Aşgabatda howa maliýeleşdirmesi boýunça milli maslahat tamamlandy

19
  AŞGABAT, 2026-njy ýylyň 27-nji oktýabry — Aşgabatda Türkmenistanyň howanyň  üýtgemegi boýunça maliýeleşdirme we howanyň üýtgemegine degişli taslamalary taýýarlamak boýunça kuwwatyny berkitmäge gönükdirilen dört günlük milli maslahat tamamlandy. Bu çäre Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň, BMG-niň Azyk we oba hojalygy boýunça guramasynyň (FAO) hem-de Ýaşyl howa gaznasynyň (ÝHG) «Mümkinçilikleri we strategiki çarçuwalary artdyrmak arkaly howa babatda maliýleşdirmegiň elýeterligi boýunça Türkmenistanyň mümkinçiliklerini ýokarlandyrmak» atly bilelikdäki ýerine ýetirilýän taslamanyň çäginde geçirildi.
Maslahata degişli ministrlikleriň we edaralaryň, maliýe pudagynyň, ylmy-barlag edaralarynyň, şeýle-de Türkmenistanyň welaýat häkimlikleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Esasy üns parnik gazlarynyň zyňyndylaryny azaltmak we howanyň üýtgemegine uýgunlaşmak çärelerine, şeýle hem degişli taslamalary durmuşa geçirmek üçin howa maliýeleşdirmesini üpjün etmek mümkinçiliklerine gönükdirildi. Gatnaşyjylar parnik gazlarynyň zyňyndylaryny hasaba almagyň we olaryň saklanmagynyň usullaryny öwrendiler we oba hojalygynda, tokaý hojalygynda, ýer dolandyryşynda we tebigy ekoulgamlary gorap saklamak we howanyň üýtgemegine durnuklylygyny ýokarlandyrmak üçin möhüm ähmiýete eýe bolan beýleki ugurlarda maýa goýum mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
 Amaly okuwlaryň barşynda oňa gatnaşyjylar, halkara howa maliýeleşdirmesini gazanmak maksady bilen taslamalary bahalandyrmak, saýlamak we taýýarlamak boýunça çemeleşmeler barada öwrendiler. Maglumatlary seljermek we taslama tekliplerini esaslandyrmak üçin halkara maglumat çeşmeleriniň, şol sanda FAOSTAT-yň we Bütindünýä bankynyň Howanyň üýtgemegi baradaky bilim portalynyň ulanylmagyna aýratyn üns berildi. Maslahata gatnaşyjylar tokaýlaryň we topragyň uglerody jemlemekde we saklamakda tutýan ornuny, şeýle hem halkara uglerod bazarlarynyň işini düzgünleşdirýän esasy ýörelgeleri öwrendiler.
 Howa bilen baglanyşykly başlangyçlaryň strategik meýilleşdirilmegine degişli meseleler maksatnamada möhüm orun eýeledi.  Maslahatda  gözden geçirilen esasy resminamalaryň arasynda Türkmenistanyň täzelenen Milli derejede kesgitlenen goşandy (NDC) üçin maýa goýum meýilnamasy we Aral deňziniň daşky gurşawyny bahalandyrmak baradaky hasabat boldy. Bu resminamalar bilen baglanyşykly işler ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrmaga we degişli başlangyçlary mundan beýläk-de durmuşa geçirmek üçin mümkinçilikleri kesgitlemäge gönükdirilendir.
Dört günlük maslahatdan soň, oňa gatnaşyjylar gazanylan netijeleri jemlediler, geljekki işler üçin ileri tutulýan ugurlary anykladylar we howa taslamalaryny taýýarlamak üçin amaly ädimleri kesgitlediler. Maslahat degişli edaralaryň arasynda bilim we tejribe alyşmak üçin platforma bolup hyzmat etdi we ýurduň howa maliýeleşdirmesi, maýa goýum tekliplerini taýýarlamak we uglerod bazarynyň mehanizmlerini ulanmak ugurlarynda mümkinçiliklerini güýçlendirmäge kömek etdi.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04