Köpetdag döwlet tebigy goraghanasy - ekologiýa bilimleri ösdürmegiň merkezi
46 Ýurdumyzyň gözel tebigatynyň baýlyklaryny gorap saklamak we geljekki nesillere asyl nusgasynda ýetirmek maksady bilen döwlet tebigy goraghanalarda raýatlaryň arasynda yzygiderli wagyz-nesihat işleri geçirilýär. Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň “Tebigat muzeýine” Aşgabat şäheriniň ýaşaýjylary, mekdep mugallymlary, okuwçylary hem-de ýokary okuw mekdepleriniň talyplary gezelenje gelýärler. Goraghananyň “Tebigat muzeýinde” diňe bir Köpetdagyň tebigaty barada däl-de eýsem-de ýurdumyzyň Garagum sährasynyň, Hazar deňziniň biodürlüligi barada birnäçe maglumatlar muzeýe gezelenje gelýänlerde uly täsir galdyrýar. Şeýle hem goraghananyň muzeýinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” baradaky ylmy kitaplaryndaky dermanlyk ösümlikleriň görnüşleri bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilikler döredildi. Olaryň arasynda yşgyn, çopantelpek, käkilik oty, arnap, ýandak, tilkiçaý, çomuç, itburun, zirk ýaly dermanlyk ösümlikleriň kökleri, ýapraklary, gülleri dürli gaplarda goýulyp muzeý tekjelerine aýratyn bezeg berýär. Goraghana ýaşlaryň ekologiýa bilimlerini çuňlaşdyrmakda aýratyn ähmiýete eýedir. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary 2026-njy ýylyň 22-nji iýunyndan-18-nji iýuly aralygynda önümçilik hünär öwreniş tejribeligini geçmäge Köpetdag döwlet tebigy goraghanasyna geldiler. Talyplar üçin her gün goraghanada okuw önümçilik meýilnamasyna laýyklykda okuw sapaklary gurnaldy. Goraghananyň ylmy bölüminiň başlygy A.Potaýewa, kiçi ylmy işgär A.Nurýagdyýewa Türkmenistanyň Tebigaty goramak hakynda, Aýratyn goralýan tebigy ýerler hakynda we daşky gurşawy goramak ulgamyna degişli başga kanunlar barada giňişleýin gürrüňler berdiler.

Talyplar ýurdumyzyň çäginde hereket edýän başga döwlet tebigy goraghanalar barada hem dürli maglumatlar aldylar. Köpetdag döwlet tebigy goraghananyň döredilmeginiň esasy maksady barada hem-de meýdançalary barada giňişleýin düşünje aldylar. Türkmenistanyň Milli tokaý maksatnamasy boýunça goraghanada ekilýän agaçlaryň görnüşleri türkmen arçasy, adaty hoz, arguwan, türkmen kerkawy, dagdan, pisse, badam ýaly agaçlaryň ekiliş usulyýetleri barada bilimlerini artdyrdylar. Häzirki tomus döwründe ekilen agaçlara geçirilýän ideg işleri bilen we goraghananyň ylmy synag tejribe meýdançasynda ekilen başga agaçlaryň görnüşlerini öwrendiler. Şeýle hem Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen türkmen arçasynyň ýaýran ýerlerini öwrendiler hem-de goraghanada ýetişdirilen ýaşajyk şitiller, olary meýdanlara göçürmekde ýerine ýetirilýän işler barada gyzyklanyp sorag jogap alyşdylar. Goraghananyň haýwanat dünýäsiniň gymmatlygy hem-de ýabany haýwanlary gorap saklamakda hem-de ylmy tarapdan öwrenmekde geçirilýän işler barada gürrüňdeşlik geçirildi. Ýabany haýwanlaryň surat enjamalaryň üsti bilen alnan wideo şekillerini gördüler. S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen döwlet oba hojalyk uniwersitetiniň Agroekologiýa fakultetiniň 4-nji ýyl talyplary D.Soltanow, E.Köşiliýewa, A.Annasähedowa, L.Allanazarowa, A.Resulowa her gün goraghanada geçirilen okuw sapaklaryna işjeň gatnaşdylar. Talyplara ösümlikleri ösdürip ýetişdirmegiň, tebigy meýdanlara göçürmegiň usulyýetleri barada maglumatlar berildi. Goraghanada önümçilik hünär öwreniş tejribeligini geçen talyplar bilimlerini artdyrmakda geçirilen okuw sapaklaryň ähmiýeti barada bellediler. Goraghana hakykatdan hem ekologiýa bilimleri ösdürmegiň merkezi bolup durýar, şeýlelikde ýurdumyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak her bir raýadyň borudygyny belläliň.
Leýli Gaýypowa
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Ylmy bölüminiň laboranty