ABŞ Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky “C5+1” köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde hereket edýän Energetika we daşky gurşaw boýunça iş toparynyň nobatdaky mejlisi.
592024-nji ýylyň 31-nji iýulynda Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň arasyndaky C5+1 köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň çäklerinde hereket edýän Energetika we daşky gurşaw boýunça Iş toparynyň nobatdaky mejlisi göni wideoaragatnaşyk arkaly geçirildi we onuň işine Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet gatnaşdy.
Çäräniň dowamynda Merkezi Aziýa döwletleri bilen ABŞ-nyň arasynda daşky gurşawy goramak ugry boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy we bu ugurda wekiliýetleriň çykyşlary diňlenildi.
Türkmen wekiliýetiniň çykyşlarynda Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy ugurlary, şol sanda ýurdumyzyň daşky gurşawy goramak boýunça sebitleýin hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine gönükdirilen başlangyçlary we ileri tutulýan ugurlary barada bellenip geçildi.