Ýerleriň hasyllylygyny saklamaga goşant

31
       Birleşen Milletler Guramasynyň Azyk we Oba hojalygy Guramasynyň (FAO) hyzmatdaşlygyň tehniki ugurlary boýunça taslama işleriniň çäginde Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak we Oba hojalygy ministrlikleriniň düzümleriniň, akademiki we ekspert taslama jemgyýetleriniň wekilleri üçin  pudagara duşuşygy geçirildi. Duşuşyk indiki ýyldan badalga aljak Lebap welaýatynyň çäginde Aralýaka etraplary diýlip atlandyrylýan ýerlerde guraljak  çäreleri geçirmäge gönükdirilen ýurt taslamasynyň mazmunyny hödürlemeklige bagyşlandy. FAO-nyň goldamagynda ýer baýlyklaryna gönükdirilen şeýle taslamalar Merkezi Aziýanyň döwletlerinde badalga alýar we ol global konwensiýadan gelip çykýan halkara borçlaryň ýerine ýetirilmegine – howanyň üýtgemegine, biodürlüligiň goralmagyna we çölleşmä garşy göreşe gönükdirilendir.   
Agroekologiýa, suwy tygşytly ulanmak we tokaýçylyk ulgamalarynda tehniki ekspertizany gowulandyrmak boýunça işler entek öňde dur. Maksatly aragatnaşyk materiallary diňe bir ekspertler üçin däl-de, eýsem oba hojalykçylaryň düşünjeliligini artdyrmak üçin  hem düşnükli dilde berler. Ýöriteleşdirilen çärelerde esasan üç zat -  barlag enjamlaryny satyn almak we hünärmenleri taýýarlamak bilen toprak barlaghanalarynyň enjamlaryny kämilleşdirmek,  suwaryş we zeýkeş ulgamlary üçin “akylly” enjamlary oturtmak, munuň üçin sanly ulgam bilen üpjün etmek göz öňünde tutulýar. Duşuşyga gatnaşyjylaryň dykgatyna öň ylalaşylan işleriň sanawy ýetirildi, olar bolsa öň yglan edilen we herekete getirilen diýip bolar. Çäreleriň beýany – tokaý hojalygynyň we  suw pudagynyň işgärleri üçin howanyň durnuklylygyny, agro- we tebigaty üýtgediji tejribeleri agrosenagat toplumynda (AST) az iýmitli ýerleri hökmany elementleri bilen birleşdirmekde ýene bir iş garaşýar. Mysal üçin taslama işi bahalandyrylanda  görkezilen işe gabat gelýän “Karbon şahadatnamasyny” hasaba almak hem netijeler jemlenende goşmaça artykmaçlyk bolup biler.
Taslamanyň meýdançasy landşaftyň iki görnüşiniň ulanylmagyny nazarlaýar, şonuň bilen birlikde tebigaty goralýan ýanaşyk ýerler, hatda Amyderýa basseýni göz öňünde tutulýar diýip hem bolar,  ol ýerlerde bolsa ekerançylyk ýerlerini, görkezijiler boýunça janly tebigatyň dünýäsini gowulandyrmak meýilleşdirilýär: oba hojalyk ekinleriniň suw bilen üpjünçiligini, howanyň temperaturasynyň we ýagynlaryň üýtgeýşini (iň azyndan 100 ýyl) deňeşdirme derňewini we howa maglumatlaryny taýýarlamaklygy, uzak geljekde tebigatyň “özüni alyp barşyny” öwrenmekligi göz öňünde tutýar. Metanyň zyňyndylaryny azaltmak,  energiýa netijeliligi aýrylmaz bir görkezijidir  (agrosenagat toplumynda bu ýagdaý maldarçylykda we şaly meýdanlarynda bolýar). Gurakçylyga çydamly ekinleri ýetişdirmek tokaý döretmek, obahojalygyna zerurlygyna görä gorag bolýan gök guşaklygy döretmek,  çuň kök ulgamlary bolan ekinleri köpeltmek, şorluga we suwsuzlyga çydamly ekinleriň görnüşlerini ekmek arkaly bolup biler, gök guşak edilip ekilen baglar suw akymlaryny goramaga kömek eder. Ýerleriň tebigy gumus derejesi organiki dökünler bilen oýlanyşykly iýmitlendirilende saklanyp biler, ikinji derejeli şorlaşmaga garşy göreş anyk ýer işleri arkaly – ýerleri agdarmak, joýalary çekmek bilen bolar. Bu tejribeler çykdajy talap etmeýär, elýeterli we ekologik taýdan oňaýly. Taslama oba hojalygynda alnyp barylýan beýleki ugurlara, bal aryçylygyny-da ösdürmäge ýykgyn edýär. Taslamanyň çäginde ýaş hünärmenler daşary ýurtlarda öz iş ugurlaryny kämilleşdirip bilerler, onda oba we suw hojalygyny ýöretmekde emele gelen däpleri öwrenmek bilen usullar we okuw temalary ýerli bazar şertlerini göz öňünde tutup esaslandyrylýar.
Ýurduň  we adamlaryň esasy baýlygy ýerdir, şonuň üçin ony dikeltmek, özgertmek we gowulaşdyrmak üçin maýa goýmak FAO-nyň we Bütindünýä ekologiýa gaznasynyň bu taslamany goldajak esasy çykdajylaryndan biridir.
Şol bir wagtyň özünde, býujetde belli bir ýerleriň - tokaýlaryň we ekoulgamlaryň, melioratiw işleriň ulanylýan landşaftlarynyň dikeldilmegi göz öňünde tutulýar.
  Bu sebitiň Çärjew etrabynyň häkimliginiň wekili, statistika bölüminiň işgäri Maýa Hemraýewa, taslama işini görkezmek üçin synag meýdançalarynyň “Galkynyş” J.Hekimowyň adyny göterýän, S.A.Nyýazow adyndaky, Hajyýew adyndaky  daýhan birleşikleriniň çäkleriniň boljakdygyny aýtdy. Tokaýlary we ýerleri dikeltmek işleri bu ýerde hususan-da, tugaý ösümlik örtügini berkitmek, ýeriň fitomelioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak we ýerleriň şorlaşmagyny azaltmak boýunça alnyp barylar.
Bu işe suw we ýer baýlyklary boýunça degişli ministrlikleriň we bölümleriň gidrometeorologiýasy boýunça hünärmenleri gatnaşar.
Taslama çärelerini düzmekde, FAO klimat we agroekologiýa maýa goýumlary bilen meşgullanýan bütindünýä ekologiýa gaznasy bilen bilelikde ylmy we amaly kömek nokady hökmünde çykyş edýär. Tertibe laýyklykda, işler sebitde ýerleşen birnäçe goňşy döwletleri öz içine alýar we  bir ýurduň çäginden çykýar hem-de bu ýer taslamasy Merkezi Aziýa ýurtlarynda bir wagtyň özünde başlanýar.
Ol tebigat üçin oňyn özgerişleri döretmäge, howanyň üýtgeýän ýagdaýynda Pudagara ekspert toparynyň barlaglarynyň netijesiniň görkezişi ýaly,   subutnama talap etmeýän anyk görkezijilere laýyklykda obahojalyk önümçiligini durnukly alyp barmaga niýetlenendir. Häzirki wagtda ýurtlar oba hojalygy, suw we tokaý pudaklary üçin maliýeleşdirmegi göz öňünde tutmak üçin uýgunlaşma maksatlaryny kesgitleýärler. Şunuň bilen baglylykda,  toprak, suw çeşmeleri we suwdan peýdalanmak boýunça bilimleri köp talap edýän gözlegleri bolan, uzak möhletleýin ösüş perspektiwasyny döretmäge kömek edip biljek FAO-nyň köp sanly maglumat bazasy bar.Şeýle hem Merkezi Aziýanyň parnik gazlaryny atmosfera köp göýberiji däldigi mälimdir (umumy mukdaryň 1 göterimi), ýöne howanyň üýtgemeginiň netijelerinden hemmelerden  beter ejir çekýän oba hojalygy önümçiligidir. Diňe yaňy-ýakynda dünýä jemgyýetçiligi oba hojalygyny howanyň maliýeleşdirilmeginiň möhüm bölegi hökmünde ykrar etdi.
Indi ýurtlar bu pudaga has köp maýa goýumlaryny çekmäge synanyşyp, agroekologiki landşaftlar üçin amatly ugurlary gözlemekde netijeleri görkezmäge çalyşýarlar.

Ýelýena DOLGOWA, “NT”.


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04