Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri barada maglumat
386Ýurdumyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ajaýyp genetiki gaznasyny gorap saklamak, köpeltmek, gelejekki nesillere ýetirmek häzirki wagtyň iň wajyp meseleleriniň biridir. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir, biodürlüligiň hazynalar çeşmesidir. Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralyp saklanylmagy we köpeldilmegi diňe bir ýurdumyz üçin däl, eýsem bütindünýä möçberinde biologik dürlüligi gorap saklamaga mynasyp goşant bolar.
Türkmenistanyň Gyzyl kitaby ýurdumyzyň ösümlikleriniň we haýwanlarynyň seýrek, ýitmek howpy astyndaky görnüşleri, olaryň biologiýasy, ýaýraýşy, sanynyň azalmagynyň we ýitip gitmeginiň sebäpleri baradaky maglumaty özünde jemleýän, yzygiderli täzelenýän döwlet sanawydyr.
Türkmenistanyň Gyzyl kitaby häzirki wagta çenli üç gezek – 1985-nji, 1999-njy we 2011-nji ýyllarda neşir edildi.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 3-nji neşirine (2011ý.) ösümlikleriň 115 görnüşi, haýwanlaryň 149 görnüşi girizildi. Täze taýýarlanan 4-nji neşirde ösümlikleriň 121 görnüşi we haýwanlaryň 145 görnüşi barada maglumatlar beýan edilýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy ensiklopedik kitaplarynda beýan edilen ösümlikleriň 71 görnüşi Gyzyl kitabyň bu neşirine girizildi.
Alymlaryň alyp baran ylmy-barlag işleriniň netijesinde Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirinden ösümlikleriň 18 görnüşi we haýwanlaryň 15 görnüşi çykaryldy. Şeýle hem, bu kitaba ösümlikleriň 24 görnüşi we haýwanlaryň 11 görnüşi girizildi.
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyndan çykarylan
ösümlikleriň 18 görnüşiniň sanawy
1. Gara domalan – Picoa juniperi
2. Domalan – Terfezia leonis
3. Wittadininiň amanitasy – Amanita vittadinii
4. Dag teloshistesi – Teloshistes montanus
5. Tabajykly tornabeýa – Tornabea scutellifera
6. Bisianyň fissiýasy – Physcia biziana
7. Aaronisiň trihostomopsisi – Trichostomopsis aaronis
8. Gandeliniň entostodony – Entosthodon handelii
9. Popowyň üpüklijesi – Corydalis popovii
10. Ilýiniň şorasy – Salsola iljinii
11. Lipşisiň şorasy – Salsola lipschitzii
12. Boçansewiň şorasy – Salsola botschantzevii
13. Hywa şorasy – Salsola chiwensis
14. Gordýaginiň kleomesi – Cleome gordjaginii
15. Eýhwaldyň sözeni – Ammodendron eichwaldii
16. Raddeniň alwany – Fritillaria raddeana
17. Miheliň çigildemi – Tulipa micheliana
18. Litwinowyň giasinti – Hyaсinthus litwinowii
Gyzyl kitaba girizilen ösümlikleriň 24 görnüşiniň sanawy
1. Komarowyň sarahsy – Dryopteris komarovii
2. Türkmen arçasy – Juniperus turcomanica
3. Ýaragsyz gandym – Calligonum inerme
4. Regeliň armydy – Pyrus regelii
5. Pontiý alyçy – Crataegus pontica
6. Porsy çomuç – Ferula foetida
7. Garagum çomujy – Ferula karakumica
8. Täjik çomujy – Ferula tadshikorum
9. Buhara spirostegiýasy – Spirostegia bucharica
10. Inçe turbajykly skutellariýa – Scutellaria leptosiphon
11. Fedçenkonyň nowruzgüli – Primula fedtschenkoi
12. Gar söýüji waleriana – Valeriana chionophila
13. Regeliň sergiýasy – Sergia regelii
14. Korolkowyň zagprany – Crocus korolkovii
15. Narbutyň ýunonasy – Juno narbuta
16. Korolkowyň tekesakgaly – Iris korolkovii
17. Ýalpyldawuk çigildemi – Tulipa nitida
18. Gissar çigildemi – Tulipa hissarica
19. Türküstan çigildemi – Tulipa turkestanica
20. Buhara alwanjygy – Rhinopetalum bucharicum
21. Albertiň çyrşy – Eremurus alberti
22. Oşaniniň sogany – Allium oschaninii
23. Gögeýinli ofris – Ophrys oestrifera
24. Ýemşen – Mespilus germanica
Türkmenistanyň Gyzyl kitabyndan çykarylan
haýwanlaryň 15 görnüşiniň sanawy
1. Gülgüne madais kebelegi – Madais fausta
2. Mezentina ak kebelegi – Anapheis mesentina
3. Hazar ýylanpisint balygy – Caspiomyzon wagneri
4. Türkmen asy – Tenuidactylus turkmenicus
5. Ownuk teňňeli uzynaýak as – Tenuidactylus microlepis
6. Garagaýçak – Ptyas mucosus
7. Pallasyň ýylany – Elaphe sauromates
8. Balykçy gyrgy – Pandion haliaetus
9. Sähra göwenegi – Falco naumanni
10. Bezbeltek – Tetrax tetrax
11. Gyzyl petekeli gaz – Branta ruficollis
12. Kiçi nalburun – Rhinolophus hipposideros
13. Üçreňkli gijeçi – Myotis emarginatus
14. Çypar agşamçysy – Nyctalus noctula
15. Ýasygulakly ýygyrtdodak – Tadarida teniotis
Gyzyl kitaba girizilen haýwanlaryň 11 görnüşiniň sanawy
1. Alaja minna kebelegi – Zygaenoprocris minnae
2. Giponofele kebelegi – Hyponephele capella
3. Arypisint kebelek – Hemaris fuciformis
4. Hazar pyşbagasy – Mauremis caspica
5. Batga pyşbagasy – Emys orbicularis
6. Adaty suw ýylany – Natrix natrix
7. Çakyryk – Burhinus oedicnemus
8. Gülegen çarlak – Larus ichthyaetus
9. Gyzylbaş garamtyl ördek – Aythya ferina
10. Ýasygulak hazar ýaryganaty – Barbastella caspica
11. Oklukirpi – Hystrix indica