Bag berekediň eşretli durmuşyň egsilmez çeşmesidir.
14 Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan at myradyň mekany adyna eýe bolan 2026-njy ýylda geçirilýän çäreleriň çäklerinde Türkmenistanyň tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölümi tarapyndan Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň Gabakly bölüminde Bag berekediň eşretli durmuşyň egsilmez çeşmesidir ady bilen amaly okuw maslahatyny geçirdi.
Amaly okuw maslahatyna Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri bagbanlary, Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylymy işgärleri hünärmenleri, Dänew etrabynyň ýaşaýjylary we tebigat söýüjiler gatnaşdylar. Amaly okuw maslahatynyň gurnaýjysy bolup çykyş edýän Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmenleri Maýsa Berdiýewa, Arslan Merdanowyň eden çykyşlarynda Garaşsyzlygyň ilkinji günlerinden başlap tebigaty, ilatyň saglygyny, biologiki köpdürliligini goramak ýer, suw baýlyklaryny rejeli peýdalanmak, ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek meseleleri aýratyn üns merkezinde saklanýandygy ýer togalagynyň abadan, arassa, howsuz we rahat mekan bolmagyny üpjün etmek ugrunda Türkmen Halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Alyp barýan toplumlaýyn uly göwrümli we uzak möhletleýin gelejegi nazarlaýan parasatly ekologiýa taýdan arassa gurşawy döretmäge gönükdirilendigi buýsanç bilen beýan edildi şeýlede şol işlerde Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylymy işgärleriniň goşýan goşantlary dogrusynda gürrüňler edildi. Amyderýanyň orta akymynda ençeme meýdany özünde jemleýän Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäklerini iki bölege bölýän gadymy Jeýhunyň iki kenary-da toraňňy tokaýlyklarynyň ýekenleriň, gamyşlaryň, buýanlaryň mesgen tutunan topragy hasaplanylýandygy, bu ýerde toraňňy tokaýlary, ýabany igdeler köpçülikleýin kemala gelýändigi, guşlaryň uçup geçýän we hemişelik ýaşaýanlary ýagny çyllyklar, çarlaklar hüwiler, serçeler laçynlar we bürgütleriň duş gelýändigi Nargiz çäkli bölümide bolsa ýekegaplaňlaryň sugunlaryň, keýikleriň şagallaryň, towşanlaryň, hemişelik ýaşap tebigat gözelliklerimize gözellik nuruny çaýýanlygy, bekreler maşgalasyna degişli bolan balyklaryň seýrek duş gelýän Pilburun görnüşiniň bolsa Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň işgärleri tarapyndan aýratyn gorag astyna alynandygy öz beýanyny tapdy. Amaly okuw maslahatyna gatnaşyjy Dänew etrabynyň 45-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Maral Batyrowa çykyşynda Amyderýa goraghanasynyň genji hazynasyna öwürilen Buhara sugunlary adyna eýe bolan sugunlaryň baş sanyny köpeltmek we olary goramak işleriniň geçirilýänligi dogursynda gürrüňler etdi.
Biz gelejekde hem welaýatyň çäklerinde bar bolan Köýtendag we Repetek döwlet biosfera goraghanalarynda bolup goraghanalarda alynyp barylýan işleri hasda ýaýwaňlandyryp türkmen tebigatyna bolan söýginiň kämilleşmegini gazanyň Garaşsyz Baky Bitarap Türkmenistan at myradyň mekany ýylyny dabaralandyrarys.
Türkmenistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň başlygy
Garly Gullyýew