Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda güýz gözellikleri

81
                   Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň görkezmesiniň esasynda 2024-nji ýylyň 3-nji 8-nji sentýabry aralygynda tebigy baýlyklaryň hazynasy hasaplanýan Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynda ylmy gözegçilikler geçirildi. Meýilleşdirilen ylmy gözegçilikleriň esasy maksady goraghanada ýaýran ýabany haýwanlaryň biodürlüligini öwrenmekden ybaratdyr. Goraghananyň ylmy-barlag işleriniň meýilnamasyna laýyklykda ýurdumyzyň beýleki goraghanalary, ýagny Köpetdag we Bathyz döwlet tebigy goraghanalarynda ýerine ýetirilýän ylmy işler boýunça ylmy tejribeler hem alşyldy. Iş saparynda ylmy-barlaglar goraghananyň Merkezi bölüminden başlandy. “Dam-dam” ady bilen belli çeşmäniň daş-töwereginde agaçlaryň we gyrymsy agaçlaryň dürli görnüşi ösýär,  bu çeşme ýabany haýwanlar üçin hem esasy suw güzeri hasaplanýar. Çeşmä ýekegapanyň, alajagaplaňyň hem-de dürli guşlaryň suwa gelýändigi anyklanyldy. Soňra ylmy gözegçilikler goraghananyň Aýdere jülgesinde dowam edildi. Aýdere jülgesiniň adyna başga-da “Aýydere jülgesi” hem diýilýär. Alym Soltanýaz Atanyýazowyň “Türkmenistanyň geografik atlarynyň düşündirişli sözlügi” atly kitabynda (1980)  «Magtymguly etrabynda (öňki ady Garrygala) gözel jülge we oba. Şol ýeriniň daglarynda köp aýy bolupdyr, derede hoz agaçlarynyň kändigi üçin aýylar hem köp gelýän ekeni» diýip belleýär. Başga-ça hem şol ýerlerde aýy tiresiniň ýaşandygy bilen hem düşündirilýär.  2021-nji ýylyň noýabr  aýynda goraghananyň ylmy bölüminiň gurnan hereket duýujy surat enjamynda bu derede aýynyň hasaba alynmagy täsin maglumat boldy. Sebäbi birnäçe ýyllaryň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen goňur aýynyň ýaýrawy barada maglumatlar ýokdy. Goraghananyň meýdanlarynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirine (2024ý.)  girizilen ösümliklerden ýabany miweli agaçlaryň dürli görnüşi adaty hoz, alyç, türkmen armydy,  türküstan rýabinasy ýaly ýabany miweli agaçlaryň ýaýran ýerleri barada goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy Çaryýar Tagyýew gürrüň berdi. Ç.Tagyýew goraghanada birnäçe ýyllardan bäri zähmet çekýär, onuň esasy ylmy işi goraghananyň ösümlik dünýäsini öwrenmekden ybarat. Senýabr aýynda tebigatymyzyň güýz gözellikleri gözüňi dokundyrýar, Aýdere jülgesinde tebigy jeňňelikleriň içinde dürli ýabany miweli agaçlara gözüň düşýär, esasan hem bu ýyl alyçlar, itburun gowy hasyl getiripdir. Türkmen  kerkawynyň gyzylymtyl ýapraklary derelere has hem bezeg berýär, şeýle hem uzak ýaşly hoz agaçlary haýran galdyrýar. Şeýle hem goraghananyň meýdanlary üzümiň hem ýabany kowumlaryna baý. Goraghananyň çäklerinde Meýeriň şept agajy hem gabat gelýär. Meýeriň şept agajy ösümlikleriň Şeptler maşgalasyna degişli ýeke-täk görnüşdir. Görnüşiň ylmy ady  - Thelycrania meyeri. Bu daragt umuman Günorta-Günbatar Köpetdagyň meýdanlarynda ýaýrandyr. Bu ýyl onuň hasylynyň ýokarydygyny goraghananyň ylmy işgärleri bellediler. Aýdere jülgesiniň içinden akýan dag çeşmesinde balyklaryň sürüsi dury suwda aýdyň görünýär. Biziň iş saparymyzyň esasy maksady Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen alajagaplaňyň, goňur aýynyň, syrtlanyň, manul pişiginiň, aýragyň ýaýran ýerlerini, sanyny anyklamakdan ybarat bolup, dürli ýerlere hereket duýujy surat gapanlary gurnaldy. Ýabany haýwanlary hasaba almakda ulanylýan täze tehnologiýalar, usulyýetler  barada goraghananyň inspektorlaryna H.Nuryýewe, D.Bozaganowa, P.Gurbanowa, H.Sähetmyradowa  Bathyz döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy N.Hudaýkulyýew  gürrüň berdiler. Şeýle hem goraghanada ýaýran süýdemdiriji haýwanlaryň we ýyrtyjy guşlaryň görnüş düzüminini anyklamaga Türmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň agzasy H.Hojamyradow uly ýardam berýär. Iş saparynyň dowamynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen maslykçy we sakgally garaguşy hasaba alyndy. Geçirilen ylmy iş saparyň dowamynda mör-möjeklerden hudaýatylar, taýajyk görnüşliler,  göniganatlylar, teňňeganatlylar, teneçiler, deňganatlylar, ýasmyklar, gatyganatlylar, perdeganatlylar, ikiganatlylar otrýadlaryna degişli  dürli görnüşler boýunça maglumatlar toplandy. Ylmy çeşmelerde halypa alymlarymyzyň belleýşi ýaly Sünt-Hasardag döwlet tebigy goraghanasynyň tebigy baýlyklary  hazynalar çeşmesidir, onuň ygtybarly goragynyň üpjün edilmegi we ylmy tarapdan öwrenilmegi Merkezi Aziýa sebitiniň, esasan hem bütin dünýäniň tebigy baýlyklarynyň genofondunyň  goralyp saklanmagy üçin uly ähmiýete eýedir. 

    Aknabat Potaýewa
    Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň 
    Ylmy bölüminiň başlygy    

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04