Türkmenistanyň DIM-nde Daşky gurşawy goramak meseleleri we Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýany ösdürmek mümkinçilikleri boýunça brifing geçirildi

109

2024-nji ýylyň 12-nji sentýabrynda Türkmenistanyň DIM-nde «Aşgabat şäherinde Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkezini döretmek» we «Türkmenistanda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ösdürmek» boýunça brifing geçirildi.

Çärä Türkmenistanyň degişli pudak edaralarynyň, Türkmenistanda akkreditlenen daşary ýurtlaryň hem-de halkara guramalaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda Merkezi Aziýa ýurtlary üçin Howa tehnologiýalary boýunça sebit merkeziniň geljekki işiniň esasy ugurlaryny we agzalan pudakda Türkmenistanyň Prezidentiniň öňe süren başlangyjynyň ähmiýetini nygtady. Merkeziň esasy maksadynyň Merkezi Aziýa ýurtlary sebitinde howanyň üýtgemegi babatda tehnologiýalary ornaşdyrmakdan we işe girizmekden hem-de sebitiň bu ugurda tehnologik ösüşine ýardam bermekden ybarat boljakdygy bellenildi.

BMG-niň Türkmenistandaky Hemişelik utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko agzalan başlangyjyň daşky gurşawy goramak babatynda öňde goýulan bilelikdäki maksatlara ýetmek üçin tagallalary birleşdirmekde möhüm ädime öwrülendigini nygtady.

Brifingiň dowamynda daşky gurşawy goramak, howanyň üýtgemegi we ekologiýa ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary we geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem çäräniň gün tertibine tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak, energiýa netijeliligini ýokarlandyrmak we Türkmenistanda alternatiw «ýaşyl» energiýa çeşmelerini işjeň ulanmak bilen baglanyşykly meseleler degişli edildi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04