Türkmenistanda döwlet tebigy gözegçisiniň Bütindünýä güni bellenildi
20 6-njy awgustda Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gidrometeorologiýa gullugynyň mejlisler zalynda her ýylyň 31-nji iýulynda bellenilýän daşky gurşawy goramak edaralarynyň döwlet gözegçileriniň Bütindünýä gününe bagyşlanan çäre geçirildi. Bu baýramçylyk çäresi ýer ýüzüniň iň ejiz tebigy we medeni gymmatlyklaryny goramaga öz ömrüni bagyşlan merdana erkeklere we zenanlara bagyşlanýar. Bu gün tutuş dünýäde tebigaty gorap saklamak baradaky tagallalarynda seýilgähleriň we goraghanalaryň döwlet gözegçileriniň möhüm işleri, оlaryň gulluk borçlaryny ýerine ýetirenlerinde duş gelýän hem-de köplenç ünsden düşürilýän howplary barada aýdyň ýatlatma bolup hyzmat edýär.

Türkmenistanda daşky gurşawy goramak edaralarynyň döwlet gözegçileriniň Bütindünýä gününi bellemek, olary işine höweslendirmek, şeýle hem jemgyýetçiligiň ünsüni tebigaty goramak işine çekmek maksady bilen, Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrligi tarapyndan “Conservation X Labs” guramasy bilen bilelikde çäre geçirildi. Oňa her bir döwlet tebigy goraghanasyndan we welaýat daşky gurşawy goramak müdirliklerinden aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçileri çagyryldy. Duşuşygyň dowamynda gatnaşyjylar aýratyn goralýan tebigy çäkleri goramak boýunça toplanylan iş tejribeleri bilen paýlaşdylar. Mundan başga-da, fotogapanlary we beýleki döwrebap gurallary ulanmak arkaly biodürlüligi gorap saklamak boýunça geçirilen işleriň netijeleri bilen tanyşdyryldy. Çäräniň soňunda her bir goraghanadan we welaýat daşky gurşawy goramak müdirliklerinden aýratyn tapawutlanan döwlet gözegçilerine gymmat bahaly sowgatlar hem-de şahadatnamalar gowşuryldy.