Guşlaryň mekany
5 Durnalaryň uçup geçmegi, maýda guşlaryň topar-topar bolup uçup baryşlary arzuwly güýz möwsüminiň alamatydyr. Güýz paslynyň gelmegi bilen Hazar deňziniň kenarýaka giňişlikleri janlanyp başlaýar. Bu ýerlerde guşlar gyşlamaga gelip başlaýarlar. Deňiz ýakasynda jünekeýler, maýda ördekler, hokgarlar, çarlaklar we beýleki guşlar özlerine mesgen tutýarlar.
Hazar deňziniň üstünden geçýän onlarça million guşlar ýylda iki sapar deňziň kenar ýakasy bilen uçup geçýärler. Bu aralyk hat-da çydamly uçar guşlar üçin hem gaty uzakdyr, şol sebäpli olar ýolda dynç almak we iýmitlenmek üçin ýaramly ýerlerde – aýlaglara, buhtalara gonmaly bolýarlar. Guşlaryň bir bölegi (diňe suw we batga guşlarynyň sany 600 müňden geçýär) arly gyşy geçirmek üçin şol ýerlerde galýarlar. Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri tarapyndan köp ýyllaryň dowamynda geçirilen barlaglar netijesinde guşlar Hazar deňziniň kenarynyň, günorta-gündogar bölegindäki aýlaglaryň: Türkmenbaşy, Mihaýlowsk, Balkan, Demirgazyk Çeleken aýlaglaryň akwatoriýalaryny ylaýtada gowy görýändiklerine şaýat bolýarlar. Sebäbi kenar ýakasyndaky beýleki meýdanlara garanyňda şol aýlaglaryň düýbünde deňiz oty, hara suw otlary diýseň köpdir. Guşlaryň iň gowy görýän iýmiti şol suw otlarydyr. Mundan başka-da şol ösümlikleriň arasynda mollýuskalar, leňňeçşekilliler we gurçuklar gaty oňat ýaşaýarlar, olaryň ençemesi balyklaryň we guşlaryň has köp görnüşleriniň iýmitinde belli bir derejede ähmiýete eýedir.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ornitofaunasynda guşlaryň 300-den gowrak görnüşi bellendi, şolaryň ýarysy diýen ýaly suw we batga guşlarydyr. Munuň özi goraghananyň aýratynlygyny görkezýär (onuň territoriýasynyň 85 götermi aýlaglaryň we deňziň akwatoriýlarydyr). Gyşlamaga üýşen guşlary göreniňde, haýranlar galýarsyň. Süri-süri gyzylgazlar gülgün reňkli bulutlar bolup görünýär. Goraghanada gyzylgazlaryň üýşýän esasy ýeri Mihaýlowsk aýlagydyr. Soňky ýyllar gyzylgazlaryň käbir böleginiň Türkmenbaşy şäheriniň alkymynda diýen ýaly gyşlaýandygyny guwanç bilen belläp geçesiň gelýär. Gyzylgazlar Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen we Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň iň täsin görnüşleriniň biri we onuň nyşany hasap edilýär. Türkmenbaşy, Balkan aýlaglarynyň kenarynyň edil alkymyndaky zolagda köp derýa ördekleri, ýaşylbaşlar, junekeý ördekler suwuň iň ýalpak ýerlerinde iýmit tapýarlar. Ördekler özlerine iým tapmak üçin, çuňluga çümüp çykyp bilýärler. Käbir guşlar 13 metre çenli çuňluga çümüp bilýärler. Olar suwuň astynda deňiz otuny, harany we kiçijik leňňeçleri iýýärler. Aýlaglarda bu guşlardan başka sakarbaraklar ylaýta-da köpdür. Olaryň sürüleri aýlagyň akwatoriýasynyň onlarça gektaryny eýeleýär. Gyşyň birinji ýarmynda sakarbaraklar goraghananyň asuda şertlerinde, ýyly klimatda bol-elin iýip, şeýle bir semreýärler, olar asyl uçmak ukybyny ýitirýärler. Diňe gyşyň ahyrlarynda olar öz ýag zapaslaryny bir böleginden dynýarlar. Ýöne munuň özi olar üçin peýdalydyr. Sebäbi sakarbaraklar öz höwürtge tutunýan ýerlerine barmak üçin, ýüzlerçe kilometr ýol geçmeli bolýarlar.
Goraghanada guwylaryň 3 görnüşi- tauty, sohra we tundra guwy gyşlaýarlar. Biziň sebitlere gyşlamaga äpet deňiz bürgütleri hem uçup gelýärler. Edil çopanlar ýaly, olar ördek, sakarbarak sürüleriniň üstünden uçup, olaryň arasyndan kesellilerini we ejizleräklerini gözleýärler, şol zeýillilerini tutmak olara aňsat düşýär. Şeýlelik bilen deňiz bürgütleri guşlaryň arasynda keselleriň ýaýramagyna ýol bermeýärler.
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň hünärmenleri gyşlamaga gelýän guşlary uçup gelen pursatyndan başlap, tä uçup gidýänçäler her ýyl gözegçilik edip maglumat toplaýarlar. Gyş gazaply gelen ýyllarda kesellenen we ysgynnan gaçan guşlary goraghananyň wolýerlerinde esli wagtlap saklaýarlar hem-de howa maýlandan soň öz erkine goýberýärler.
Elmira Rozumowa
Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň laboranty.