Günorta-Günbatar Köpetdagyň ýabany miweli ösümlikleri
170Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň beýik başlangyçlary esasynda ýurdumyzyň tebigy baýlyklary bolan ösümlikler dünýäsini gorap saklamak, olaryň ylmy taýdan öwrenilişini kämilleşdirmek, türkmen tebigatynyň gözelligini has-da baýlaşdyrmak, ene toprakdan alynýan, ekologiýa taýdan arassa, ýokary hilli önümleriň göwrümini artdyrmak ugrunda döwlet derejesinde uly işler durmuşa geçirilýär. Günorta-Günbatar Köpetdagda miweli we gyrymsy agaçlaryň köp görnüşleri ösýär. Olaryň birnäçesi ýabany dermanlyk ösümliklerdir. Bu ýerlerde bitýän miweli agaçlardan alma, injir, armyt, ülje, badam, itburun, nar, zirk, hoz we ýene-de birnäçe agaçlar biziň baý tebigatymyzyň bardygyna şaýatlyk edýär. Şolaryň bir görnüşi armytdyr, ol bägüller maşgalasyna degişli bolan miweli agaçdyr. Armyt hem çigitli miweli görnüşleriň toparyna girýär. Biziň ýurdumyzda armydyň 4 görnüşi bar.
Buassýeniň armydy (Pyrus boissieriana Buhse) – Türkmen-Horasan daglarynda gaýtalanmaýan görnüş bolup durýar. Türkmenistanda diňe Günorta-Günbatar we Merkezi Köpetdagda ösýär. Armydyň bu görnüşi deňiz derejesinden 900–1300 metr belentlikdäki düzlükleriň çöllük zolagynda hem-de gurak çägesöw-daşly dag eňňitlerinde ösýärler. Buassýeniň armydy boýy 2,5–4,0 metre çenli ýetýän gyrymsy agaçdyr. Ýapraklarynyň inçe, uzyn sapaklary bolýar. Ýapraklarynyň görnüşi ýumurtga şekilli tegelek bolup, aşak sallanmaýar. Buassýeniň armydy aprel–maý aýlarynda gülleýär, sentýabr–oktýabr aýlarynda agaçda tegelek sary miweleri bişip ýetişýär. Onuň miwesi ownuk bolup, diametric 1 santimetre golaý bolan, uly bolmadyk desse topbaklaryndan ybaratdyr. Bişen miweleriniň tagamy süýjümtikdir. Esasy ösýän ýerleri Günorta-Günbatar Köpetdagda: Hasardagda, Çohagaçda, Tutlyda, Hozlydagda, Könekesirde, Aýderede, Merkezi Köpetdagda: Garagaçda, Sarymsaklyda uly bolmadyk toparlar görnüşinde duşýarlar. Buassýeniň armydy gurakçylyga çydamly bolup, esasan tohumyndan hem kök ösüntgileri arkaly köpelýärler. Buassýeniň armydy ýurdumyzdaky seýrek ösümlikleriň hataryna girýär.
Türkmen armydy (Pyrus turcomanica Maleev) – dag dermanlyk ösümligi bolup, onuň boýy 10–12 metre çenli ýetýändir. Agajyň şahalary ýaýraňdyr hem-de nädogry görnüşdedir. Ýaş pudaklary gür agymtyl keçe görnüşli tüýler bilen örtülen, soňra ýalaňaç bolýar. Ýazyna şahalarynda aşak sallanýan gür çybyklar ösüp, olar indiki ýylda ýalaňaçlanýarlar. Bu armydyň etlek ýapraklary tegelek ýa-da süýrgült bolup, 4–7 santimetr uzynlykdadyr. Ýaş ýapraklary gürlügine aşak sallanýar. Miweleri dürli görnüşdedir, şar şekilli ýa-da gysgajyk armyt görnüşli, depesinde gysgajyk gül okarajyklary saklanýar. Miweleriniň diametri 2–4 santimetre çenlidir. Bişen miweleri sary ýa-da sarymtyl-ýaşyl reňkde bolup, ýogyn sapagynda berkeýär. Miweleriniň tagamy ajymtyk-turşy, bişensoň iýmäge ýaramlydyr. Medeni şertlerde ösdürilip ýetişdirilende bu armydyň miweleri ulalýar we has şireli bolýar. Ol aprel–maý aýlary gülläp, awgust aýynyň ahyrlarynda, sentýabryň başlarynda onuň miwesi
bişip ýetişýär. Türkmen armydy esasan tohumyndan köpelýär, kä halatlarda kök ösüntgilerinden hem köpelýärler. Türkmen armydy Günorta-Günbatar Köpetdagda, Aýderede, Garagaçda, Mustapaderede, Dalwarlyda, Deýinderede, Ypaýgalada, Tutlyda, Güwende ösýärler. Olaryň ösýän ýerleri daglaryň orta guşaklygyndaky dereleriň gurak daşly-çägesöw toprakly ýerlerinde duşýarlar. Ol gurakçylyga çydamly görnüşdir.
Adaty armyt (Pyrus communis L.) – Günorta-Günbatar Köpetdagda: Aýderede, Dalwarlyda, Deýinderede uly bolmadyk jeňňellikleri emele getirýärler. Onuň boýy 10–15 metre çenli ýetýän, güýçli kök ulgamlary we gür şahalary bardyr. Şahalary käte tikenlidir. Ýapraklary dykyz, ýalpyldawuk, uzynlygy 5 santimetre çenlidir. Ak uly gülleri aýry-aýry çogdumlar bolup, gysga şahalarda ýerleşýärler we ýapraklaryndan birneme irräk açylýarlar. Ol aprel–maý aýlarynda gülleýär, awgust–sentýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär, miwesi bişenden soň ýaşyl sary ýa-da gyzgylt reňkde bolýarlar. Esasy bitýän ýerleri daglaryň orta guşaklyklarynda bolýar.
Regeliň armydy (Pyrus regelii Rehd) – esasan, Köýtendagda ösýär we iň gurakçylyga çydamly görnüşdir. Ýabany armyt agaçlary seçgi işlerini geçirmekde amatlydyrlar. Sebäbi olar biziň ýerli şertlerimize uýgunlaşandyrlar. Enelik agaçlary şu agaçlardan tutup, sapmak arkaly beýleki gowy sortly çigitli görnüşleri ösdürip ýetişdirmäge ähmiýetlidir. Regeliň armydy gyrymsy agaç bolup , boýy 2 – 3, 5 metre çenli ýetýändir. Ol maý aýynda gülleýär, sentýabr-oktýabr aýlarynda miwesi bişip ýetişýär. Armydyň miwesini terligine, guradylan we gaplanylan görnüşinde ulanylýar, olardan kompotlar, mürepbe taýýarlanylýar. Armydyň miwesiniň düzüminde şeker, organiki kislotalar, kletçatka, B we S witaminleri, A prowitamini bardyr. Armyt agajy 50 ýyldan 300 ýyla çenli ýaşap bilýär. Hasyla 7–10 ýyldan soň durýarlar. Armyt ýagtylygy söýýän we yssa çydamly ösümlikdir.
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnalynyň 2024-nji ýylyň 2-nji sany
Ýomudaly Ýomudow,
Ogulgül Meredowa,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň Sünt-Hasardag döwlet
tebigy goraghanasy