Sazak nahallary dag baýyrlykda

88
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Bakja tejribe-synag
meýdançasynda tokaý agaçlarynyň dürli görnüşi ösdürilip ýetişdirilýär. Her bir
agajy ösdürip ýetişdirmekde synag işlerini geçirip netije almak hem her bir
hünärmende işinde uly höwes döredýär. Türkmenistanyň köp çägini Garagum
sährasy tutýar. «Garagum sährasy» diýlende çäge-çölleri sazaksyz göz öňüne
getirmek mümkin däl. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasynda sazaklaryň
meýdanlaryny giňeltmek maksady bilen meýilleşdirilen işler ýurdumyzyň tokaý
hojalyklarynda we döwlet tebigy goraghanalarynda üstünlikli durmuşa geçirilýär.
Aşgabat-Mary gara ýolunyň ugrunda Akbugdaý etrabynyň çäginde adam eli bilen
döredilen sazak tokaýlary Köpetdagyň dagetegini bezeýär, şeýle hem ýaş
sazaklaryň sany ýyl-ýyldan artýar. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Bakja
synag-meýdançasynda, deňiz derejesinden 600 metrden gowrak beýikliklerde
2024-nji ýylyň 14-nji fewralynda sazak tohumy ekildi. Ynha iýul aýynyň ahyryna çenli sazak
nahallarynyň boýy 50-60 sm ýetdi. Ýaşylja pürlerini göreniňde pes dag
guşaklyklarynda hem sazaklaryň ösüşine dag howasynyň uly täsiriniň ýetýändigini
görýäris.  Şeýle hem Germap ýol ugurda, Üç depä golaý ýerlerde Bekrewe
tokaý hojalygynyň (öňki Gökdepe tokaý hojalygy) işgärleri tarapyndan sazak
nahallary ilkinji gezek 1997-nji ýylyň 2-nji fewralynda daglyk ýerlere ekilipdir.
Sazaklar dag baýyrlyklara has hem gözellik berýär.
T.Täşliýew
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň
Ylmy işgäri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04