HALK MASLAHATY WE GARAŞSYZLYK, MENZILLERIŇ WE ÖSÜŞIŇ BINÝADY, TARYHY KARARLAR WE KÄMIL ÖSÜŞLER

14
  Berkarar döwletiň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe, mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 35 ýyllyk beýik baýramynyň şöhle saçýan taryhy menzillerinde, Gahryman Arkadagymyzyň milli döwletlilik, agzybirlik we parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerini mynasyp dowam etdirýän Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirmek baradaky taryhy Karara gol çekmegi, milli döwletliligimiziň we gadymy demokratik ýörelgelerimiziň belent dabaralanmasyna öwrüldi. Ata-babalarymyzyň döwlet dolandyrmakda ulanan geňeş we gurultaý ýörelgeleri şu günki gün täze we döwrebap röwüşde, Türkmenistanyň Halk Maslahaty höküminde ýene-de dabaralanýar. Bu taryhy Karar ýurdumyzyň geljekki ösüş ýollaryny, halk häkimiýetliliginiň asylly däplerini we döwlet dolandyryşynyň kämil nusgasyny özünde jemlemek bilen, merdana halkymyzyň sarsmaz agzybirligini bütin dünýä aýan edýän syýasy şamçyragdyr. Garaşsyzlygyň 35 ýyllyk ýubileýiniň öňüsyrasynda geçiriljek bu taryhy maslahat diňe bir geçen ýollaryň guwandyryjy jemini jemlemän, eýsem, ýurdumyzyň syýasy, ykdysady we jemgyýetçilik durmuşyny täze ösüş tapgyrlaryna galdyrjak beýik meýilnamalaryň, strategik kararlaryň kabul ediljek möhüm geňeşidir.
  Garaşsyzlyk — merdana halkymyzyň köpasyrlyk taryhynda iň mukaddes we iň gymmatly düşünjedir. Türkmenistanyň şanly Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk ýubileýiniň dabaralanýan ýylynda bu mukaddes gymmatlyk Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň galkynyşy döwründe has-da belent we çuňňur many-mazmuna eýe bolýar. Otuz bäş ýyllap dowam eden beýik ösüşleriň we tutumly işleriň netijesinde, eziz Watanymyz bu gün dünýäniň iň durnukly, parahatçylyk söýüji we ynamly ösýän döwletleriniň birine öwrüldi. Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyz ykdysadyýetiň, medeniýetiň we jemgyýetçilik durmuşynyň ähli ugurlarynda ägirt uly sepgitleri eýeledi, uly üstünlikleri gazanyp, dünýä jemgyýetçiliginde belent ykrarnama eýe boldy. 
  Ata-babalarymyzyň azatlyk we özbaşdaklyk baradaky belent arzuwlarynyň hasyl bolmagyny aňladýan Garaşsyzlyk baýramy, halkymyzyň sarsmaz agzybirliginiň we jebisliginiň nyşanydyr.          Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk şanly toýuna uly zähmet üstünlikleri we taryhy ýeňişler bilen barýan türkmen halky, Döwlet Baştutanymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda täze belentliklere ýetip belent sepgitleri eýeledi. Berkarar döwletimiziň halkymyz üçin amala aşyrýan her bir işi, kabul edýän her bir strategik karary diňe bir döwrebap ösüşe hyzmat etmän, eýsem, halkymyzyň bagtyýar we rüstem durmuşynyň üpjün edilmegine gönükdirilendir. 
Döwletimiziň alyp barýan syýasatynda ynsanperwerlik ýörelgeleri bilen bir hatarda, daşky gurşawy goramak hem-de ekologik durnuklylygy üpjün etmek meseleleri hemişe iň ileri tutulýan wezipeleriň biri hökmünde dabaralanýar. Hemişelik Bitarap Türkmenistan ekologiýa diplomatiýasynyň dünýä derejesindäki işjeň tarapdary hökmünde çykyş edip, "ýaşyl" ykdysadyýetimizi ösdürmek, tokaý zolaklaryny giňeltmek we daşky gurşawy aýawly saklamak boýunça bütin dünýä nusgalyk başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzyň her bir künjeginde kemala gelýän giň gözel tokaýlyklar, täze "akylly" Arkadag şäheriniň ekologik taýdan arassa gurşawy we Garagum sährasynyň jümmüşindäki "Altyn asyr" Türkmen köli ýaly dünýä ähmiýetli ägirt uly taslamalar, tebigata bolan çäksiz söýginiň we geljek nesilleriň sagdyn durmuşyny goramaga gönükdirilen parasatly döwlet syýasatynyň anyk dabaralanmasydyr. 
  Halk Maslahatynyň 2026-njy ýylyň 23-nji sentýabrynda geçirilmeli nobatdaky mejlisi, halkymyzyň parahat, abadan we ekologik taýdan arassa tebigatda bagtyýar ýaşamagyny üpjün edýän täze taryhy sepgitleri kesgitlejekdir. Gahryman Arkadagymyzyň Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly ýolbaşçylygynda durnukly geljege ynamly gadam urýan ýurdumyz, özüniň syýasy kuwwatyny, parahatçylyk söýüji daşary syýasatyny we ynsanperwer başlangyçlaryny has-da dabaralandyryp, ýaşyl dünýäni we bagtyýar geljegi gurmagy dowam etdirer.
 Halkymyzy bagtyýar geljege alyp barýan Gahryman Arkadagymyza Arkadagly Gahryman Serdarmyza köp sag bolsun aýdýarys. Gahryman Arkadagymyzyň, Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarmyzyň janlary sag bolsun! Ömürleri uzak bolsun! Ýurdumyzy belent sepgitlere ýetirýän döwletli işleri hemişe rowaçlyklara beslensin!

Amangül Arabaliýewa
Arkadag şäheriniň Daşky gurşawy goramak müdirliginiň bölüm müdiri 

Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04