Tomus möwsüminde raýatlaryň köpçülikleýin dynç alýan ýerinde süýrenjilere we mör-möjeklere garşy gözleg-barlag hem-de tehniki howpsuzlyk çäreleri geçirmek hakynda
166Zäherli bogunaýaklylar çakanda ýüze çykýan ilkinji alamatlar
Möýleriň, içýanlaryň, mör-möjekleriň zäheriniň täsir ediş derejesi
olaryň görnüşine, çakan ýerine we çakylan adamyň zähere bolan
duýgurlygyna bagly bolýar. Egerde zäherli bogunaýaklylar adamyň
kellesinden, ýüzünden ýa-da boýnundan çaksa ýagdaý has howply
bolýar.
Garagurt möýi çakanda çakylan ýerde kiçijek gyzyl tegmil
emele gelýär we ol tiz wagtda reňkini ýitirip, agarýar. 10-15 minut
geçenden soň çakylan adamyň garnynyň töwereginde, bilinde,
kükreginde ýiti agyry ýüze çykýar, ol aljyraňňy ýagdaýa geçýär we
gorkup başlaýar. Onuň aýaklary guruşýar, dem alşy kynlaşýar, kellesi
agyryp, gaýtarýar. Ýüzüniň reňki gögerýär, ýüreginiň urmasy
haýallaýar, umumy gowşaklyk basýar. 3-5 gün geçenden soň
ýarawsyzyň dersiniň ýüzünde köp sanly düwürtükler peýda bolýar we
onuň umumy ýagdaýy az-kem gowulaşýar. 2-3 hepde geçenden soň
ýarawsyzyň ýagdaýy gowulaşyp başlaýar, emma ol köp wagtlap özüni
gowşak duýýar.
Içýan çakanda güýçli agyry peýda bolýar, çakylan ýeriň
dokumalary çişýär, deriň ýüzinde içi suwuklykly pakkartmalar emele
gelýär. Çakylan adamyň ýürek urmasy çaltlaşýar, bedeniniň
temperaturasy ýokarlanýar, kellesi agyrýar, gyzdyryp - üşedýär, uky we
gowşaklyk basýar. Bulardan soň onuň damarlary çekip, ýürek urmasy
bozulýar.
Möý çakanda çakylan ýeriň dokumalarynyň çäkli bozulmalary
(dargamagy) ýüze çykýar we zäher tutuş organizme, aýratyn hem
merkezi nerw ulgamyna täsir edýär.
Zäherli bogunaýaklylar (möýler, içýanlar) çakan ýagdaýynda ilkinji kömek
1. Zäherli jandarlar çakandan soň zäheri dargatmak üçin, yzýany
bilen - 2 minudy hem geçirmän, ýanyp duran kükürdüň ody bilen
çakylan ýeri basmaly.
2. Zäherli jandarlar adamyň elinden ýa-da aýagyndan çakan
ýagdaýynda, çakylan synany hökmany ýagdaýda hereketsiz ýagdaýa
getirmeli, ýagny çakylan aýagy sagdyn aýaga birikdirip daňmaly;
elini bolsa tirseginde epläp, daňmaly. Bulardan soň, çakylan adama
köp suw, çaý ýa-da süýt içirmeli.
3. Zäherli jandarlar çakanda örän basym „garagurt möýüniň awysyny
garşy“ syworotkany çakylan adama sançmaly.
4. Ýokarda sanalan ilkinji kömek çäreleri geçirilenden soň heläk bolan
adamy iň ýakynda ýerleşýän lukmançylyk edarasyna eltmeli we
zäheriň täsirini peseldýän serişdeleri ulanmaly.
Zäherli mör-möjekler çakanda ilkinji kömek
1. Zäherli mör-möjegiň çakan ýerine islendik sowuk zat goýmaly,
netijede damarlar gysylýar we zäherli maddalaryň adamyň gan aýlanyş
ulgamyna ýaýramagy haýallaýar.
2. Ýarymspirtli ( spirt bilen suwuň gatnaşygy – 1:1) ergin bilen çakylan
ýere ýapgy etmeli.
3. Çakylan ýeri hojalyk sabyny bilen ykjam ýuwmaly.
4. Çakylan ýeri ýeralmanyň (kartofeliň) ýuka kesimlerini bilen örtmeli,
gyzandan soň olary çalyşmaly.
5. Çakylan ýer güýçli gijän ýagdaýynda ol ýerleri borly spirt bilen
süpürmeli.
Ýylan çakanlara ilkinji kömek etmek çäreleri.
Türkmenistanda zäherli ýylanlaryň 4 görnüşi, ýagny kepjebaş (Naja oxiana),
galkanburun (Gloydius halys), alahöwren (Echis carinatus), göklors (Maсrovipera
lebetina) duşýar. Olar 2 maşgala – Aspidlere we Gadýukalara degişlidir.Şonuň üçin hem ýylan çakana ilkinji kömek etmegi meýdanda
işleýän her bir adamyň bilmegi zerurdyr:
1. Ilkibada, ýarany margensturşy kaliý ergini ýa-da suw bilen ýuwjak boluň.
2. Mümkin boldugyça organizmde ganyň haýal aýlanmagy üçin ýylan çakanyň
özi hereketsiz, rahat ýatmaly we çakylan ýerindäki ýarany gozganmaýan
ýagdaýda saklamaly. Zäheriň bedende ýaýramagy esasanda limfatik
damarlarda we gygajyk beden etlerinde bolup geçýär. Bu bolsa ýylan
çakylan ýerini sarsdyrmaz ýaly, hereketsiz saklamak üçin edil döwükdäki
ýaly baglamaldygyny görkezýär.
3. Şeýle-de zäheriň belli bir bölegi bedenden tebigy ýol bilen çykar ýaly, gök
çaý we suw içmek peýdalydyr.
4. Gyssagly! “Tiz kömegi” çagyrmaly ýa-da ejir çekeni hassahana alyp
barmaly, oňa ýylanyň zäherine garşy taýýarlanylan arassalanan gany sanjym
edip goýberer ýaly (birwalentli we köpwalentli arassalanan gan), onuň üçin
ýylanyň görnüşini hökman kesgitlejek bolmaly.
5. Soňky ýyllarda zäherli ýylan çakana ilkinji kömegi bermek üçin tabletka
görnüşli (Antivenoms crystalloid pills) dermanlyk serişdesinden
peýdalanylýar we ol bedende zäheri neýtrallaşdyrýar. Bu derman serişdesi
dünýäniň köp ýurtlarynda öndürilýär.
Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi
Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli instituty