Milli tokaý maksatnamasy — durnukly ösüşiň kepili
22 Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe daşky gurşawy goramak boýunça döwlet syýasatynyň hukuk esaslaryny pugtalandyrmak, howanyň üýtgemeginiň täsirini azaltmak babatda işleriň esasy ugurlaryny kesgitlemek, ekoulgamlaryň we tokaý hojalygynyň bu ýagdaýlara durnuklylygyny ýokarlandyrmak, şeýle hem “Howanyň üýtgemegi barada Türkmenistanyň Milli strategiýasyny” üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen Hormatly Prezidentimiziň gol çeken Kararyna laýyklykda, “Türkmenistanyň 2026-2030-njy ýyllar üçin Milli tokaý maksatnamasy” hem-de şu maksatnamany amala aşyrmak boýunça ýerine ýetirilmeli çäreleriň meýilnamasy tassyklanyldy.
Onda geljekki 5 ýylyň dowamynda tokaýçylyk babatda öňde duran esasy wezipeler kesgitlendi. Onuň işlenip taýýarlanylmagy daşky gurşawy goramagyň, ýurdumyzyň tebigy serişdeler mümkinçiliklerini artdyrmagyň we rejeli peýdalanmagyň, ekologiýa, azyk howpsuzlygynyň meselelerini çözmegiň döwlet strategiýasynyň möhüm ugrudygynyň güwäsidir.
Maksatnama jemi 14 bapdan ybarat bolup, onuň girişinde täze kabul edilen resminamanyň döwletimiziň öňden hereket edýän ösüş maksatnamalary, Durnukly ösüş maksatlary bilen baglanyşyklydygy bellenilýär.
Tokaýçylygy ösdürmegiň ylmy esaslary, Türkmenistanyň tebigy tokaýlarynyň görnüşleri, ýagny çöl, dag, kenarýaka tokaýlaryny dikeltmek we goramak, ýurdumyzda emeli döredilýän tokaý zolaklary hakynda aýry-aýry baplarda beýan edilýär. Ekerançylyk meýdanlarynda gorag tokaý zolaklarynyň ulgamyny döretmek, aýratyn goralýan tebigy ýerleriň meýdanlaryny giňeltmek we biologik dürlüligi goramak, çölleşmä garşy göreşmekde tokaýlaryň ähmiýeti. Aralýaka sebiti tokaýlaşdyrmak boýunça ylmy garaýyşlar öňe sürülýär. Şeýle-de maksatnamanyň gurluşynda tokaý baýlyklaryny durnukly dolandyrmak, tokaýlary döwlet hasaba alyş ulgamyny, tokaý hojalygynyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, jemgyýetçiligiň habarlygyny ýokarlandyrmak, ekologiýa medeniýetini ösdürmek hem-de garaşylýan netijeler hakynda baplar bar.
Maksatnamanyň maksatlary, wezipeleri ýurdumyzda tokaýlaryň çäklerini giňeltmekden, adamlaryň ýaşaýşy üçin arassa daşky gurşawy döretmekden, tokaý hojalygyny durnukly dolandyrmakdan, tokaý ösümlikleri bilen sazlaşykly ýaşaýan haýwanat dünýäsini san we görnüş taýdan artdyrmakdan, topragyň üstki gatlagynyň ýuwlup zaýalanmagyndan goramakdan, şeýle hem döwlet ekologiýa syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirmekden we bu ugurda alnyp barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmakdan ybaratdyr.
Milli tokaý maksatnamasyna girizilen täzeçillikleriň biri hem tokaýçylykda uglerod maliýeleşdirme usulyny ulanmagyň mümkinçilikleri bilen baglydyr. Onda häzirki wagtda halkara derejede giň gerim alýan meýletin uglerod bazary arkaly tokaýçylygy ösdürmek bilen bir hatarda, zyňyndy gazlaryň mukdaryny azaltmakda iri kompaniýalaryň maliýe serişdelerini çekmegiň mümkinçilikleri beýan edilýär.
Tokaý hojalygyny maliýeleşdirmegiň bu usuly Birleşen Milletler Guramasynyň Howanyň üýtgemegi boýunça Çarçuwaly konwensiýanyň we Howanyň üýtgemegi boýunça Pariž ylalaşygynyň wezipelerinden gelip çykýar. Bu usulyň ornaşdyrylmagy halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmäge, Türkmenistanda uglerod bazarynyň döredilmegine we kämilleşdirilmegine ýardam eder.
Häzirki ajaýyp döwürde ýurdumyz rowaçlygyň täze tapgyrynda ynamly öňe barýar. Ýurdumyzyň ösüşine mynasyp goşant goşmaga, döredijilikli zähmet çekmäge ähli şertleri hem-de giň mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun!
Ekologiýa gözegçilik gullugynyň, Tehnologiýa we Innowasiýa bölüminiň esasy hünärmeni
Nurjemal Ataýewa