Türkmenistan aýratyn goralýan tebigy çäklerde zoonoz wehimleriniň öňüni almak boýunça çäreleri berkidýär
14Türkmenistanyň goralýan we goraghanalaryň çäklerinde zoonoz geçişiniň (kesel döredijileriň haýwanlardan adamlara geçmeginiň) töwekgelçiligini azaltmak tebigaty goramak, weterinariýa we saglygy saklaýyş ulgamlarynyň birleşdirilen hereketlerini talap edýär. Bu ugurdaky mümkinçilikleri berkitmek maksady bilen, 1-3-nji oktýabr aralygynda Aşgabatda biohowpsuzlyk we «Bitewi saglyk» (One Health) çemeleşmesi boýunça amaly okuw maslahaty geçirildi. Çärä Türkmenistanyň ähli künjeklerinden tebigaty goramak boýunça döwlet inspektorlary, ylmy işgärler we degişli döwlet edaralarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Türkmenistanyň çöl we ýarym çöl landşaftlarynda ýabany haýwanlar we öý mallary çäkli öri meýdanlaryndan we suw çeşmelerinden bilelikde peýdalanyp bilýärler, bu bolsa ýokanç keselleriň geçmek ähtimallygyny döredýär. Uzak ýerleşýän çäklerde işleýän işgärler we döwlet inspektorlary irki duýduryş ulgamynda möhüm ähmiýete eýedirler: olar ýabany haýwanlaryň adatdan daşary gyrylmagyny ýa-da keselleriň alamatlaryny wagtynda ýüze çykaryp, görlen zatlary resmileşdirip we degişli edaralara çalt habar berip bilýärler.
«Türkmenistanyň goralýan we goraghana çäkleri ýurdumyzyň iň möhüm ekoulgamalarynyň we ýabany haýwanlarynyň öýüdir. Bu çäklerde işleýän adamlaryň üstüne diňe bir biodürlüligi gorap saklamak däl, eýsem daşky gurşawdaky we ýabany haýwanlardaky üýtgeşmelere gözegçilik etmek barada hem uly jogapkärçilik düşýär. Olaryň biohowpsuzlyk we “Bitewi saglyk” konsepsiýasy boýunça bilimlerini çuňlaşdyrmak ýabany tebigata, öý mallaryna we ahyrsoňy adamlara wehim salýan töwekgelçiliklere gowy düşünmäge hem-de olara netijeli garşy durmaga kömek eder» diýip, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygynyň orunbasary Mahmytgurban Dosow belledi.
Zoonoz geçiş kesel dörediji (patogen) haýwandan adama geçende bolup geçýär. Bu töwekgelçiligi azaltmak ýabany tebigatyň, öý mallarynyň, adamlaryň we olaryň umumy ýaşaýyş gurşawynyň kesişýän nokatlarynda bolup geçýän ýagdaýlara düşünmegi talap edýär. Ähtimallygy bolan wehimleri ilkinji bolup görýän hünärmenleriň dogry hereket etmegi we kimi habardar etmelidigini bilmegi örän möhümdir. Sebitde mahsus bolan endemiki ýokançly keselleriň bardygyny göz öňünde tutup, okuw maslahatynyň esasy maksady tebigaty goramak boýunça döwlet inspektorlaryna we ylmy işgärlere duýduryş belgilerini irki tapgyrda ýüze çykarmak boýunça amaly başarnyklary öwretmekden ybarat boldy. Haýwanlaryň geň özüni alyp baryşlary, gemirijileriň köpçülikleýin gyrylmagy, öý mallarynyň ýa-da ýabany haýwanlaryň sebäpsiz ölmegi, şeýle-de suw çeşmeleriniň töwereginde keselli ýa-da ölen haýwanlaryň jemlenmegi ýaly adatdan daşary ýagdaýlary saýgarmaklyga aýratyn üns berildi.
«Tebigaty goramak “Bitewi saglyk” çemeleşmesiniň aýrylmaz bölegidir. Ekoulgamalaryň sagdynlygyny saklamak, ýabany haýwanlaryň populasyýalaryny goramak we olaryň adamlar hem-de öý mallary bilen galtaşýan zolaklaryna çuňňur düşünmek arkaly biz zoonozlaryň ýaýramak töwekgelçiliginiň öňüni almaga we azaltmaga kömek edýäris. Aýratyn goralýan tebigy ýerler we olary biodürlüligi goramagy umumy sanitariýa-epidemiologik howpsuzlygy ulgamy bilen baglanyşdyryp öwrenýän hem-de dolandyrýan hünärmenler möhüm orny eýeleýärler» diýip, TGHB-niň (IUCN) Conservation Action maksatnamasynyň uly menejeri Dao Nguen nygtady.
Esasy üns AGTÝ-iň (aýratyn goralýan tebigy ýerleriň) işgärleriniň amaly ornuna berildi. Gorag we ylmy işgärlerinden özbaşdak kesgitlemek ýa-da biologik nusgalary toplamak talap edilmeýär. Onuň deregine okuw şular ýaly ýönekeý we düşnükli hereket tertibini berkitdi: anyklamak, galtaşmakdan gaça durmak, belgilemek we habar bermek. Gatnaşyjylar synlamalary resmileşdirmek başarnyklaryny (şikes alan haýwanlaryň görnüşini we sanyny, ýerleşýän ýerini, fotosuratyny, ýagdaýyny belgilemek) kämilleşdirdiler we şübheli wakalar barada degişli edaralara habar bermegiň ýollaryny gözden geçirdiler.
«Netijeli irki duýduryş elmydama çylşyrymly tehnologiýalardan ýa-da barlaghana barlaglaryndan başlanmaýar. Ol köplenç ýerindäki hünärmeniň öz wagtynda adatdan daşary üýtgeşmäni saýgarmagy we haýsy maglumatlary toplap, nirä ugratmalydygyny bilmegi bilen başlanýar. Ýerindäki ilkinji synlamalar bilen milli epidemiologik gözegçilik ulgamlarynyň arasyndaky bu baglanyşygy berkitmek tebigaty goramak amalyýetini “Bitewi saglyk” ulgamynyň möhüm bölegine öwürýär» diýip, Conservation X Labs guramasynyň tehniki geňeşçisi Şirin Garryýewa belledi.
Bu esasan Türkmenistanyň giň we barmasy kyn bolan goralýan çäkleri üçin aýratyn wajypdyr, sebäbi döwlet inspektorlary iň ýakyn weterinariýa ýa-da lukmançylyk nokadyndan uzak aralykda bolup bilerler. Şol sebäpli gün tertibine şahsy gorag serişdelerini ulanmak, aýakgaplary, tehnikany we esbaplary zyýansyzlandyrmak, ölen haýwanlaryň maslyklary bilen ygtybarly çemeleşmek hem-de gözegçilikleriň dowamynda dişleme, dyrnama ýa-da ýokançly haýwan bilen galtaşma bolanda ilkinji kömegi bermek meselelerini hem öz içine aldy.
Üç günlük maksatnama nazaryýet sapaklaryny, amaly maşklary we meýdan gözegçiliklerini birleşdirdi. Bereketli-Garagum döwlet tebigy goraghanasynyň aýratyn goralýan çäge bolan gezelenç wagtynda gatnaşyjylar ýabany we öý haýwanlarynyň adamlar bilen galtaşýan esasy nokatlaryny (umumy öri meýdanlaryny we suw çeşmelerini) kesgitlediler, şeýle hem ekologik täsir edijileriň (stressorlaryň) we keselleriň ýaýramagynyň ähtimallygy bolan ýollarynyň kartasyny düzdüler. Bu maglumatlaryň esasynda olar töwekgelçilikleri dolandyrnak we habar bermek boýunça ýerli meýilnamalary işläp düzdüler.
«Biziň maksadymyz – inspektorlary weterinarlara ýa-da ýokanç keseller hünärmenlerine öwürmek däl-de, olara amaly gurallary öwretmekden ybaratdyr, ýagny olar howp-hatary öz wagtynda saýgaryp, özlerini we töweregindakileri goramagy, degişli hünärmenlere takyk maglumaty ýetirip bilmeldirler. Uzak aralykdaky ýerlerde geçirilen ilkinji gözegçilikler örän gymmatlydyr. “Bitewi saglyk” çemeleşmesi ýabany tebigata iň ýakyn duran adamlar derňew we çäre görme umumy ulgamyna birikdirilen ýagdaýynda işleýär» diýip, milli okuw maslahatynyň esasy tälimçisi doktor Jonatan M. Sliman düşündirdi.
Okuw maslahatynyň soňunda gatnaşyjylar gazanan bilimlerini we başarnyklaryny amaly ädimlere geçirip, özleriniň tebigaty goramak edaralary üçin «Bitewi saglyk» boýunça şahsy meýilnamalaryny işläp düzdüler. Meýilnamalar gozegçiligi berkitmäge, ähtimallygy bolan biologik töwekgelçilikleri dolandyrmaga hem-de ýerlerdäki işgärler bilen wehimleri derňemäge we aradan aýyrmaga jogapkär bolan ylmy, weterinariýa we lukmançylyk gulluklarynyň arasyndaky sazlaşygy gowulandyrmaga gönükdirilendir.