OBA HOJALYGYNDA INŽENERÇILIK TAÝÝARLYGYNY WE EKOLOGIÝA DURNUKLYLYGYNY ÝOKARLANDYRMAGYŇ ÝOLLARY
16 Çägesöw we şorlaşan ýerlerde gorag tokaý zolaklaryny we gyrymsy agaçlary, şol sanda sazak nahallaryny döretmek ýöriteleşdirilen tehnikalaryň ulanylmagyny talap edýär. Ýumşak çägeliklerde topraga iň pes basyş edip bilýän tokaý ekiji maşynlary işläp düzmek üçin inžener-mehaniki taýýarlyk zerurdyr. Şeýle hem, galofitleri we guraklyga çydamly ösümlik görnüşlerini mehanizmler bilen ekmek üçin asma enjamlaryny uýgunlaşdyrmak we tebigy mikrorelýefiň zeperlenmeginiň öňüni alýan mehanizmleri taslamak möhümdir. Ekilýän nahallaryň gögerişi suwuň netijeli ulanylmagyna gönüden-göni baglydyr. Inženerçilik çözgütleri damjalaýyn we toprakasty suwaryşyň awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny taslamagy we ornaşdyrmagy hem öz içine alýar. Suwuň tygşytly sarp edilmegini üpjün edýän energiýa tygşytlaýan nasos stansiýalaryny işläp düzmek we topragyň çyglylygyny hem-de şorlugyny gözegçilikde saklaýan datçikleri utgaşdyrmak uly ähmiýete eýedir.
Süýşýän çägeleri berkitmek işlerini mehanizmleşdirmek biomatlary (topragy eroziýadan goramak we ösümlik örtügini dikeltmek üçin niýetlenen, ekologiýa taýdan arassa, biologiýa dargama ukyply rulon materialy) gurnamak üçin niýetlenen maşynlary, şeýle hem berkitmek häsiýetli gyrymsy agaçlary ekýän tehnikalary ulanmagy öz içine alýar. Gurallaryň gurluşy çägeli topraklaryň pes göterijilik ukybyny hasaba almalydyr. Şorlaşan ýerleriň (şorluklaryň) önümliligini dikeltmek galofitleri ekmek üçin ýöriteleşdirilen ekiji maşynlar we topragyň ýüzüni ýumşadyjy hem-de çil çekiji (topragyň suw-howa kadasyny gowulandyrmak we eroziýa garşy göreşmek üçin ulanylýan agrotehnika usuly) enjamlar arkaly amala aşyrylýar. Bu bolsa topragyň howa çalşygyny we çyglylygy saklamak ukybyny ýokarlandyrýar. Öri meýdanlarynyň zaýalanmagyna garşy göreşmek üçin inženerler öri meýdan otlaryny we iýmlik gyrymsy agaçlaryny goşmaça ekýän maşynlaryň, şeýle hem topragy ýumşadyjy ýörite enjamlaryň ornaşdyrylmagyny üpjün edýärler. Barmasy kyn bolan ýerlerde işlemek üçin ykjamlaşdyrylan, kiçi göwrümli we çalasyn tehnikalary ulanmak wajypdyr. Iýmleri taýýarlamagyň we gaýtadan işlemegiň inžener-mehaniki ulgamlary diňe bir adaty däl, eýsem şora çydamly iým ösümliklerini hem netijeli ulanmaga mümkinçilik berýär, bu bolsa tebigy öri meýdanlaryna düşýän agramy azaldýar. Ekologiýa barlagynyň enjamlaryna inženerleriň gurak zolaklaryň gazaply
klimat şertlerine uýgunlaşdyran awtomatik kamera-registratorlary (fotogözegçilikleri) hem degişlidir. Olaryň ulanylmagy seýrek we ýitip gitmek howpy astyndaky haýwanlary gizlin synlamaga, olaryň göçüş ýollaryny anyklamaga we adamyň göni
gatyşmazlygyndan populýasiýalaryň ýagdaýyna baha bermäge mümkinçilik berýär. Bu bolsa sebitiň biologiýa dürlüligini saklamak üçin örän möhümdir. Takyk ekerançylyk ýörelgeleriniň ornaşdyrylmagy resurslary tygşytlamagyň esasy bolup durýar. Bu GPS-nawigasiýasynyň we dökünleri hem-de pestisidleri awtomatik dozalamak ulgamlarynyň ulanylmagyny öz içine alýar, bu bolsa himiki maddalaryň sarp edilişini we olaryň zyýanly täsirini azaltmaga kömek edýär. Suwaryşyň damjalaýyn, utgaşdyrylan we toprakasty ulgamlary, şeýle hem çyglylyga gözegçilik ediji, suwy arassalaýjy we süzüji mehanizmler ýaly inženerçilik işläp düzmeleriň ähmiýeti örän uludyr. Suw äkidilende ýitgileri azaltmak boýunça inženerçilik çäreleri
hem möhümdir. Inžener-mehaniki çäreler tebigaty goramak we durnukly ösüşini üpjün etmek wezipelerini amala aşyrmakda esasy orny eýeleýär. Onuň işi çölleşmä garşy göreşmek, zaýalanan ýerleri dikeltmek we biologiýa dürlüligini saklamak boýunça toplumlaýyn maksatnamalaryň aýrylmaz bölegidir. Inžener hünärmenleriň we ylmy jemgyýetçiligiň özara hyzmatdaşlygy täzeçil we ýokary tehnologiýaly çözgütleri işläp düzmek üçin esas bolup hyzmat edýär. Oba hojalyk ýokary okuw mekdeplerinde inženerçilik taýýarlygynyň hilini ýokarlandyrmak ýurduň ekologiýa we azyk howpsuzlygyny üpjün etmegiň strategik şertine öwrülýär. Bu işde ýaş alymlaryň we hünärmenleriň tutýan orny aýratyn uly bolup, olaryň innowasiýa laýyk pikirlenmesi we döwrebap sanly tehnologiýalary ulanmak ukyby durnukly hem-de ekologiýa taýdan jogapkärli agrar önümçiligine üstünlikli geçmegiň girewidir.
Hojanyýaz Jumaşow,
Ekologiýa gözegçilik gullugy,
Kerwen Pälwanow,
S.A. Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti
" Ekologiýa medeniýeti we daşky gurşawy goramak" žurnaly.