DAŞKY GURŞAWYŇ ARASSALYGY – GELJEGIMIZIŇ KEPILI
42Daşky gurşawy goramak Türkmenistanda durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Biziň ýurdumyzda ykdysady we durmuş ulgamlaryndaky giň möçberli özgertmeleriň maksatnamalary ähli babatda adamlaryň abadançylygynyň aýrylmaz şerti bolan ekologiýa bilen ysnyşykly baglanyşyklydyr. Milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda innowasiýalara esaslanýan, serişde tygşytlaýjy öňdebaryjy tehnologiýalar ornaşdyrylýar, howanyň arassalygyna, gurulýan zawodlaryň we fabrikleriň, beýleki desgalaryň ekologiýanyň talaplaryna laýyklygyna gözegçiligiň netijeliligini artdyrmak maksady bilen giň gerimli çäreler durmuşa geçirilýär. Olar boýunça daşky gurşaw üçin howpsuzlyk babatda hökmany tertipde degişli seljermeler geçirilýär. Türkmenistan daşky gurşawy goramak meseleleriniň çözgüdine örän jogapkärli çemeleşmek bilen, bu ugurda maksatnamalaýyn işleri yzygiderli amala aşyrýar.
Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda ýurdumyzda bilim ulgamynyň esasy ugurlarynyň biri bolan ekologiýa boýunça bilim bermegi kämilleşdirmekde hem köp işler durmuşa geçirilýär. Türkmenistanyň Konstitusiýasyna, “Bilim hakyndaky” we “Tebigaty goramak hakyndaky” Kanunlaryna laýyklykda, ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzyň ekologiýasy we daşky gurşawy goramak baradaky okuw sapaklary okadylýar. Ýurdumyzda Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni, Bütindünýä saglyk güni ýaly baýramçylyk dabaralarynyň, tebigaty goramak boýunça okuw maslahatlarynyň şeýle hem ýylda bag ekmek çäreleriniň geçirilmegi ýaşlaryň terbiýesi üçin möhüm ähmiýete eýedir. Ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, Diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek, onuň ösümlik we haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmak, gözel tebigatymyzy aýawly we ekologiýa taýdan arassa saklamak boýunça giňden çäreler alnyp barylýar. Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda 2024-nji ýylyň 16-njy martynda ýurdumyzda ýazky bag ekmek möwsümi badalga aldy. Mälim bolşy ýaly, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararyna laýyklykda, şu ýylyň dowamynda ýurdumyz boýunça dürli agaçlaryň 3 million düýbüni oturtmak bellenildi. Biziň paýtagtymyzda köpçülikleýin bag ekmek dabarasy gurluşygy dowam edýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň golaýynda badalga aldy. Aşgabatlylaryň 15 müňden gowragy bu çärä işjeň gatnaşdylar, olar pürli agaçlaryň 11 müň 595 we saýaly bag nahallarynyň 12 müň 500 düýbüni oturtdylar. Arkadag şäheriniň ýaşaýjylarynyň 1400-si “ýaşyl” tehnologiýalar bilen enjamlaşdyrylan bu mekany has-da abadanlaşdyrmak, bagy-bossanlyga beslemek maksady bilen, umumymilli zähmet baýramçylygyna badalga berdiler. Polatly we Akhan binalarynyň aralygynda 10 gektar ýerde oturdylan 4 müň 180 düýp bag nahallarynyň şäheriň ekologiýa ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga ýardam berjek görnüşlerine aýratyn orun berildi. Ahal welaýaty boýunça bag nahallaryny oturtmak dabarasy Ak bugdaý etrabynyň Bereketli zaman şäherçesiniň çäginde geçirildi. Ýörite saýlanyp alnan 10 gektar ýerde pürli bag nahallarynyň 4 müň düýbi oturdyldy. Balkan welaýaty boýunça ýazky bag ekmek möwsümine badalga berýän ählumumy zähmet baýramçylygyna 42 müň 116 adam gatnaşdy. Olar agaç nahallarynyň 41 müň 372 düýbüni oturtdylar. Daşoguz welaýaty boýunça bag ekmek dabarasynda 10 gektar ýerde miweli hem pürli agaçlaryň 4 müň, welaýatyň çäginde 30 müňden gowrak adamyň gatnaşmagynda agaç nahallarynyň jemi 68 müňden gowragy oturdyldy. Lebap welaýaty boýunça ýazky bag ekmek möwsümine badalga beriş dabarasyna adamlaryň müňden gowragy gatnaşyp, 10 gektar ýere dürli agaçlaryň 4 müň düýbüni oturdyp, tebigata söýgüniň, asylly zähmetiň belent nusgasyny görkezdiler. Ählihalk bag ekmek dabarasynyň joşguny Mary welaýatynyň hem tutuş çägini gurşap aldy. Bu asylly işe welaýat boýunça zähmetkeşleriň 17 müň 75-si bag nahallaryny oturtmak, 57 müň 475-si ösüp oturan agaçlara ideg etmek arkaly gatnaşdylar.
Watanymyzy bagy-bossanlyga öwürmek ugrunda alnyp barylýan bu asylly işler hem daşky gurşawyň we tebigatyň ygtybarly goralmagyna, geljekki nesillere ýetirilmegine oňyn şert bolup durýar. Ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň, daşky gurşawyň arassalygynyň üpjün edilmegi we klimatyň üýtgemeginiň täsirleri bilen baglanyşykly degişli barlaglardan hem-de ekologiýa taýdan arassa galyndysyz tehnologiýalary işläp taýýarlamakdan Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň Daşky gurşawy goramagyň tehnologiýalary barlaghanasynyň alymlary tarapyndan häzirki wagtda ekologiýany goramak, suwuň, topragyň, howanyň barlaglaryny geçirmek, oba hojalygy üçin ekologiýa taýdan arassa dökünleri öndürmegiň tehnologiýalaryny işläp düzmek, önümçilik kärhanalary üçin ekologiýa pasportyny taýýarlamak ýaly işler alnyp barylýar.
Diýarymyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasaty dünýä döwletleri tarapyndan makullanylýar we ýokary baha berilýär. Ýer we suw baýlyklaryny goramak, biologiýa dürlüligi gorap saklamak, çölleşmä garşy göreş, Hazar deňziniň arassaçylygyny goramak, Garagum sährasynyň ekologiýasy ýaly ugurlarda durmuşa ornaşdyrylýan işleriň her biri boýunça oňyn tejribe toplanandygyny aýtmak bolar. Ýurdumyzda bütin adamzat üçin ähmiýetli bolan daşky gurşawyň ekologiýa ýagdaýyny gowulandyrmaga degişli çäreleriň yzygiderli alnyp barylmagy bilen bu ugurda giň gerimli ekologiýa taslamalary durmuşa geçirilýär.
Daşky gurşawy goramak bilen bagly wajyp meseleleriň çözgüdine goşant goşup gelýän döwletimiz, dünýädäki halkara guramalar bilen bilelikde örän köp ähmiýetli işleri alyp barýar. Döwletimiziň alyp barýan ekologiýa syýasatynda adam bilen tebigatyň sazlaşygyny gazanmak esasy şert bolup durýar.
Ogulnar Meredowa ,
Hallygözel Myradowa ,
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň
Halkara ylmy-tehnologiýa parky.
Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak žurnaly