Türkmenistan boýunça 2026-njy ýylyň awgust aýynyň 17-23-i aralygynda hepdäniň dowamynda bolmagyna garaşylýan howa maglumaty
10 Aşgabatda: az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 10-13-den 14-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +24...+26°С-dan +28...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +37...+39°С-dan +40...+42°С aralygynda yssy bolar.
Arçabilde: az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, az-kem ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-12-den 11-14 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+24°С-dan +26...+28°С aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+37°С-dan +38...+40°С aralygynda yssy bolar.
Balkan welaýatynda: az-kem bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 9-14-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +21...+26°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +36...+41°С, welaýatyň kenarýaka etraplarynda +33...+38°С yssy bolar.
Ahal welaýatynda: az bulutly, hepdäniň ikinji ýarymynda üýtgäp durýan bulutly howa bolup, ýagyş ýagar. Demirgazyk-günbatardan günorta-gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+27°С-dan +26...+31°С aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Mary welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +25...+30°С aralygynda maýyl, gündizlerine +35...+40°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Lebap welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 8-13-den 12-17 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +22...+27°С-dan +26...+31°С aralygynda maýyl, gündizlerine +34...+39°С-dan +38...+43°С aralygynda yssy bolar.
Daşoguz welaýatynda: az bulutly howa bolup, demirgazyk-günbatardan gündogara ugruny üýtgedýän tizligi sekuntda 7-12-den 11-16 metre ýetýän şemal öwser. Howa gijelerine +20...+25°С-dan +24...+29°С aralygynda maýyl, gündizlerine +33...+38°С-dan +37...+42°С aralygynda yssy bolar.
Hepdäniň dowamynda Türkmenistan boýunça ýagnyň mukdary 0,1-6,0 mm bolmagyna garaşylýar.