Hazar deňzini gorap saklamak boýunça taslamanyň işlenip taýýarlanylyşy ara alnyp maslahatlaşyldy
902024-nji ýylyň 13-nji awgustynda Awaza milli syýahatçylyk zolagyndaky Hasyl myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Bütindünýä ekologiýa gaznasy (GEF) tarapyndan maliýeleşdirilmegi we Bütindünýä Banky we BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (ÝUNEP) tarapyndan Türkmenistanda, Azerbaýjanda we Gazagystanda Hazar deňziniň daşky gurşawyny toplumlaýyn dolandyrmak boýunça ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilýän taslamany işläp taýýarlamak boýunça pikir alyşmak maksady bilen tegelek stol maslahaty geçirildi.
Tegelek stol maslahatynyň işine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň, Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň, Hazar deňzi institutynyň, şeýle hem Bütindünýä bankynyň, ÝUNEP-iň, FAO-nyň hem-de Ýewropada howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.
Çäräniň dowamynda Bütindünýä bankynyň we ÝUNEP-iň wekilleri meýilleşdirilýän taslamanyň wezipeleri we maksatlary bilen tanyşdyrdylar we ýurdumyzda Hazar deňzini we onuň tebigy baýlyklaryny goramak boýunça döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Mundan başga-da çäräniň dowamynda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hem-de Hazar ekologiýa gözegçilik gullugynyň wekilleriniň çykyşlary diňlenildi.
Işlenip taýýarlanýan taslamany ara alyp maslahatlaşmak boýunça Türkmenistanyň, Azerbaýjan Respublikasynyň we Gazagystan Respublikasynyň wekilleriniň gatnaşmagynda maslahatyň şu ýylyň oktýabr aýynda geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigi bellenildi.