Halkara ylmy-amaly maslahat öz işine başlady.
69 Şu gün, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde sanly ulgam arkaly “Durnukly ösüşi üpjün etmegiň esasy ugry: ekologiýa bilimi we daşky gurşawy goramagyň häzirki zaman meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahatynyň açylyş dabarasy we umumy mejlisi geçirildi.
Türkmenistan dünýäde Durnukly ösüşiň maksatlaryna ýetmegiň möhüm ugurlary, şol sanda ekologiýa we tebigy baýlyklary rejeli peýdalanmaga bagyşlanan halkara maslahatlaryň hem-de forumlaryň geçirilýän mekany hökmünde tanalýar. Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde geçirilýän bu halkara ylmy-amaly maslahatynyň hem esasy maksady howanyň üýtgemegi bilen baglylykda ýüze çykýan häzirki zaman ekologiýa meselelerini çuňňur seljermekden, ýaşlara ekologiýa bilimini we medeniýetini öwretmegiň usullaryny kämilleşdirmegiň ýollaryny, häzirki zaman şertlerinde daşky gurşawy goramaga, tebigy baýlyklardan ekologiýa-ykdysady taýdan netijeli peýdalanmaga degişli täze ýöriteleşme derslerini bu ugurdan ýokary bilimli hünärmenleri taýýarlamagyň okuw meýilnamasyna girizmekden, interaktiw gurallary we okuw üçin platformalary döretmekden, ekologiýa boýunça ylmy-barlag işlerinde we bilim maksatnamalarynda halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakdan ybaratdyr.
Halkara ylmy-amaly maslahatyna Russiýa Federasiýasynyň, Eýran Yslam Respublikasynyň, Türkiýe Respublikasynyň, Wengriýanyň, Beýik Britaniýanyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Demirgazyk Makedoniýanyň, Polşanyň, Belgiýa Patyşalygynyň, Rumyniýanyň, Hindistanyň, Päkistan Yslam Respublikasynyň, Ýaponiýanyň, Wýetnamyň, Koreýa Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Azerbaýjan Respublikasynyň, Özbegistan Respublikasynyň, Täjigistan Respublikasynyň, Gazagystan Respublikasynyň, Gyrgyzystan Respublikasynyň, Nigeriýa Federatiw Respublikasynyň, Alžiriň hem-de Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň, ylmy-barlag institutlarynyň 74-sinden jemi 180-den gowrak professor-mugallymlar we alymlar alyp barýan ylmy-barlag hem-de ylmy-usuly işleriniň netijelerini ara alyp maslahatlaşmak hem-de tejribe alyşmak maksady bilen gatnaşýarlar.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň açylyş dabarasynda çykyş eden daşary ýurtly we türkmenistanly alymlar, professor-mugallymlar Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ekologiýa syýasaty esasynda Garaşsyz we hemişelik Bitarap ýurt hökmünde Türkmenistan tarapyndan dünýäde parahatçylygyň we ynanyşmagyň pugtalandyrylmagy bilen bir hatarda, häzirki zaman dünýä jemgyýetçiliginiň möhüm meseleleriniň biri bolan ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmeginiň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde diňe bir sebit derejesinde däl-de, eýsem, bütin dünýä ähmiýetli işleriň amala aşyrylýandygyny nygtap bellediler.
Halkara ekologiýa hyzmatdaşlygynyň çäginde Türkmenistanyň sebitleýin we global derejede daşky gurşawy goramak baradaky konwensiýalaryň işjeň agzasy hökmünde howanyň häzirki zaman üýtgeýän şertlerinde suw we ýer baýlyklaryny, biologiýa köpdürlüligini gorap saklamaga, köpeltmäge, olardan rejeli peýdalanmaga, ýaşlaryň ekologiýa bilimini we medeniýetini kämilleşdirmäge degişli wezipeleri gyşarnyksyz berjaý edýändigi aýratyn bellenilip geçildi. Häzirki döwürde Türkmenistan dünýäniň abraýly halkara guramalarynyň, esasan-da, Birleşen Milletler Guramasynyň tebigaty goramak we tebigy baýlyklardan rejeli peýdalanmak baradaky maksatnamalarynyň çäginde “Klimatyň üýtgemegi baradaky çäklendiriji konwensiýasynyň”, “Çölleşmä garşy göreş baradaky konwensiýasynyň”, “Ozon gatlagyny goramak barada Wena konwensiýasynyň”, “Biologik dürlülik hakyndaky konwensiýasynyň”, “Howply galyndylaryň serhedüsti daşalyşyna we olaryň zyýansyzlandyrylyşyna gözegçilik etmek hakyndaky Bazel Konwensiýasynyň” we beýleki halkara ähmiýetli ekologiýa maksatnamalarynyň çäginde kesgitlenen wezipelerden ugur alyp, döwlet ekologiýa kanunçylyk namalaryny konwensiýalarda kesgitlenen ýörelgeler bilen utgaşdyrmak arkaly kämilleşdirýär. Bu işleriň döwrebap derejede amala aşyrylmagy bolsa ýurdumyzda ekologiýa abadançylygynyň üpjün edilmegi arkaly “ýaşyl ykdysadyýetiň” durnukly ösdürilýändigini aýdyň görkezýär.
Gahryman Arkadagymyzyň we Hormatly Prezidentimiz Arkadgaly Gahryman Serdarymyzyň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty esasynda Türkmenistanyň Merkezi Aziýa sebitinde, şeýle hem Hazarýaka we Aralýaka sebitlerinde ekologiýa howpsuzlygyny üpjün etmek arkaly diňe bir ýurdumyzyň däl-de, eýsem, sebitiň ýurtlarynyň durnukly ösüşini üpjün etmäge gönükdirilen ekologiýa we durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetli öňe sürýän başlangyçlary sebitiň ýurtlary tarapyndan uly goldawa eýe bolýar. Döwletara Hazar Ekologiýa Maksatnamasynyň işjeň agzasy hökmünde Türkmenistanda häzirki döwürde sebit ähmiýetli işleriň hem yzygiderli durmuşa geçirilýändigi aýratyn bellenilmäge mynasypdyr.
Türkmenistanyň Araly halas etmegiň Halkara gaznasyna ýolbaşçylyk eden döwründe Aralýaka sebitinde ekologiýa we durmuş-ykdysady ýagdaýy gowulandyrmaga degişli öňe süren sebit ähmiýetli başlangyçlarynyň biri hem “Birleşen Milletler Guramasy bilen Araly halas etmegiň Halkara gaznasynyň arasyndaky hyzmatdaşlyk” atly Kararnamasyna degişlidir. Bu Kararnamanyň Aral meselesiniň sebit üçin oňaýsyz täsirleriniň öňüni almak boýunça halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekdäki ähmiýeti örän uludyr. Gahryman Arkadagymyzyň öňdengörüjilikli döwlet ekologiýa syýasaty esasynda sebitiň iň uly gidrotehniki desgasy bolan “Altyn asyr” Türkmen kölüniň tapgyrlaýyn gurlup, ulanmaga berilmegi, ýurdumyzda sebit üçin ekologiýa we durmuş-ykdysady ähmiýete eýe bolan Aral ekologiýa meselesiniň çözgütleriniň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini aýdyň görkezýär.
Türkmenistanda öňki hereket edýän ekologiýa kanunlarynyň döwrebap kämilleşdirilmegi we olaryň halkara ekologiýa konwensiýalaryň, ylalaşyklaryň ekologiýa kadalary bilen utgaşdyrylmagy arkaly ýurdumyzyň ekologiýa howpsuzlygynyň üpjün edilmegine degişli täze kanunlar hem kabul edilýär. ýurdumyzda ilkinji gezek kabul edilen kanunlardan “Radiasiýa howpsuzlygy hakynda”, “Ozon gatlagyny goramak hakynda”, “Himiýa howpsuzlygy hakynda”, “Balyk tutmak we suwuň biologik serişdelerini gorap saklamak hakynda”, “Galyndylar hakynda”, “Öri meýdanlar hakynda”, “Ösümlikleri goramak hakynda”, “Medeni ösümlikleriň genetiki gorlaryny ýygnamak, saklamak we rejeli peýdalanmak hakynda”, “Ekologiýa auditi hakynda” Türkmenistanyň kanunlaryny görkezmek bolar.
Maslahata gatnaşan daşary ýurtly professor-mugallymlar, alymlar özleriniň çykyşlarynda türkmen myhmansöýerliginiň, dost-doganlyk ýörelgeleriniň täze taryhy eýýamda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň we Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda dowamat-dowam bolýandygyny nygtap bellediler.
Halkara ylmy-amaly maslahatyň işi “Ekologiýa bilimini ösdürmekde innowasiýa tehnologiýalarynyň orny”, “Suw we ýer baýlyklaryny rejeli peýdalanmagy dolandyrmagyň usullary” hem-de “Biologiýa dürlüligi öwrenmegiň we goramagyň esasy meseleleri” atly bölümlerde alnyp barlar.
Halkara maslahatyň umumy mejlisiniň ahyrynda oňa gatnaşyjylar ekologiýa we daşky gurşawy goramak ugrunda halkara tejribesini öwrenmekde hem-de ekologiýa abadançylygyny üpjün etmekde alyp barýan tutumly işleri üçin Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza we Türkmenistanyň Çuňňur Hormatlanylýan Prezidenti Arkadagly Gahryman Serdarymyza jan-saglgyny, uzak ömri, il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli işleriniň hemişe rowana ýollarda üstünliklere beslenmegini arzuw etdiler.
Halkara ylmy-amaly maslahat bilen ugurdaş Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň eýwanynda gurnalan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly gahryman Serdarymyzyň ylmy maglumatlara baý bolan kitaplarynyň, ylym-bilim ulgamynda, daşky gurşawy goramakda gazanylan üstünlikleriň sergisi maslahata gatnaşyjylarda özboluşly täsir galdyrdy.