Pisseli we hoz - miweli tokaýlary hasaba almak

114


Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň hünärmenleri (ÇÖHDMI) däp bolşy ýaly  tomsuň ortasynda hoz getirýän agaçlaryň ýabany ösýän tokaýlyklarynda olaryň ýagdaýyna hem-de miwe getirişine baha bermek, hasyllygyny çaklamak bilen baglanyşykly gözegçilik barlaglaryny geçirýärler.  Mary welaýatynyň günorta-gündogar böleginde Serhetabat etrabynyň we Ahal welaýatynyň günortasynda, Sarahs etrabynyň çäklerinde Tejen we Murgap derýalarynyň aralygynyň günorta böleginde ýerleşen Bathyz baýyrlyklaryna köp günlük  iş sapary amala aşyryldy.

Bu ýerde biologlar ýurduň günorta tarapynda bir-birine ýakyn diýen ýaly ýanaşykda  ýerleşýän pisse agaçlarynyň iki sany iri giňişligini tokaý maşgalasynyň  hemişelik etalonlary hökmünde esaslanyp öwrenýärler.  

   Guşgy  derýasyndan  biraz  gündogarda ýerli tokaý hojalygyna  degişli bolan Serhetabat (Guşgy) tokaýlygy we ondan 120 km günbatarda  bolsa – Pulhatyn (Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Badhyz döwlet tebigy goraghanasyna girýär) ýerleşýär. Iki giňişligiň umumy meýdany 75 000 gektar çemesidir. Bu sana tebigy hem-de geçen asyrda başlanyp dürli döwürlerde el bilen ekilen ösümlikleriň goşulandygy takyklanylmalydyr.  Olary baýyrlarda ýapgytly giň basgançaklary (terrasalary) döretmek  usuly bilen sekilerde  we gerişlerde ýerleşdirilen baglaryň deň hatarda düzülendigi bilen tapawutlandyrylýar.  Mysal üçin, Pulhatyn tokaýlygy 12800 ga eýeleýär, degişlilikde olaryň 8400 ga meýdanynda tebigaty ösen, 4400 ga meýdandaky tokaýy bolsa adam döredipdir. Guşgy jeňňelligi  49300 ga tokaýdyr, olaryň 33000 ga – tebigy, 16300 ga bolsa emeli ekilen  pisse agaçlarydyr. Netijede, tutuş Köpetdag boýunça ýek-tük ekilen ösümlikleri hasaba almak bilen, Türkmenistanyň pisse tokaýlyklarynyň gektar ölçegi 80 müň gektar diýlip kesgitlenilýär. Bu ähli meýdanlar ýurduň janly tebigat dünýäsiniň, ösümlik dürlüliginiň,  genetik serişdeleriniň  ajaýyp bölegi hökmünde döwletiň goragynyň astynda durýandyr.

Ylmy saparyň gatnaşyjysy – ÇÖHDMI Tokaýlaryň we öri meýdanlaryň ekologiýasy laboratoriýasynyň uly ylmy işgäri G.Gurbanmämmedowa aýdyşy ýaly  dürli ýerlerde ösýän baglar seredildi. Olaryň meýdanlary hem-de görnüş meňzeşligi kesgitlenildi,  landşaft we toprak şertleriniň meňzeşligi seljerildi, ekoulgamlaryň düzümini esaslandyrýan ösümlik toparlanmalar hasaba alyndy.  Hemme pisselikler 54 sany şolar ýaly çäklere bölünendir, bu saparda alymlar olaryň 32-sine aýlanyp gördüler. Bu pisselikleriň meýdany ortaça birnäçe on gektardan birnäçe ýüz inedördül kilometre deňdir, ýöne iki müň inedördül kilometr meýdany öz içine alýan bir täsin  çäk hem bar. Daşyndan görmek üçin meýdan iş saparynyň her gatnaşyjysy  günde 20 we ondan hem köp kilometr geçmeli boldy. Umuman, takmynan on müň gektara seredildi, bu ýazyň tebigy hadysalarynyň aýratynlyklary sebäpli,  olaryň çäklerinde ortaça we ýokary bolmadyk hasyllylyk bellenildi. Bularyň hemmesi bu  ýerlerde ýazyna möwsümleýin otlugyň ýokary bolmagyny üpjün edýän  (ýurtda ot ýatyrmak üçin peýdalanylýan ýeke-täk ýerler hut  Bathyzda we Garabilde ýerleşýärler ahyryn) güýçli çabgalaryň bolýandygy,  şeýle-de, ösümligiň gögerişiniň başynda güllemegine we gülleriň tozanlanmasyna, şänikli miweleriň düwmegine täsir edýän, baldaklary we ýaşajyk şahajyklary zaýalaýan we şeýlelikde garaşylýan hasyly azaldýan  harasatly ýelleriň bolmagy we doly ýagmagy (hatda maýyň ortasynda hem) sebäplidir.         

Pisseleriň Watany Merkezi we Kiçi Aziýa diýlip hasap edilýär. Ýaýran ýerleri  örän uly çäkleri gurşap alýandyr: demirgazykdan günorta – 800 km we gündogardan günbatara – 1300 km, ol ýerlerde ýaýraw çäkleri deňiz derejesiniň 800 m başlap 2000 m ýetýändir. Türkmenistanyň çäklerinde tebigy pisse tokaýlyklary Pamiroalaý pes daglyklara, Paropamiziň we Köpetdagyň dag şahalaryna degişlidir.   Şeýle jeňňellikleriň uly bolmadyk bölekleri Köýtendagda (5000ga)  belentlikleriň deňiz  derejesinden  500 metrden  1700 metre, Köpetdagda bolsa 1200 metre çenli üýtgäp duran ýerlerinde bolýar. Bathyz bilen Garabiliň sepinde uly bolmadyk bölek, paýtagt bilen utgaşýan – Arçabil jülgesinde we beýleki  emeli ekilen ösümlikler bellidir. Baglaryň ýurtda iň uly toplumy  Bathyzyň baýyrly ýerlerinde deňiz derejesinden 1200 m beýiklikde ýerleşýändir, ol berk arid howa şertlerinde bolýandyr.       

Düýpleriň duruşynyň seýrekligi sebäpli  pisseliklere  sawannalar diýýärler, agaçlygyň gysbylygy gektara kyrk bag agajyna çenlidir. Ozal tohumlaryň gögerişini öwrenen  türkmen botanigi Konstantin Popow bu hadysa mantykly düşündiriş tapdy,  ýagny agaçlar ýeriň üstündäki bölegini  erkin, ýeterlik giňişlikde ýerleşdirip,  yzgaryň gözleginde kök ulgamyny ýeriň aşagynda giňden ýüzleý ýerleşdirýärler, çünki ösümlik şahasy bilen däl-de, kökleri bilen birleşýär. Badhyz pisseleri tebigy serişde hökmünde çuňňur we her tarapdan öwrenildi. Mysal üçin, ösümligiň badhyz baýyrlygynda daşa dönen pisse hozjagazlarynyň tapyndylary bilen  tassyklanýan gadymdan barlygyndan başga-da, alymlar ösümligiň belli bir geologik ýaşyň – paleogen, ýokarky hek, ýokarky ýura döwrüniň düşelen jynslarynyň we üst gatlagyň düzüminiň geohimiki aýratynlyklaryna eýe bolan  çökündilerine  degişlidigini belleýärler. Göräýmäge bu bir dürli derejeli karbonat minerallaşan topragy  ýokarsyndan örtýän  ýumşak geçiriji  daşly topraklardyr, gumdaşlardyr we hek daşlardyr.              

Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04