýärler. 2024-nji ýylyň noýabr  aýynyň ilkinji günleri Garaýalçy deresine golaý “Suwly derede” geçirilen barlagymyzda sakgally garaguşyň   höwürtgede oturan pursatyny surata düşürmäge mümkinçilik boldy. Derede al-asmandan gaýyp uçup başlanda olaryň 2 sanydygy anyklanyldy. Guşlaryň höwürtgesiniň içini  abatlaýandygyny görmek bolýardy.  Bu höwürtgäni öwrenmegiň wajypdygy bellenip ýerleşýän ýeriniň doly koordinatlary alyndy.  Umuman Garaýalçy hoz tokaýlygy deresi ýabany haýwanlaryň birnäçesiniň tebigy ojagy hasaplanýar. Biziň geçiren gözegçiliklerimizde surat gapanlaryň kömegi bilen  alajagaplaňyň, sähra pişiginiň, samyryň, oklykirpiniň, tokaý sonýasynyň, tilkiniň, dag tekesiniň, dag goçlarynyň wideo suratlarynyň maglumaty alyndy. Sakgally garaguşyň  bu derelerde alynýan suratlary her ýyldaky  goraghananyň “Tebigat ýyl ýazgylar” kitabynyň sahypalarynda görkezilýär. Biz bu dag kertlerdäki höwürtgäni dürbüniň kömegi bilen görmek bilen sakgaly garaguşyň jüýjelerini synlamaga garaşýarys.
                        Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň 
                        Ylmy bölüminiň başlygy
                        Aknabat Potaýewa

 
 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04