Türkmenistan bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi

28
  Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Bütindünýä Tebigaty Goramak Gaznasynyň (WWF) arasynda daşky gurşawy goramak babatda özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekildi.
Gol çekmek dabarasy wideoaragatnaşyk görnüşinde geçirildi diýip, Türkmenistanyň DIM-iniň saýtynda habar berildi.
 Resminamanyň çäklerinde 2026 — 2030-njy ýyllar üçin bilelikdäki taslamalaryň we çäreleriň meýilnamasyny işläp taýýarlamak göz öňünde tutulýar. Esasy ileri tutulýan ugurlar hökmünde ýabany tebigaty goramak, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň ulgamyny kämilleşdirmek, biodürlilige gözegçilik etmek, Aziýa gaplaňynyň, gulanlaryň, Buhara sugunynyň, jereniň we Amyderýa pilburnunyň populýasiýalaryny gorap saklamak we dikeltmek, şeýle hem seýrek duş gelýän guş we ösümlik görnüşlerini goramak kesgitlenildi.
 Ekologik geçelgeleri we bufer zolaklaryny ösdürmäge, tebigy landşaftlary we ekoulgamlary gorap saklamaga hem-de dikeltmäge, ekologik bilim bermegi ösdürmäge, ylmy bilimleri we tebigaty goramak boýunça öňdebaryjy tejribeleri alyşmaga aýratyn üns berler.
 Hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri Merkezi Aziýa ýurtlary bilen serhetüsti tebigaty goraýyş hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak bolar.
 Taraplar milli tejribäni alyşmak, halkara bilermenleriniň tejribesinden peýdalanmak we Türkmenistanyň tebigy mirasyny gorap saklamaga hem-de bilelikdäki tebigaty goraýyş taslamalaryny durmuşa geçirmäge zerur serişdeleri çekmek arkaly hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardyklaryny tassykladylar diýlip, habarda bellenilýär.

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04