Halkara Döwlet Gözegçileriniň Güni

59
2024-nji ýylyň 31-nji iýulda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa baradaky gullugynyň edara binasynyň mejlisler zalynda ABŞ-nyň “Conservation X Labs” Merkezi Aziýa maksatnamasynyň işgärleri bilen bilelikde Halkara döwlet gözegçiler güni mynasybetli tegelek stoluň başynda maslahat geçirildi.Bu maslahata döwlet tebigy goraghanalaryň hem-de daşky gurşawy goramak müdirligiň gözegçileri gatnaşdylar.Tegelek stoluň dowamynda daşky gurşawy goramak kanunçylygyň bozulmalaryna garşy göreşmek boýunça öňde baryjy tehnologiýalaryň ähmiýeti we bu babatda  döwlet gözegçileriň arasynda alnyp barylýan işleri hasda kämilleşdirmek boýunça çykyşlar edildi.
Tegelek stoluň netijeleri boýunça ýokary görkezijiler bilen tapawutlanan döwlet gözegçilerine ministrligiň we “Conservation X Labs” Merkezi Aziýa maksatnamasynyň işgärleriniň adyndan gymmat bahaly sowgatlar hem-de gözegçilik işlerinde ulanylýan esbaplar gowşuryldy.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04