PÄHIM-PAÝHASYŇ WE TEBIGY SAZLAŞYGYŇ ALTYN ÇEŞMESI: ÝAŞULYLARYMYZ — DURMUŞ MEKDEBI

18
Güýz paslynyň ilkinji günlerinde, ýagny 1-nji oktýabrda ülkämizde Bütindünýä Ýaşullaryň halkara güni uly dabaralara, belent ruhy galkynyşa beslenip bellenilýär. Asyrlar boýy gözbaş alýan milli ýörelgelerimizde ýaşuly neslimize, pähim-parasatly aksakgallarymyza we mähriban ak saçly enelerimize sarpa goýmak, olaryň durmuş mekdebinden sapak almak, halkymyzyň iň mukaddes ahlak bereketi saýylýar. Ýaşulylarymyz — diňe bir maşgala ojagynyň bereketi däl, eýsem bütin jemgyýetimiziň berkarar sütüni, milli gymmatlyklarymyzy geljege äkitýän altyn köprüsidir.
Türkmen halkynyň gadymy mirasynda tebigata, topraga we suwa bolan keramatly garaýyş ýaşulylarymyzyň paýhasy bilen ömürlerimize siňdi. Tebigaty gözümiziň göreji dek aýamak, daşky gurşawy arassa saklamak, topragyň her bir dänesini, suwuň her bir damjasyny mukaddes bilmek baradaky pähim-paýhasly nesihatlar ýaşuly neslimiziň bize galdyran beýik durmuş mekdebidir. Ýaşulylarymyzyň tebigat bilen sazlaşykda ýaşamak, diýarymyzy bagy-bossanlyga öwürmek baradaky nesihatlary bu günki günde ekologiýa arassalygyny saklamakda we daşky gurşawy goramakda uly ruhy çeşme bolup hyzmat edýär.
Garaşsyz, Bitarap Türkmenistan diýarymyzda Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ynsanperwer syýasatyň özeninde ýaşuly neslimize mukaddes sarpa goýmak we olaryň döwletli maslahatlaryna eýermek bolup durýar. Gahryman Arkadagymyzyň bellemagine görä, nurana aksakgal gojalarymyzyñ we mähriban enelerimiziň berýän mukaddes ak patalary, pähim-paýhasy berkarar Watanymyzyň beýik tutumlaryna we gülleýän ekologiýa abadançylygyna egsilmez kuwwat berýär.
Häzirki bagtyýar zamana ýaşulylarymyzyň köpýyllyk zähmet tejribesini we daşky gurşawa bolan aýawly garaýşyny ýaş nesle geçirmekde "Halypa-şägirtlik" ýoluny täze belentliklere göterdi. Halypalyk mekdebi — bu diňe bir kär öwretmek bolman, eýsem Watana, topraga, arassa tebigata bolan çäksiz söýgi, zähmetsöýerlik we ýokary jogapkärçilik mekdebidir.
Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda ýaşulylarymyzyň parahat, eşretli we sagdyn durmuşda ýaşamagy, olaryň döwlet derejesinde hormatlanmagy üçin ähli mümkinçilikler döredilýär.
Ýaşullaryň halkara güni mynasybetli öňümizde mekdep bolup durýan eziz ýaşulylarymyza, mähriban enelerimize we zähmet ýolunda görelde bolýan halypalarymyza berk jan-saglyk, uzak ömür, maşgala agzybirligini hem-de parahatçylyk arzuw edýäris! Halkymyzy agzybirlige, eşretli gelejege we arassa tebigatly bagtyýar zamanalara alyp barýan Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, il-ýurt bähbitli beýik işleri hemişe rowaç bolsun! Baýramyňyz gutly bolsun!
                     
Amangül Arabaliýewa
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň “Suwuň, topragyň 
hapalanmagyna gözegçilik” laboratoriýasynyň müdiri

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04