Tebigaty goramakda maksatly ädimler
11 Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň Guryhowdan çäkli goraghanasynyň meýdanlarynda ýabany haýwanlaryň dürli görnüşi ýaýrandyr. Olaryň arasynda Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen görnüşlerden alajagaplaň, syrtlan, dag tekesi, dag goçy, gulan hem-de guşlaryň dürli görnüşleri boýunça yzygiderli ylmy gözegçilikler we gorag işleri geçirilýär. Tebigy meýdanlarda ylmy barlaglary geçirmekde goraghananyň ylmy bölüminiň işgärleri gorag bölüminiň döwlet gözegçileriniň arasynda ýabany haýwanlary hasaba almak barada okuw sapaklary geçirýär. Ylmy bölümiň başlygy Aknabat Potaýewa ýabany haýwanlary hasaba almakda hereket duýujy surat enjamlary ulanmagyň tärlerini öwretdi, şeýle hem meýdanlarda surat enjamlary goýulanda ýol-ýodalary saýlamagyň ugurlaryny düşündirdi. Biz berlen okuw sapaklarynyň netijesinde alan bilimlerimizi iş ýüzünde ulanýarys.

Guryhowdan çäkli goraghananyň bölüm başlygy A.Pranow we döwlet gözegçileri J.Öweliýew, M. Seýitmyradow bilen bilelikde dag derelerden dürli ýerleri saýlap surat enjamyny Kişmirli dag gerşinde suwly çeşmäniň golaýynda gurnadyk. Birnäçe wagtyň dowamynda surat enjamlaryň suratlaryny görenimizde geçirilen ylmy barlaglarymyzyň netije berendigini gördük. Çeşmäniň suwuna aýraklaryň yzygiderli gelýändigini synladyk, şeýle hem ýekegapanlaryň uly sürüsiniň ýaşajyk nesilleri bilen suwa gelýändigini anykladyk. Ýekegapanlaryň suwdan ganandan soňra gyzgynlykdan goranmak üçin suwa girip çykýandygyny hem görmek hem gyzykly pursatlardy.
Çeşmeden suwdan ganan jojuklar daş-töwerekdäki ösümliklerden iýmitlenýärler. Ýekegapan Guryhowdan çäkli goraghananyň dürli meýdançalarynda gabat gelýär. Çyrlyk derýajygynyň töwereginde hem hemişe gabat gelýäris. Ýekegapanlar esasan hem jeňňeliklerde ýaşaýar. Çyrlyk derýajygynyň daş-töwereginde toraňňy, garagaç ýaly agaçlardan ybarat tokaýlyk, şeýle hem gamyşlyklar örtülen ýerler olaryň ýaşamagy üçin amatly meýdanlar bolup hyzmat edýär. Ylmy gözegçilik üçin surat enjamynyň gurnalan ýerinde başga-da suwa dürli guşlaryň gelýändigini anykladyk, şeýle hem sähra pişigi, oklykirpi, tilki, möjek ýaly ýabany haýwanlaryň hem esasy gelýän ýeridi. Surat enjamyndaky ýazgylary görmek bilen biz çeşmäniň suwunyň tomus aýynyň gyzygynlygynda suwunyň azalýandygyny anyklamak bilen suw üpjünçiliginiň döredilmeginiň aladasynyň zerurlygy belläp deräniň uzak aralykda ýerleşýändigine garamazdan çeşmäni suwdan doldurmagy dowam edýäris.
Köpetdag döwlet tebigy goraghanasynyň döwlet gözegçisi
Kerwen Hajyýew