GYZYL KITAPDA DERMANLYK ÇOMUÇLAR BARADA

107
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň parasatly baştutanlygynda daşky gurşawy goramak, onuň baýlyklaryny artdyrmak we aýawly peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek ugrunda alnyp barylýan işler häzirki wagtda aýratyn derwaýys häsiýete eýedir. Ýurdumyzda tebigaty goramak boýunça yglan edilen döwlet syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekde, beýleki ulgamlar bilen bir hatarda, tebigatymyzyň ösümlikleriniň biologiýa taýdan dürlüligini gorap saklamak we ony artdyrmak meselesine hem möhüm orun berilýär. Şeýle-de, daşky gurşawy goramakda, döwletimiziň bütindünýä ekologiýa giňişligine netijeli we sazlaşykly goşulyşmagyny üpjün etmekde alnyp barylýan işleriň ähmiýeti örän uludyr.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň: “Ýurdumyzda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden hem-de tebigy baýlyklarymyzy rejeli peýdalanmakdan, ösümlik we haýwanat dünýämizi baýlaşdyrmakdan, gözel tebigatymyzy aýawly saklamakdan, ony geljekki nesillerimize has-da gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr.” – diýip bellemegi, daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerini ruhlandyryp, täze zähmet üstünliklerine ýol açýar.
     Ýaşaýşymyz üçin zerur bolan zatlary, şol sanda  dermanlyk ösümliklerini hem bize türkmen tebigatynyň bolçulyk bilen eçilýändigi mälimdir. Türkmenistanyň tebigatynda hiç ýerde duş gelmeýän endemiki dermanlyk ösümlikleriň ösýändigini bellemek zerurdyr. 
     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy  Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynyň çykmagy bilen türkmen halk lukmançylygynda peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleri hemmetaraplaýyn ygtybarly öwrenmeklige giň ýol açyldy. Gahryman Arkadagymyzyň bu kitaby alymlara, talyplara, okuwçylara we beýleki ösümlikler bilen gyzyklanýan adamlara ýol görkeziji bolup hyzmat edýär. 
     Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasyndan gözbaş alýan milli ekologiýa kanunçylygynda tebigatyň we daşky gurşawyň ähli baýlyklaryny goramaga, rejeli peýdalanmaga gönükdirilen düzgünler bar. Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 53-nji maddasynyň: “Her bir adamyň jany we saglygy üçin amatly daşky gurşawa, onuň ýagdaýy barada hakyky maglumata we ekologiýa kanunçylygynyň bozulmagy ýa-da tebigy betbagtçylyk netijesinde saglygyna we emlägine ýetirilen zyýanyň öweziniň dolunmagyna hukugy bardyr. Döwlet ilatyň sagdyn ýaşaýyş şertlerini goramak we üpjün etmek, daşky gurşawy goramak we onuň durnukly ýagdaýyny saklamak maksady bilen tebigy baýlyklaryň rejeli peýdalanylyşyna gözegçilik edýär. Her bir adam tebigaty goramaga, daşky gurşawa we tebigy baýlyklara aýawly çemeleşmäge borçludyr”diýen ýörelgeleýin kadalary ekologiýa kanunçylygynyň çygryndaky ähli hukuk namalarynyň mazmunynda aýdyň şöhlelenýär. Bu ekologiýa ýörelgesi ýörite kanunçylykda anyklaşdyrylýar we durmuşa geçirmegiň hukuk gurallary bilen üpjün edilýär.
     Häzirki wagtda botanikler, biologlar we beýleki şu ugurdan işleýän alymlarymyz ylmyň ýeten derejesini giňeltmek bilen, ozal peýdalanylýan dermanlyk ösümlikleriň görnüşlerini hem-de olaryň ulanyş çägini hem artdyrmak ugrunda ylmy barlaglary geçirýärler, bu bolsa adamlaryň saglygyny berkitmekde mümkinçilikleri döredýär. Sebäbi, ylmy lukmançylygynda köp sanly dermanlyk ösümlikleriň keselleri bejerijilik häsiýetleriniň ýüze çykarylandygyna garamazdan, olaryň häzire çenli ýeterlik öwrenilmedik ýa-da täze mälim edilen görnüşleri hem doly öwrenmek boýunça işler öňde durýar. Bu ýerde milli alymlarymyz tarapyndan ýakynda taýýarlanyp, 2024-nji ýylda çap edilen Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň nobatdaky dördünji neşiri barada aýtmak ýerlikli bolar. Bu kitabyň öň çap edilen üç sany neşiri (1985; 1999; 2011ýý.) hem gaýtadan işlenilip, ösümlikleriň berk goraga mätäç hem-de gelejekde doly öwrenilmäge degişli bolan görnüşleri hasaba almak bilen, olar biri-biriniň üstüni doldurýandygy bilen ähmiýetlidir.
  Hormatly Prezidentimiz 2024-nji ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine we ýurdumyzyň halkyna Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä güni mynasybetli ugradan gutlag hatynda şeýle belläp geçýär: “Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr. Ýurdumyzyň tebigy goraghanalarynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerlerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanan hazynalar çeşmesidir. Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralmagynyň hem-de köpeldilmeginiň diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem, sebitde we bütin Ýer ýüzünde biologik dürlüligi gorap saklamaga hem mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn”.
       Ýokarda aýdylanlara mysal görnüşinde, adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda we esasan iç kesellerini hem-de beýleki birnäçe keselleri bejermekde ulanylýan, ösümlikleriň arasynda dermanlyk häsiýetleri bilen naýbaşylarynyň hasaplanýan, ýurdumyzda “çomuç” (Ferula L.) ady bilen häsiýetlendirilýän ösümlik barada aýtmak ýerlikli bolar. “Türkmenistanyň ösümliklerini kesgitleýji” (W.W.Nikitin, A.M.Geldihanow, 1988) atly kitapda çomujyň şol wagtda ylymda mälim bolan 20 sany görnüşiniň ýazgylary getirilýär. Häzirki wagtda çöl görnüşlerinden Gyzyl kitabyň dördünji neşirine ilkinji gezek çomujyň goraga mätäç üç görnüşi goşuldy. 
       Garagum çomujy (Ferula karakumica Geld. et A.V.Pavlenko, 2019) – boýy 20–40 sm bolan, köpýyllyk monokarpik, otjumak ösümlik, hojalyk aýratynlyklary ýeterlik öwrenilmedik. Tohumyndan köpelýär. Maý‒iýun aýlarynda gülleýär we miweleýär. Ýaýran ýerleri Merkezi Garagum (Gamyşly, Orta Uzboý jülgesi, Türkmen kölüniň günorta töwerekleri, Üçtagan çägeliginiň günorta ýakalary).  Garagum çomujy çägeli eňňitlerde bitýär. “Bereketli Garagum” döwlet tebigy goraghanasynda goralýar.                    
      Porsy çomuç (Ferula foetida (Bunge) Regel, 1878), – boýy 100–120 sm bolan köpýyllyk, gymmatly dermanlyk, ot-iýmlik, efir ýagy alynýan we bezeg ähmiýetli ösümlikdir. Mart‒maý aýlary gülleýär, maý‒iýun aýlary miweleýär. Onuň ýaýran ýerleri Üstýurt; Üňüzaňyrsy (Damly, Sarygamyş), Demirgazyk-Günbatar (Üçtagan, Çilmämmetgum, Gumsebşen, Çölüňgyr), Merkezi (Böwrüdeşik,  Akmolla, Minara), we Günorta-Gündogar (Garabekewül) Garagum çöli;  Bathyz; Köýtendag. Porsy çomuç berkişen çägeliklerde, gyrlarda bitýär. “Bereketli Garagum” we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalarynda goralýar.  
   Täjik çomujy (Ferula tadshikorum Pimenov, 1979) – boýy 80–120 sm bolan köpýyllyk,  monokarpik gymmatly dermanlyk, ot-iýmlik, efir ýagy alynýan we bezeg ähmiýetli ösümlikdir. Aprel‒maý aýlary gülleýär, maý‒iýun aýlary miweleýär. Onuň ýaýran ýerleri Köýtendag (Meýdan, Garabelent, Hojagarawul, Hojeýpil we Köýten obasynyň töwerekleri). Täjik çomujy berkişen daglaryň orta guşaklarynyň toýunsow toprakly we daşly ýapgytlarynda, dürli reňkli dag jynslarynyň ýüze çykýan ýerlerinde, çeşme-çaýlaryň gurak hanalarynda bitýär. Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynda goralýar. 
      Çomujyň ýene-de bir görnüşi ýa-da başgaça aýdylanda, biziň tebigatymyzda duş gelýän onuň ýigrimi ikinji görnüşi – agaçlaşan baldakly çomuç (Ferula хylorhachis Rech.f.) häzirki wagtda ýerli alymlar tarapyndan öwrenilip bioekologiýa taýdan ýazgylary düzülenden soňra, ony hem Gyzyl kitabyň geljekki neşirine girizilmegi mümkin diýip hasaplanýar.
      Çomujyň Garagumuň jümmüşinde, gyzgyn çägede ösüp, boý alyp, ýetişip bilýändigi, Günüň nurunyň iň gyzgyn howasyndan demini sorup ulalýandygy, onuň köp keselleri bejermekde ygtybarly serişde hökmünde ulanylmagyny häsiýetlendirýär. Onuň düzümi witaminlere we beden üçin peýdaly dürli maddalara baýdyr. Adamyň kesele garşy göreşijilik ukybyny ýokarlandyrmakda ösümlikleriň arasynda çomujyň dermanlyk häsiýetleri barada Gündogaryň orta asyr alym-lukmany Abu Aly ibn Sina “Lukmançylyk ylmynyň kanunlary” atly kitabynda giňişleýin beýan edýär. Bu babatda Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik kitabynda çomujyň halk lukmançylygyndaky ulanylýan görnüşleri barada giňişleýin maglumatlaryň berilýändigini ýatlamak ýerlikli bolar. 
     Türkmen halk lukmançylygynda çomujyň köki, baldagy, miwesi giňden ulanylýar. Ol adam bedeniniň dem alyş we iýmit siňdiriş kesellerini bejermekde, sowuklamada gakylygy goparyjy häsiýetiniň ähmiýeti örän uly bolup, sowuklama keselleriniň öňüni almakda, wiruslara we bakteriýalara garşy göreşmekde, howply çiş keselleriň öňüni almakda, şeýle hem iç kesellerine garşy peýdalanylýar. 
      Alymlaryň hasaplamalaryna görä, çomujyň dünýäde 200-den gowrak görnüşiniň bardygy we Türkmenistanda olaryň 22 görnüşiniň duşýandygy barada aýdylýar. Türkmen sährasynyň dermanlyk çomujyny doly öwrenmek üçin alymlaryň öňünde bu ugurda ýene-de uly işler durýar.
       Biziň ata-babalarymyz çomuç barada: “Çomujy gumuň, dermany emiň” diýmek bilen, ýarawsyzlygy bolan adamlaryň bu ösümlikden goldaw tapandyklaryna  saýatlyk edip aýdyp geçipdirler. Diýarymyzda Günbatar Garagumda, Üstýurtda, esasanam Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy etrabynyň, Mary welaýatynyň Tagtabazar etrabynyň çäklerinde, Amyderýanyň we Garagum derýasynyň kenarýaka çäklerine ýanaşyk çöl ulgamlarynda hem-de beýleki sähralyk ýerlerde çomujyň dürli görnüşleri gabat gelýär. Dürli çäklerde bitýän çomuç tagamy we düzümi bilen tapawutlanyp, biri-birinden pes gelmeýär. 
      Çomuç köpýyllyk ösümlik bolsada, ol bir gezek miweleýär (monokarpik). Çomujyň ösüşinde, onuň palajynyň ortasynda ömrüniň 7–8  ýylynda gül götereji baldak peýda bolup, ganatlyja miweleri getirýär. Gumuň  çägesinde biten çomujy toýunly ýeriň çomujy bilen deňeşdirilende ol süýjüräk tagamly bolýar. Çomujyň ýokarky böleginiň aşaky seredeniňde ajyrak tagamynyň bolýanlygy sebäpli, iýmitlik üçin ulanylanda onuň ýokarsynyň iki garyş töweregini ýygylan wagtynda kesip aýyrýarlar.
Adam saglygy hakynda aladany ilkinji orunda goýýan Hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen, ýurdumyzyň gaýtalanmajak, özboluşly tebigatyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmek hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmek, şol sanda halk lukmançylygynda peýdalanylýan ösümlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek işlerine uly mümkinçilikler döredilýär. Dermanlyk ösümlikleriň tebigy düzüminiň düýpli öwrenilmegi, olary bedende belli elementleriň ýetmezçiliginde ýüze çykýan keselleriň bejeriş serişdeleri hökmünde hödürlemäge, çomuçdan we beýleki ösümliklerden täze derman serişdeleriniň döredilmegine hem-de öndürilmegine mümkinçilik berýär.                                     Daşky gurşawy goramak, ösümlik dünýäsini baýlaşdyrmak, olary rejeli peýdalanmak baradaky ýurdumyzda alnyp barylýan ekologiýa syýasatyny durmuşa geçirmek, ösümlikleriň biologiýa taýdan dürlüligini geljek nesillerimize ýetirmek boýunça geçirilýän işlere işjeň gatnaşmak alymlar, mugallymlar we ählimiz üçin derwaýysdyr.
   
  
Gülnabat Jumamyradowa,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň 
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty,   
Mahym Nazarowa, 
Aşgabat şäheriniň tebigy ugurly dersleri 
çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 
“Beýik Serdar nesilleri” adyndaky 75-nji orta mekdebi 
                      

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04