Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak boýunça halkara taslama durmuşa geçiriler
16 Türkmenistan Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak, hapalanmalara gözegçiligi güýçlendirmek we biodürlüligi gorap saklamak boýunça täze halkara taslamany durmuşa geçirmäge taýýarlyk görýär.
«Hazar deňziniň ekologik ýagdaýyny gowulandyrmak: hapalanmalara gözegçilik etmek we biodürlüligi gorap saklamagy meýilleşdirmek boýunça mümkinçilikleri ýokarlandyrmak» atly taslama 2026–2030-njy ýyllarda Türkmenistanyň, Azerbaýjanyň we Gazagystanyň gatnaşmagynda amala aşyrylar.
Taslama Global Ekologik Gaznasy (GEF) we Bütindünýä banky tarapyndan maliýeleşdirilip, onuň umumy maliýe serişdeleri 11 million 700 müň amerikan dollaryna barabardyr. Taslamanyň durmuşa geçirilmegine Bütindünýä banky, BMG-niň Daşky gurşaw boýunça maksatnamasy (UNEP) hem-de BMG-niň Taslama hyzmatlary boýunça edarasy (UNOPS) gatnaşar.
Taslamanyň çäklerinde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Hazar deňziniň ekologiýa gözegçilik gullugyna we Hazar döwlet tebigy goraghanasyna tehniki hem-de ylmy taýdan goldaw berler. Deňiz suwunyň, howanyň we düýp çökündileriniň ýagdaýyna gözegçilik etmek üçin döwrebap ýöriteleşdirilen enjamlar satyn alnyp, hünärmenleriň bilimlerini we başarnyklaryny ýokarlandyrmak boýunça okuwlar geçiriler.
Şeýle hem Hazar döwlet tebigy goraghanasynyň düzüminde meýdany takmynan 80 müň gektara barabar bolan «Garabogaz» täze çäkli goraghanasyny döretmek hem-de onuň üçin toplumlaýyn dolandyryş meýilnamasyny işläp düzmek göz öňünde tutulýar.
Taslama Hazar deňziniň biodürlüligini gorap saklamaga, şol sanda ýitip gitmek howpy astyndaky düwlenleriň, bekre balyklaryň we Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen guşlaryň ýaşaýan, göçýän, iýmitlenýän hem-de gyşlaýan ýerlerini goramak şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendir.
Bu taslamanyň durmuşa geçirilmegi Hazar deňziniň ekoulgamyny goramak, ekologik gözegçiligi döwrebaplaşdyrmak we sebitleýin hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça möhüm ädim bolar.