Tokaýyň we bezeg baglarynyň ynsan saglygyna edýän täsiri
13 Tokaýlyklarda dürli ýapraklary, pürli agaçlar we gyrymsy agaçlar, otjumak we gül ösümlükleri ýabany tebigy şertlerde ösüp, ägirt uly gök massany emele getirýärler. Tokaý iň iri çylşyrymly, öz özüni sazlaýan we kadalaşdyrýan ekologiki ulgamdyr. Gadym wagtlardan bäri, has tagygy biziň eýýamyzdan öňki 1-3 eýýamlarda adamlar tokaýlardan dürli miweleri ýygnap, azyklyk önüm hökmünde giňden ulanylypdyr. Şunuň bilen bir hatarda gabarasynyň şekiliniň owadanlygy bilen tapawutlanýan aýratynlyklaryna, daşky sypatyna, miwesiniň azyklyk ähmiýetine esaslanyp dürli agaçlary, ajaýyp gül ösümlikleri saýlap alyp, özleriniň ýaşaýan ýerinde oturdup, ekip ösdürip ýetişdirmäge başlapdyrlar. Şeýlelik-de bezeg bagçylyk hem döredilipdir. Bezeg bagçylyk bagbançylygyň bir şahsy bolmak bilen şäherleri, şäherçeleri, ilatly ýerleri bagy-bossanlyga, gülzarlyga öwürmek maksady bilen, agaçlaryň, gyrymsy agaçlaryň gül ösümlükleriň oturylmagyny we ekilmegini aňladýar. Tokaýçylyk bilen bezeg bagçylyk biri-birleri bilen aýrylmaz berk baglanşyklydyr.
Tokaýyň bezeg baglarynyň tebigata we adamyň ýaşaýşyndaky ähmiýetini aşakdaky ugurlar boýunça beýan etmek bolar 1. Tokaý we bezeg baglaryň tebigatda we adamyň ýaşaýşynda uly ähmiýeti bar. Tokaýlar we bezeg baglar öz özünden-kislorody (O₂) bölüp çykarýarlar, 1 gektar tokaý we bezeg baglary her günde 180-200 kilograma çenli kislorody bölüp çykarmaga ukyplydyr. 2. Tokaýlar we bezeg baglary howany kömürturşy CO₂ gazyndan arassalaýar. Tokaýlar we bezeg baglar her günde 220-280 kg CO₂ sorup alýar. Şol sebäpli her atmosferada CO₂ mukdary köpelse, “ parnik effekti” döreýär. Ýagny günden ýere gelip düşýän şöhläniň belli bir bölegi ultramelewşe şöhlesi görnüşinde yzyna gaýtarylýar. Ony CO₂ gazy özüne siňdirýär.
Tokaýlar we bezeg baglar howany tozandan we zäherli zyýanly gazlardan arassalaýar, 1ga . tokaý her ýylda 30-68 tonna tozany saklap bilýär. Mysal üçin, dub agajy-56 tonna, buk-68 tonna tozany saklaýar, howanyň ýylamagyna sebäp bolýar.
Senagatda örän köp mukdarda kagyz taýýarlamakda tokaýlar esasy çig mal bolup hyzmat edýär.
Tokaý agaçlary zyýanly mikroorganizimleri ýok ediji işjeň maddalary-fitosindleri bölüp çykarmaga ukyplydyr. Häzirki wagtda 550-ösümligiň fitosid bölüp çykarýandygy belli, 60 sansy güýçli fitosid bölüp çykarýan agaç osümlikleridir. Olara: arça ,sosna , derek ýaly agaçlar degişlidir. Türkmenistanda ösýän agaçlardan türkmen we wigin agaçlary eldar sosnasy, gündogar biotasy, kerkaw we grek hozy fitositleri has köp bolup çykarýan agaçlara degişlidir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň Eziz Diýarymyzda ýazky we güýzki bag ekmek möwsüminde badalga bermegi bilen her ýyl Garaşsyz Baky Bitarap türkmen döwletiniň ähli künjeklerinde saýaly, pürli we miweli nahallaryň millionlarça düýpleri oturdylyp,irki döwürlerde oturdylan agaç nahallary obalardyr, şäherlermiziň görküne görk goşup, ynsan saglygyna edýän täsiri bimöçberdir. Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylymy ensklopediýasyny türkmen halky ýan kitaplaryna öwrüp, tokaýlaryň we bezeg baglarynyň adamzadyň saglygyna edýän täsirini dogry düşünip ýurdumyzyň bagy-bossanlyga öwrülmegi ugrunda yhlas hyjuwlar siňdirýärler. Umumy tagallalaryň esasynda geljekde Güneşli Ülkämiziň ekologiýa taýdan arassa, türkmen halkynyň bagtyýar we sagdyn, bolelin, asuda durmuşda ýaşamaklary gazanylar.
Türkmeistanyň Tebigaty Goramak jemgyýetiniň Lebap welaýat bölüminiň hünärmeni
Maýsa Berdiýewa