Türkmenistan boýunça 2026-njy ýylyň noýabr aýynyň 16-22-si aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
30 Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+5°С-dan +10...+12°С aralygynda maýyl, gündizlerine +12...+14°С-dan +17...+19°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+4°С-dan +8...+10°С aralygynda maýyl, gündizlerine +11...+13°С-dan +16...+18°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +3...+8°С-dan +10...+15°С aralygynda maýyl, gündizlerine +14...+19°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +11...+16°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda we ahyrynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +2...+7°С-dan +8...+13°С aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+14°С-dan +16...+21°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine 0...+5°С-dan +7...+12°С aralygynda maýyl, gündizlerine +9...+14°С-dan +17...+22°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -1...+4°С-dan +6...+11°С aralygynda maýyl, gündizlerine +8...+13°С-dan 15...+20°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň başynda ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 10-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine -3...+2°С-dan +2...+7°С aralygynda maýyl, gündizlerine +5...+10°С-dan +11...+16°С aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-9,0 mm bolmagyna garaşylýar.