Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi

111
Daşky gurşawy goramagyň bütindünýä gününiň öňüsyrasynda, Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiri çap edildi. Şu mynasybetli Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärlerine, ähli halkyna Gutlag bilen ýüzlendi. Döwlet Baştutanynyň Gutlagy "Türkmenistan" gazetinde çap edildi.

"Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!

Eziz watandaşlar!

Sizi Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýurdumyzda daşky gurşawy gorap saklamak babatda uly ähmiýete eýe bolan Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli tüýs ýürekden gutlaýaryn.

Tebigata söýgi türkmen halkynyň häsiýetiniň, ýaşaýyş-durmuşynyň, däp-dessurlarynyň we medeniýetiniň içinden eriş-argaç bolup geçýär. Biziň ata-babalarymyz ýaşaýşyň çeşmesi bolan gözel tebigatymyz bilen sazlaşykda ýaşamagyň inçe usullaryny, ýörelgelerini döredipdirler. Halkymyzyň gadymyýetden gelýän bu ynsanperwer däpleri asyrlaryň dowamynda durmuşa berk ornaşyp, uly ähmiýete eýe boldy. Daşky gurşawyň arassa saklanmagyna gönükdirilen şeýle gatnaşyklar häzirki döwürde adamzadyň ählumumy meseleleriniň ygtybarly çözgütlerini tapmak ugrundaky düýpli çäreler bilen utgaşyp, täze öwüşgine eýe bolýar hem-de barha ösdürilýär" diýip, Prezident Serdar Berdimuhamedow Gutlagynda belleýär.

Döwlet Baştutanynyň nygtaýşy ýaly, Türkmenistanyň her bir künjeginiň gaýtalanmajak, özboluşly tebigy aýratynlyklary bar. Köpetdagyň genji-hazynasy bolan täsin ösümlik we haýwanat dünýäsiniň biodürlüligi, dünýäniň iň uly çölleriniň biri bolan Garagum sährasy, Köýtendagdaky dinozawrlaryň aýak yzlary, Bathyzyň gaýtalanmajak gözelligi, gojaman Hazar deňzi we beýleki özboluşly täsinlikleriň mekany hökmünde Garaşsyz Türkmenistan dünýäde meşhur bolup, alymlaryň, syýahatçylaryň ünsüni özüne çekýär we olarda uly gyzyklanma döredýär. Ýurtda alnyp barylýan döwlet ekologiýa syýasatynyň esasy maksady türkmen halkynyň arassa daşky gurşawda ýaşamagyny üpjün etmekden, tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmakdan, ösümlik hem-de haýwanat dünýäsini baýlaşdyrmakdan, gözel tebigaty aýawly saklamakdan we geljek nesillere has gözel görnüşde ýetirmekden ybaratdyr.

Türkmenistan daşky gurşawy goramak babatda umumadamzat bähbitli hem-de maksada okgunly içeri we daşary syýasaty yzygiderli alyp barýar. Durnukly ösüşi gazanmakda halkara tagallalara ýardam bermek türkmen döwletiniň alyp barýan daşary syýasatynyň örän möhüm bölegi bolup durýar. Bitarap Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň mejlislerinde, durnukly ösüş boýunça ýokary derejedäki maslahatlarda daşky gurşawy gorap saklamak, suw-energetika serişdelerini aýawly peýdalanmak we azyk howpsuzlygyny üpjün etmek, howanyň üýtgemeginiň, tebigy betbagtçylyklaryň töwekgelçiligini azaltmak boýunça birnäçe başlangyçlary öňe sürdi. Aralýaka sebitiň ekologik meselelerini toplumlaýyn çözmek, Hazar deňziniň ekologik abadançylygyny gorap saklamak boýunça sebit we dünýä ähmiýetli täze tekliplerini beýan etdi. Birleşen Milletler Guramasyna agza ýurtlar tarapyndan kabul edilen Durnukly ösüş maksatlarynyň Türkmenistanda üstünlikli durmuşa geçirilmegi bu döwrebap başlangyçlaryň iş ýüzünde öz beýanyny tapýandygyna doly şaýatlyk edýär.

"Eziz watandaşlar!

Tebigata aýawly we hakyky eýeçilik gözi bilen garamak biziň ählimiziň mukaddes borjumyzdyr. Tebigat baradaky alada ähli halkyň aladasydyr. Türkmenistanyň her bir ýaşaýjysy tebigy baýlyklarymyzy gözüniň göreji deýin gorap saklamalydyr. Ýurdumyzyň tebigy goraghanalarynda ýabany haýwanlary we ösümlikleri gorap saklamak, ylmy taýdan düýpli öwrenmek, olaryň sanyny artdyrmak, gözel tebigatly ýerlerimizi aýawly saklamak boýunça zerur işler ýerine ýetirilmelidir. Eziz Diýarymyzyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofonduny gorap saklamakda Türkmenistanyň Gyzyl kitaby örän möhüm ähmiýete eýedir. Bu kitap biodürlüligiň ylmy taýdan öwrenilip taýýarlanan hazynalar çeşmesidir. Gyzyl kitaba girizilen görnüşleriň ygtybarly goralmagynyň hem-de köpeldilmeginiň diňe bir öz ýurdumyzda däl-de, eýsem, sebitde we bütin Ýer ýüzünde biologik dürlüligi gorap saklamaga hem mynasyp goşant goşjakdygyna berk ynanýaryn.

Hormatly daşky gurşawy goramak ulgamynyň işgärleri!

Gadyrly okyjylar!

Sizi Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşiriniň çap edilmegi mynasybetli ýene-de bir gezek tüýs ýürekden gutlaýaryn. Mähriban Watanymyzyň gaýtalanmajak, özboluşly tebigatyny gorap saklamak we baýlaşdyrmak, tebigy baýlyklary ylmy taýdan düýpli öwrenmek, ekologik abadançylygy üpjün etmek ugrunda zähmet çekýän işgärlere, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyny — ösümlik we haýwanat dünýäsi barada gymmatly ylmy işi taýýarlanlaryň ählisine, redaktorlara, terjimeçilere, suratçylara we neşir edijilere alyp barýan asylly işlerinde mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw edýärin" diýip,Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Gutlagyny jemleýär.



Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04