TÜRKMEN TEBIGATYNYŇ DÜNÝÄSINE GYZYKLY SYÝAHAT

15
  Türkmenistanda häzirki wagtdaýaşlaryň halkara ülňüleriniň derejesindebilim almagy üçin ähli şertler döredildi.Munuň özi, milletiň intellektualmümkinçiliklerini artdyrmak, häzirkizaman işgärler binýadyny kemalagetirmek we ýokary bilimlihünärmenlerbilen üpjün etmek üçin zerurdyr.
  Orta mekdepleriň we uniwersitetle-riň özara gatnaşyklary bilim ulgamynyňhas bir wajyp jähtlerine öwrüldi.Bu hyzmatdaşlyk bilimleriň we ba-şarnyklaryň dowamlylygyny üpjün etmäge kömek edýär, şeýle hemmekdep okuwçylaryna ýokary okuwmekdeplerindeýokary hilli bilim ber-mek hem-de olary mundan beýläk-deokatmaga taýýarlamak üçin zerur şert-leri döredýär.
Häzirki döwürde uniwersitetlerbilen mekdepleriň arasyndaky özaragatnaşyklaryň esasy ugurlary – okuw-usulyýet özara gatnaşyklary, ylmy-usulyýet işi, uniwersitetleriň esasyndamugallymlaryň hünär derejesiniýokarlandyrmak kurslaryny guramak arkaly işgärleri gaýtadan taýýarlamak,şeýle hem hünär ugruna ugrukdyryşişi: uniwersitetde açyk gapylargünlerini;onuňçäginde uniwersitetwe onuň taýýarlyk ugurlary baradasöhbetdeşlikleri;leksiýalary hem-de gezelençleri geçirmek, mekdepokuwçylaryny uniwersitetiň çärelerineçagyrmakdan ybaratdyr.
  Çagalaryň we ýetginjekleriň arasyndaylmyň wagyz edilmegi – buylmybilimleri elýeterli we gyzykly görnüşdeýetirmek bolup durýar. Mysal üçin,synp ýolbaşçylarynyň guramagyndageçirilýän okuw ekskursiýalarynyňdowamynda Magtymguly adyndakyTürkmen döwlet uniwersitetine ýurdumyzyň köp sanly orta mek-depleriniň, şolsanda A.S. Puşkinadyndaky türkmen-rus umumy ortabilim berýän mekdebiniň okuwçylarybaryp gördüler. Mekdep okuwçylarygeografiýa fakultetiniň ýanyndakygeologiýa muzeýine baryp görýärler, buýerde talyplaryň we mekdep ýaşlarynyňarasynda aň-bilim ösdüriji işleri alnypbarylýar. Şeýle gezelençler geologiýawe paleontologiýa dünýäsine çuňňurgirmäge mümkinçilik berýär.
Ekskursiýanyň başynda geografiýakafedrasynyň mugallymlary tarapyn-dan uniwersitetiň döredilmeginiňtaryhy, fakultetler barada, kafedralarhünärmenleri, bakalawrlary we magistrleri taýýarlamagyň esasy ugurlarybilen bagly hünär ugruna ugrukdyryjysöhbetdeşlikler geçirilýär. Okuwçylarüçin uniwersitetiň ady bilen atlandyrylanöz döwrüniň görnükli şahsyýetlerihakynda eşitmek hem gyzyklydyr.Şeýle hem okuwçylar uniwersitetimiziňbeýleki ýurtlaryň halkara ylmy-barlagmerkezleri bilen hyzmatdaşlygy baradagyzykly maglumatlary öwrenýärler.
  Ekskursiýanyň dowamynda mekdepokuwçylary ýurduň ýerasty baýlyklary,taryhy we umumy geologiýa, Ýeriňjümmüşinde we onuň üstündebolup geçýän endogen we ekzogenhadysalary barada maglumat alýarlar.Mundan başga-da, muzeýde Köýtenda-gyň tebigy ýadygärlikleri – ajaýypjülgeler, şaglawuklar, botaniki welandşaft ýadygärlikleri giňden gör-kezilýär.Dioramalar okuwçylara karstgowaklarynda emele gelýän dürlişekillerdäki minerallaryň özboluşlygörnüşleri bilen tapawutlanýan stalak-titler, stalagmitleriň “daş gülleri” bilentanyş bolmaga kömek edýärler.
  Bu ýerde özboluşly tebigy ýadygär-lik– gadymy süýrenijileriň 650 aýakyzy bolan dinozawrlaryň platosy tebigymaket görnüşinde görkezilýär. “Ýuradöwrüniň seýilgähi” atly maketdedinozawrlaryň ýura döwrüniň ähli esasygörnüşleri görkezilýär.
Günbatar Türkmenistanyň esasytebigy ýadygärlikleri hereket edýänpalçyk wulkanlary bolup durýar. Olaryňkäbiri hakyky magmatik wulkanlara(Akpatlawuk, Gökpatlawuk) meňzeýärwe dünýä ähmiýetli landşaft-geologikitebigy ýadygärlikleridir. Iň uly palçykwulkanlaryň biri “reňkler dagy” –Boýadag. Geologiýa muzeýinde buwulkan reňkli tebigy maket görnüşinde görkezilýär. Ony döretmek üçin ulymasştably topografiýa kartalary wesuratlar ulanyldy. Diorama wulkanyňhakyky gurluşyny doly görkezýär.
  Garabogaz köl aýlagy özboluşlytebigy gözel ýerdir. Ol çöl ýerleri bilengurşalan giň, az suwly duzly ýalpakaýlagy bolup, himiýa senagaty üçinzerur bolan gidromineral çig malyň baýtebigy barlaghanasydyr.
Bu muzeýde geçirilýän ekskursiýalarokuw jaýlarynyň özara gatnaşyklary-nyň we mekdep okuwçylarynyň özbilimlerini çuňlaşdyrmaga, şol san-da geologiýa ylmyny öwrenmägemümkinçilikleriniň aýdyň mysalydyr.Şeýle çäreler diňe bir ylma bolangyzyklanmanyň kemala gelmegineýardam etmän, eýsem, geologikinusgalary iş tejribesinde görmäge,ýurdumyzyň ýerasty baýlyklary, dagjynslary, Türkmenistanyň tebigy gözelýerleri barada toplumlaýyn düşünjelerialmaga mümkinçilik berýär.
  Geologiýa muzeýine ekskursiýalar–bu diňe bir gyzykly syýahat, işjeňlikdäl-de, eýsem başlangyç synplardanbaşlap mekdep okuwçylaryna haýsyylymlaryň we ol haýsy hünärleriň bar-dygyna hem-de olaryň biri-biri bilennähili baglanyşýandygyna düşünmägekömek edýän hünär ýokarlandyryş işiniňmöhüm bölegidir.

Aýbolek Berdiýewa,Saparmyrat Rejepow,
Magtymguly adyndaky Türkmendöwlet uniwersiteti

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04