GARAKÖLDE GYZYL GAZLAR
45 Ýurdumyzyň çäginde ýerleşýän Hazar deňzi, derýalar hem-de köller ýabany haýwanlaryň biodürlüligini, esasan hem guşlar dünýäsiniň görnüş dürlüligini gorap saklamakda wajyp ýaşaýyş gurşawy bolup hyzmat edýär. Daşoguz welaýatynyň Şabat etrabynyň Magtymguly daýhan birleşiginiň çägindäki Garakölde hem guşlaryň birnäçe görnüşiniň toplanýandygyny ýylyň her paslynda görmek bolýar. Bu daýhan birleşigiň çäginde öňler bölek-büçek kölleriň köp bolandygyny oba ýaşulylary gürrüň berýärler. Obada häzirki wagtda Garakölde hem-de ýene-de bir kiçiräk kölde hemişe dürli guşlar gabat gelýär. Garakölde gyş aýlary ördekleriň sany has-da köpelýär. Kölüň bir tarapyny dürli çöl ösümlikleri ösýän çägelik gurşap alýar, beýleki tarapy bolsa ekinçilik meýdanlardan ybarat. Şeýlelikde bu ýerde zähmet çekýän oba adamlary kölüň gözelliklerini täsin tebigatyny her gün synlaýarlar. Garakölüň töwereginde dynç alýan raýatlara hem gabat gelip, olar bilen bu köl barada hem-de ony gorap saklamagyň ähmiýeti barada söhbetdeşlik hem geçirildi. Bu kölüň gözelliklerine syn etmek, guşlaryny hem-de daş-töweregindäki ýaýran ýabany haýwanlary öwrenmek boýunça Daşoguz welaýatyna baranymda Garakölde gözegçilik geçirýärin. Ýaňy-ýakynda obanyň 50-nji orta mekdebiniň biologiýa mugallymy Ogulgözel Amanmyradowa we mekdebiň okuwçylarynyň gatnaşmagynda Garaköle gezelenç gurnadyk. Mekdep okuwçylary guşlaryň dürli görnüşini synladylar. Okuwçylaryň tebigat baradaky bilimlerini ýokarlandyrmakda, obalarynyň tebigy gözelliklerini gorap saklamakda düşünjeleriniň kämilleşdirilmeginde Garakölüň tebigatynyň uly ähmiýeti bar.

Şeýle hem Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy işgärleri bilen hem birnäçe sapar kölde gözegçilik işleri gurnaldy. 2026-njy ýylyň mart, iýun aýlarynda geçiren gözegçiliklerimde sykylykçy guw (Cygnus cygnus), ala gaz (Tadorna tadorna), sykylykçy jünekeý ördek (Anas crecca), almabaş ördek (Netta rufina), alahekek çuluk (Haematopus ostralegus), kepderi pisintli deňiz çarlagy (Larus genei), köl çarlagy (Larus minutus), cypar hokgar (Ardea purpurea), uly ak hokgar (Casmerodius albus), tekejyllyk (Vanellus leucurus), gyzylinjik (Hymantopus hymantopua), kebez (Charadirus sp), ördekleriň we çarlaklaryň dürli görnüşi, gökgarga (Corocias garrulus), ýaşyl daraklyk (Merops persicus), meýdan serçesi (Passer montanus), oba garlawajy (Hirundo rustica) we başga görnüşler hasaba alyndy. Uzak aralyklardan kölüň çet tarapynda guwyň bardygyny ýene-de synladyk. Iýul aýynda giç öýlän kölüň ýagdaýyny barlamak maksady bilen baranymyzda guşlaryň görnüşi we sany köpelipdir. Guşlaryň dürli görnüşi kölüň gyralarynda toplanypdyr. Bu saparda şeýle hem kiçi çerik (Sterna albifrona), garajagaz (Phalacrocorax carbo), garlawaç pisint çemen çulugy (Glareola pratincola) bellendi. Köp guşlaryň ýanynyda ýaşajyk jüýjeleriniň bardygy anyklandy. Kölüň töwereginde çopanlar her gün bu guşlary golaýdan synlaýandygyny gürrüň berdiler. Birnäçe ýyllardan bäri çopançylyk bilen meşgullanýan Seýitmuhammet Garajaýew “kölde gyzyl gazlar bar – diýip belledi. Köldäki guşlary surata düşürenimde ara daşlykdaky düşüren suratlarymda “Gyzyl gazlara” gözüm düşdi. Bu täsin guşyň Garakölde gabat gelmegi haýran galdyrdy, şeýle hem begendirdi. Gyzyl gaz (Phoenicopterus roseus) - Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüş.

Türkmenistanda Hazar deňziniň kenarýakasynda, Ýerajy, Kelif, Sarygamyş döwlet tebigy çäkli goraghanalarynda we kiçi içki suw ýataklarynda duş gelýärler. Dünýä ýüzünde görnüşiň goralyp saklanmagyna uly üns berilýär. Gyzylgaz Tebigaty goramagyň halkara bileleşiginiň Gyzyl sanawuna, şeýle hem Ösümlik we haýwanat dünýäsiniň ýitip gitmek howpy astyndaky görnüşleriniň halkara söwdasy hakyndaky Konwensiýanyň (СITES), Ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak boýunça (CMS) Bonn Konwensiýasynyň, Uçup geçýän suw batgalyk guşlaryny goramak boýunça Afro-Ýewraziýa Ylalaşygynyň (AEWA) Goşundylaryna girizilen görnüş. Şeýlelikde bu täsin guşyň uçup gelýän ýerlerini öwrenmegiň hem-de gorap saklamagyň ähmiýeti bellärliklidir. Oba ýaşaýjysy, çopan S.Garajaýew bilen gürrüňdeşligimizi dowam edenimizde, ol geçen ýyl hem Gyzyl gazlaryň köle gelendigini habar berdi. Şeýle hem suwuň köle guýýan ýerinde akar suwuň ugrunda gyzgynlykda Gyzyl gazlaryň suwda perlerini ýuwýan pursatlaryny hem birnäçe gezek synlandygyny gürrüň berdi. Şeýlelikde Gyzyl gazlar üçin Garaköl ýaşamak üçin esasy mesgene öwrülipdir. Garakölüň ýene-de tebigy gymmatlyklaryny öwrenmegiň wajypdygyny belledik. Şeýlelikde oba tebigatynyň gymmatlyklaryny öwrenmek hem-de ony gorap saklamakda ýerli ilatyň, ýaşaýjylaryň ünsüniň çekilmegi hem örän möhümdir. Türkmenistanyň Gyzyl kitabynyň sahypasynda Gyzyl gaz barada ornitolog alym Eldar Rustamow “görnüşi gorap saklamakda wagyz-nesihat işleriniň güýçlendirilmeginiň hem-de gyş aýlary aýazly gyşlarda guşlary goşmaça iýmitlendirilmeginiň zerurlygyny, şeýle hem uçup geçende we gyşlaýan wagtlary olaryň sanawynyň geçirilmeginiň ähmiýeti barada hem belleýär. Garakölde mekdep okuwçlary bilen geçirilen gezelençde ýaşlar geljekde bu täsin ýeriň daş-töwereginde dürli çöl ösümliklerini köpeltmekde özleriniň goşantlaryny goşjakdygyny bellediler hem-de köldäki täsin guşlary öwrenmekde bu geçirilen gezelenjiň özlerinde uly täsir galdyrandygyny we obasynyň tebigy gözelliklerine buýsanýandygyny hem aýtdylar.
Aknabat Potaýewa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň ylmy bölüminiň başlygy