Dermanlyk ösümlikleriň mekany
11 Hormatly Arkadagymyz öz halkynyň aladasy bilen ýaşap, olaryň saglygyny dürli kesellerden, amatsyzlyklardan gorap saklamak maksady bilen „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly köp jiltli ensiklopedik kitaplaryny halkymyza sowgat berdi. Uly bilime, ylma, akyl paýhasa ýugrulyp ýazylan, bu ajaýyp ylmy ensiklopedik işleri raýatlara gollanma bolup, olaryň ýan kitabyna öwrüldi. Ony ähli halk özüniň we ýakynlarynyň saglygyny gorap saklamak üçin giňden okap, öwrenýärler we ulanýarlar.
Kitaplarda agzalýan dermanlyk ösümlikleriň aglaba görnüşleri Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň düzümine girýän 9 sany goraghananyň çäklerinde hem duş gelýär. Şol sanda, olaryň belli bir görnüşlerini Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde hem görmek bolýar. Goraghananyň işgärleri olaryň görnüşlerini anyklamak, gorlaryny kesgitlemek, öwrenmek, gorap saklamak işlerini uly höwes bilen alyp barýarlar.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasy 1982-nji ýylda döredilip, ol Amyderýanyň orta akymynyň hem-de ýakyn ýerleşýän çöllük ýerleriniň ekologik ulgamlaryny öwrenmek, goramak we öňki derejesine getirmek wezipelerini ýerine ýetirýär.
Goraghana Lebap welaýatynyň Farap, Dänew we Darganata etraplaryna degişli çäklerde bolup, umumy meýdany 48350 ga, onuň 36300 ga çöller, 6500 ga kenarýaka tokaýlyklar eýeleýär. Onuň Nargyz, Gabakly, Görelde meýdançalary gadymy Jeýhun derýanyň sag we çep kenarlaryndaky tokaýlyklarda we olara ýanaşyk çöl ulgamlarynda ýerleşen.
Tokaýlyklar esasan Amyderýanyň suwy bilen bagly. Amyderýa özüniň durnuksyz akymy bilen beýleki derýalardan tapawutlydyr. Onuň suwy süýji, açyk goňur reňkli, çalt akýar, ýylda 2-3 gezek güýçli joşgunlar döreýär. Ol döwürlerde tokaýlara suw çykyp, toprak şor duzlardan arassalanýar. Tokaýlaryň ýumşak, çemenlik topraklary her ýyl çüýrüntgileriň, suwda akyp gelýän gyrmançalaryň hasabyna gurplanýar we dürli ösümlikleriň ösmegine amatly şert döredýär. Amyderýanyň kenarynda ösýän ençeme ululy-kiçili tokaýlyklar tebigatyň adamzada beren uly baýlygydyr. Olar ýylyň ähli pasyllary hem gözeldir, ýöne bahar we güýz aýlary has owadan keşbe girýärler. Pasyllaryň soltany baharda ähli ösümlikler gök öwsüp, gül açýar, olaryň hoşboý yslary ruhyňy galdyrýar, güýz aýlary-ýapraklar sarymtyl-gyzyl öwüşgine beslenip, ähli meýdan altyn çaýylana dönýär, adamlara lezzet paýlaýar.
Amyderýa kenarlarynyň tämiz, salkyn howasy, asudalygy, dürli ösümliklere baý tokaýlary ynsan ömrüni uzaltmakda, saglygyny dikeltmekde we berkitmekde ähmiýeti uludyr.
Tokaýlarda duş gelýän ösümlik toplumynyň aglaba bölegi dermanlyk ösümliklerdir. Olardan deregiň iki görnüşi - petde we toraňňy, çemiş, süýji buýan, adaty we amyderýa düýedabany, ýylgynyň üç görnüşi - tüýlek, ýumşak we köp şahaly, inçe ýaprakly igde, ýabany süýtleňňiç we başgalar duş gelýär. Deregiň petde görnüşi (Populus pruinosa) Tebigaty Goramagyň Halkara Guramasynyň Gyzyl sanawyna hem girizilendir. Derman önümçiliginde giňden ulanylýan ösümlikleriň biri süýji buýandyr (Glycyrrhyza glabra). Ähmiýeti boýunça ženşene deňelýän buýan köki türkmen halkynyň milli baýlygy we buýsanjydyr.
Ýurdumyzda narpyzyň (Mentha longifolia) bejerijilik häsiýeti ählimize bellidir. Ol köplenç oazislerde medeni we ýabany görnüşinde duş gelýär. Himiki düzümi efir ýaglaryna, esasan hem mentola baýdyr. Halk tebipçiliginde onuň ýapragy ýürek bulanmakda, aşgazan-içege kesellerinde, iç agyrylarda ulanylýar. Ylmy lukmançylykda narpyzyň ýapragyndan ýasalan derman serişdeleri antiseptiki, sowuklama garşy, stenokardiýa we atereskleroz, gipertonik keselleri bilen kesellän näsaglary bejermekde giňden ulanylýar.
Halk lukmançylygynda çoganyň ýer üsti böleginden taýýarlanan peti deri kesellerinde, dokuzdonlyda, bitmesi kyn ýaralarda, ginekologiýada peýdalanýarlar. Miwesinden taýýarlanan şerbeti we alkaloidleriniň duzlary gipertonik kesellerinde, şizofreniýada, şokda, newrozda, ýüregiň we beýniniň damarlarynyň gysylmasynda ulanylýar. Onuň otundan taýýarlanan peti dokuzdonlyda we ýaralarda peýdalanylýar.
Goraghananyň aglaba bölegini çöl ulgamy eýeleýär. Çöller gurak, yssy howa şertleri, özboluşly tebigaty, özüne mahsus ösümlik we haýwanat dünýäsi bilen beýleki ulgamlardan tapawutlanýarlar. Onuň çäginde arid şertlerine uýgunlaşan we gurakçylyga çydamly ösümlikler we haýwanlar ýaşaýarlar. Çöller ýerüsti dürli ösümliklere, ýerasty „gara altyna“ baý bolup, egsilmez hazynadyr. Baharda ýagýan ygallaryň netijesinde çölleriň ösümlik dünýäsi oýanyp, gök salýar, dürli güller açylyp, gülzarlyga beslenýär. Bu pursatlarda seýle çykan her bir ynsan ondan lezzet alýar, buýsanýar. Çöl ulgamynda ygalyň ýetmezligi zerarly, ösümlik örtügi seýrekdir, ýöne dürli ähmiýetli ösümliklere has baýdyr.
Goraghananyň çöl çäginde, beýleki ösümlikler bilen ýanaşyk dermanlyk ösümlikler hem ösýär. Goraghananyň çöl meýdanlarynda häzire çenli 35 görnüşli dermanlyk häsiýetli ösümlik hasaba alyndy. Olardan: üzärlik, ýandak, demirtiken, ak sazak, Konollyň sözeni, porsy çomuç, Kareliniň çomujy, çöl sarysolmazy, turan pyşdyloty, gum borjagy, çerkez, ili çogany, meýdan ýemşigi, türkestan sözenegi we başgalar duş gelýär.
Gadymy döwürden bäri ýerli ilat arasynda üzärlik (Peganum harmala) giňden ulanylyp gelinýär. Ony Diýarymyzyň ähli ýerinde duş gelmek bolýar. Üzärlik şor däl, gumlak takyr ýerlerde ösýär. Ony keramatly hasaplap, „ýüz derdiň dermany“ hem diýipdirler. Üzärligiň düzüminde alkaloidler: garmalin, garmin, garmalol, peganin, gegamin we başgalar bolup, dürli deri kesellerine, kelle agyry, rewmatizm we beýleki köp görnüşli kesellere garşy ulanylýar. Onuň baldagy, tohumy, köki, güli näsaglary bejermekde peýdalanýar. Üzärligiň baldak we ýapraklarynyň öýde ýakylan tüssesi kesel dörediji mikroblardan arsalaýar, bu usul halk arasynda häzirki günlerde hem ulanylýar. Üzärligi gyzyl reňk öndürmekde hem ulanýarlar.
Şeýle-de, halkymyz ýandagy, demirtikeni ulanýar. Ýandak (Alhagi persarum) Diýarymyzyň ähli ýerlerinde duş gelýär. Ol dürli witaminlere (C, A, B, K) baý bolup, iç agyry we beýleki kesellere garşy, ýa-da ýadawlygy aýyrmak üçin „çaý“ taýýarlamakda peýdalanylýar. Demirtiken (Tribulus terrestris) çöl ulgamlarynda, takyrlarda köp duş gelýär. Onuň oty we miwesi sowuklama, guragyry we başgada birnäçe kesellere garşy ulanylýar.
Halk lukmançylygynda çomuçdan taýýarlanan melhemler irki döwürden bäri gysylmanyň we damar çekmäniň garşysyna, öt çykaryjy, kakynda, ippohondriýada, tutgaýda, bronh dem gysmasynda, öýken inçekeselinde, süýji keselinde, bagyr sökelliklerinde, merezýelde, howply çişlerde, daşky usulda ýara bitiriji we dermatozlarda peýdalanylýar. Gomeopatiýada, ösümligiň köküniň dermanlyk serişdesi bagyrda we aşgazan-içege ulgamynyň agzalarynyň kesellerinde, newrozlarda ulanylýar.
Düzüminde köp mukdarda saharoza saklaýanlygy üçin çomuç şeker berýän ösümlikleriň hataryna girýär.
Ähli dermanlyk ösümlikleriň häsiýetnamasy, ýygylyş möhletleri, melhem taýýarlanyşy, ulanylyşy barada Hormatly Arkadagymyzyň „Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri“ atly kitaplarynda giňden beýan edilen.
Türkmen topragy melhemler hazynasydyr. Hormatly Arkadagymyzyň belläp geçişi ýaly, bu toprakda bitmeýän ösümlik ýokdur. Diýarymyzyň her bir ösümligi, çöpi bir derdiň dermanydyr ýa-da gyzyla barabar başga ähmiýetlidir. Geljekde ylmyň, tehnikanyň we adamzadyň aň-düşünjesiniň ösmegi bilen täze, dermanlyk häsiýetleri bolan ösümlik görnüşleri ýüze çykarylar we näsaglary bejermekde giňden ulanylar.
Şu nukdaýnazardan Diýarymyzda Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň 4-nji neşirindäki (2024 ý.) sanawa girizilen, tebigatda sany az we ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik görnüşleriniň goralyp saklanylmagy we dikeldilmegi aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi, olar uzak taryhy ösüşde (ewolýusiýa) döräp, häzirki günlerimize gelip ýetipdirler. Olaryň bir görnüşi ýitirilse geljekde öwezini dolup bolmajak netijelere getirip biler.
Tebigatda sany az we ýitip gitmek howpy abanýan ösümlik görnüşleri nahalhanalarda köpeldilse maksada laýyk bolar we olaryň sanynyň tiz dikeldilmegine şert dörär.
Adamzat saglygyny gorap saklamakda möhüm gymmatlyklary bolan Diýarymyzyň özboluşly we täsin biologik dürlüligini gorap saklamak, rejeli peýdalanmak we geljek nesillerimize miras galdyrmak tebigaty goramak ulgamynyň işgärleriniň jana-jan wezipesidir.
Amyderýa döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy
Sadykow Ahmet