Paltatumşuk guşlary hakynda
175 Guşlar dünýäsiniň dürli görnüşleriniň içinde Girrikler (Fringillidae) maşgalasyna degişli bolan paltatumşuk guşlary örän täsindir. Merkezi Aziýanyň haýwanat dünýäsinde olaryň 2 görnüşi arça we adaty paltatumşuklary bellidir. Şeýle hem, Türkmenistanyň guşlar dünýäsiniň biodürlüligi üçin bu görnüşleriň ähmiýeti uludyr. Olaryň daşky keşbi boýunça göwresi sar guşlaryňka meňzeş bolup, paltatumşuklaryň bir aýratynlyklary olaryň konus şekilli, deşli, ujy diş ýaly, örän küti çüňküdir, ol ösümlikleriň tohumlaryny we şäniklerini maýdalamaga ukyplydyr.Arça paltatumşugy (Mycerobas carnipes) – Orta, Alynky we Merkezi Aziýanyň daglyk arça tokaýlarynda ýaýrandyr. Türkmenistanda Uly Balkanda, Köpetdagda we Köýtendagda hasaba alnan görnüş. Arça paltatumşugynyň horazynyň kellesi, boýny, arkasynyň öňki bölegi, petekesi we döşi tutuk-gara reňkde bolýar. Bili, guýrugynyň üsti, bedeniniň garyn tarapy we guýrugynyň aşagy ýaşylymtylsary. Ganatlary we guýrugy gara. Arça paltatumşugynyň horazynyň ganatyndan gysgadan ak zolaklar geçýär. Mäkiýanynyň arkasynyň bir bölegi goňurdan çal, beýleki bölegi bolsa ýaşylymtyl reňkde bolýar. Arça paltapumşugy oturumly guş bolup, olar daglaryň ýokarky guşaklyklarynda arçalyklarda ýaşaýar. Höwürtgesini arça agajynyň üstünde gurýar, aprel-maý aýlarynda özbaşdak jübüt bolup höwürtgeleýär. Höwürtgesinde 5-e çenli ýumurtgasy bolýar. Horazy we mäkiýany bilelikde ýumurtga basyrýar. Ýumurtga basýan döwri 14–16 güne çenli dowam edýär. Iýun aýynda jüýjeler peýda bolýar. Arça paltatumşugyny Duşakerekdagyň Dark, Kiçi Duşak we Syýazaw jülgelerinde ýakyn aralyklardan synlamak bolýar. Duşakerekdagy – Türkmenistandaky guşlaryň möhüm ýerleriniň biri bolup, ol Merkezi Köpetdagda ýerleşýär, onuň beýikligi deňiz derejesinden 2480 metr belentlige çenli ýetýär. Bu ýerde guşlar dünýäsiniň wekillerinden başga-da ýabany haýwanlaryň dürli görnüşlerine, esasan hem ýabany toýnakly haýwanlara we ýyrtyjy süýdemdirijilere duş gelmek bolýar. Paltatumşuk guşlary adamlaryň, ýagny syýahatçylaryň we çopanlaryň bar ýerlerine öwrenişýärler, olar golaý ýerlerdäki arçalyklarda toplanýarlar.
2022-nji ýylyň güýzünde Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň Helpebaba meýdany bilen Aýrybaba (Jalaw) aralygynda 5 sanysy, Nowa jülgesinde 5 km aralykda 2 jübüti beýik arçalaryň arasynda hasaba alyndy.
Adaty paltatumşuk (Соccothraustes coccothraustes) – ýaprakly we garyşyk tokaýlarda, jeňňellerde, baglarda, dub tokaýlyklarynda, tokaý goragly agaçlarda we seýilgählerde ýaşaýarlar. Olar, adatça, agaçlaryň ýokarlarynda toplanýarlar. Ýewraziýanyň ähli ýerlerinde giňden ýaýran (Britan adasyndan Ýaponiýa we Alýaska çenli). Göçüp-gonýan (migrasiýa) döwri Marokka, Alžire, Türkiýä çenli baryp ýetýärler. Russiýanyň ýewropa böleginiň merkezi ýerlerinde adaty paltatumşuk yzygiderli duş gelýär. Bu görnüş Türkmenistanda Uly Balkanda, Köpetdagda we Köýtendagda, şonuň ýaly-da dag eteklerde duş gelýär. Arça paltatumşugynyňky ýaly adaty paltatumşugyň hem deşli çüňki bolup, reňki çaldan-ak. Kellesi melemtilgoňur, çüňküniň töweregi zolakly, bokurdagy gara. Arkasy goňras, boýny we bili çal, guýrugynyň üsti goňurdançypar. Guýrugynyň gysga we ujunyň ak bolmagy bilen arça paltatumşygyndan tapawutlanýar. Bu tötänden uçup gelýän we göçüp-gonýan guş. Adaty paltatumşuk Türkmenistanda seýrek we az öwrenilen görnüş.
Ylmy maglumatlarda görkezilişi ýaly, höwürtgesini agajyň üstünde gurýar we höwürtgesinde 3-den 7-ä çenli ýumurtgasynyň bardygy anyklanylan. Olar ösümlikleriň tohumlary we şänikleri bilen iýmitlenýär, jüýjelerini bolsa mör-möjekler bilen iýmitlendirýärler. Bekrewede, Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň tejribe-önümçilik meýdançasynda 2016-njy ýylyň 10-njy martynda adaty paltatumşugyň bir sany maslygy tapyldy. Häzirki wagtda bu
guşuň gäbi goraghananyň “Tebigat muzeýinde” saklanylýar.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ornitology N.N. Ýefimenkonyň köpýyllyk işleriniň netijesinde, goraghananyň we oňa ýanaşyk ýerleriniň guşlarynyň görnüş dürlüligi barada gymmatly ylmy maglumatlar toplanyldy. Şeýle hem Duşakerekdagynda, Babazawda paltatumşugyň duş gelen ýerleri, sany barada maglumatlar goraghananyň “Tebigat ýyl ýazgysy” kitabynyň sahypalarynda beýan edilýär. Goraghananyň pes dag guşaklygynyň landşaftlarynda, 1986–1987-nji ýyllarda ýokarsy düzleşen sakalaryň depelerinde, ýowşanly, däneli ösümlikli, haşal otlukly we seýrek agaç ösümlikli ýerlerde adaty paltatumşugyň käbiri hasaba alnypdyr. Guşlar dünýäsiniň beýleki wekilleri bilen bir hatarda, paltatumşuk guşlary hem ekoulgamyň örän möhüm düzüm bölegidir. Şonuň üçin hem bu görnüşleriň biologiýasyny, ekologiýasyny, höwürtgeleýän ýerlerini öwrenmek we olary gorap saklamak Türkmenistanyň guşlar dünýäsi üçin örän möhümdir. Goraghananyň işgärleri yzygiderli ylmy barlaglary geçirýärler we ýurdumyzyň ýabany haýwanlarynyň ýaşamaklaryna zerur şertleri döretmek üçin suw güzerli ýerlerini öwrenýärler.
“Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak” žurnaly 2024-nji ýylyň 1-nji sany.
Aknabat Potaýewa,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň Köpetdag döwlet tebigy
goraghanasy
Nurmuhammet Hudaýkulyýew,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak
ministrliginiň Bathyz döwlet tebigy
goraghanasy