Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň arasynda hyzmatdaşlyk hakynda Ähtnama gol çekildi

16
 Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti bilen Suw serişdelerini dolandyrmak boýunça halkara institutynyň (IWMI) arasynda «Suw serişdelerini dolandyrmak ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakynda» Ähtnama gol çekildi.
Ähtnamanyň esasy maksady suw serişdelerini durnukly dolandyrmak, suw howpsuzlygyny ýokarlandyrmak hem-de bu ugurda ylmy-tehniki mümkinçilikleri güýçlendirmek boýunça özara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybaratdyr.
Ähtnamanyň çäklerinde suw serişdelerini dolandyrmak bilen bagly ylmy-barlaglary geçirmek, okuw çärelerini we maslahatlary guramak, tejribe hem-de bilim alyşmak boýunça bilelikdäki işleri alyp barmak göz öňünde tutulýar. Şeýle hem täze maksatnamalary we strategiýalary işläp düzmek, analitiki seljermeleri taýýarlamak hem-de degişli taslamalary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk ýola goýlar.
Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri halkara tejribelerini giňden peýdalanmak, ylmy-tehniki we bilermenleriň goldawyny çekmek, şeýle hem suw hojalygy pudagynda geljekki taslamalary amala aşyrmak üçin halkara hyzmatdaşlygy ösdürmekden ybarat bolar.
 Bäş ýyl möhlete niýetlenen Ähtnama Türkmenistanyň suw serişdelerini netijeli we durnukly dolandyrmak ulgamyny kämilleşdirmäge, döwrebap ylmy-tehniki çözgütleri ornaşdyrmaga hem-de bu ugurdaky halkara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge giň mümkinçilikleri döreder.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04