Türkmenistan boýunça 2026-njy ýylyň oktýabr aýynyň 05-11-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
19 Aşgabatda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+12°С-dan +14...+16°С aralygynda maýyl, gündizlerine +22...+24°С-dan +26...+28°С aralygynda maýyl bolar.
Arçabilde: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 13-15 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+11°С-dan +13...+15°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+22°С-dan +25...+27°С aralygynda maýyl bolar.
Balkan welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +15...+20°С aralygynda maýyl, gündizlerine +26...+31°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +22...+27°С maýyl bolar.
Ahal welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň birinji ýarymynda az-kem ýagyş ýagar. Gündogardan demirgazyk-günbatara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +9...+14°С-dan +13...+18°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+25°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl bolar.
Mary welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, hepdäniň ortasynda az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +10...+15°С-dan +14...+19°С aralygynda maýyl, gündizlerine +20...+25°С-dan +26...+31°С aralygynda maýyl bolar.
Lebap welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, demirgazyk-gündogardan tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +6...+11°С-dan +12...+17°С aralygynda maýyl, gündizlerine +16...+21°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl bolar.
Daşoguz welaýatynda: üýtgäp durýan bulutly howa bolup, günorta-günbatardan demirgazyk-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +4...+9°С-dan +8...+13°С aralygynda maýyl, gündizlerine +16...+21°С-dan +21...+26°С aralygynda maýyl bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-5,0 mm bolmagyna garaşylýar.