KÖPETDAG DÖWLET TEBIGY GORAGHANASYNYŇ 50 ýyllygy
9 2026-njy ýylyň 19-njy awgustynda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň edara-binasynda goraghananyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli “Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly dabaraly maslahaty geçirildi. Dabaraly ylmy maslahaty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi bilen Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň Milli merkeziniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Demokratik Partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň hem-de Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň we «Ýaş tebigatçy» jemgyýetçilik guramasynyň we başga- edara kärhanalaryň hünärmenleriniň gatnaşmaklarynda geçirildi. Bu dabaraly ylmy maslahaty Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Ösümlik we haýwanat dünýäsini goramak müdirliginiň başlygy R.Nuryýew gutlag sözi bilen açdy hem-de ýurdumyzyň döwlet tebigy goraghanalarynyň diýarymyzyň tebigatyny gorap saklamakdaky ähmiýetini, şeýle hem goraghananyň dag - ekoulgamynyň goralyp saklanmagynda goraghananyň işgärleriniň çekýän zähmedi barada belledi. Goraghananyň direktory B.Ataýew dabaraly maslahata gatnaşýan kärdeşlerimize we myhmanlara Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň tebigatyny gorap saklamakda meýilnamalaýyn ýerine ýetirilýän işler barada gürrüň berdi. Türkmenistanyň Agrosenagat işgärleriniň kärdeşler arkalaşygynyň Geňeşiniň başlygy B.Rozyýew ýurdumyzyň ekologiýa syýasatynda gazanylýan sepgitler hem-de goraghanalaryň tebigaty goramakdaky ähmiýeti barada we golaýda Köpetdag goraghanasynyň meýdanlarynda geçirilen meýdan iş sapary barada gyzykly gürrüňleri berdi. Türkmenistanyň Agrar partiýasynyň Aşgabat şäher komitetiniň baş hünärmeni M.Atageldiýew goraghananyň Agrar partiýasynyň agzalarynyň ähli döwlet derejesinde geçirilýän çärelere işjeň gatnaşýandygyny hem-de ýurdumyzy bagy-bossanlyga öwürmekde geçirilýän işleriň arassa gurşawy döretmekdäki ähmiýetini belledi. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň “Parahatçylyk medeniýeti” ÝUNESKO klubynyň başlygy A.Öwezowa ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawuna girizilen Repetek döwlet biosera goraghanasy, Gaplaňgyr we «Bereketli Garagum» döwlet tebigy goraghanalarynyň tebigy mirasy gorap saklamakdaky ähmiýetini belledi hem-de häzirki wagtda «Köýtendagyň karstlary, kanýonlary we gowaklary» atly serhetüsti tebigy desgany Bütindünýä tebigy mirasyň sanawuna goşmak boýunça Türkmenistanda alnyp barylýan işleri habar berdi.

Şeýle hem Köpetdagyň tebigy täsinlikleriniň özboluşly gymmatyny belledi. Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň biologiýa fakultetiniň mugallymy N.Guldurdyýew Köpetdagyň guşlaryny öwrenmekde goraghananyň ylmy işgärleri bilen bilelikde geçirýän ylmy-barlaglaryny gürrüň berdi hem-de goraghananyň guşlar dünýäsiniň täsinligini belledi. Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsiniň alym kätibi, ornitolog alym J.Saparmyradow ýurdumyzyň biodürlüliginiň täsinligi, şol sanda Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ösümlik we haýwanat dünýäsiniň gymmatly genofondyny gorap saklamagyň wajyplygyny gürrüň berdi. Türkmenistanyň Tebigaty goramak jemgyýetiniň wagyz-nesihat işleri boýunça hünärmeni G.Çaryýarowa raýatlaryň arasynda geçirilýän wagyz-nesihat işlerini habar berdi. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň “Tebigat muzeýiniň” ýaşlaryň tebigat baradaky bilimlerini ýokarlandyrmakda aýratyn ähmiýete eýedigini belledi. Dabaraly maslahatda goraghananyň meýdanlarynda ýaýran ösümlikleriň we ýabany haýwanlaryň suratlary görkezildi hem-de hereket duýujy surat enjamlaryň üsti bilen alnan alajagaplaňyň, dag tekeleriň, dag goçlaryň we dürli guşlaryň ýazgylary wideoşekilleriň üsti bilen görkezildi.

Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli geçirilen dabaraly maslahatda goraghanada işleýän işgärlere Türkmenistanyň jemgyýetçilik guramalary tarapyndan höweslendirme sowgatlary gowşuryldy.
“Köpetdagyň tebigy gözellikleri” atly dabaraly maslahata gatnaşyp çykyş edenler hem-de goraghananyň işgärleri gözel tebigatymyzy gorap saklamakda döredilip berilýän mümkinçiliklerine hem-de goraghananyň döredilmeginiň 50 ýyllygy mynasybetli Gahryman Arkadagymyza we Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sag bolsun aýtdylar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, döwlet ähmiýetli işlerinde uly üstünlikleri gazanmaklaryny arzuw edýäris.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň başlygy
Aknabat Potaýewa