Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň guşlarynyň täze görnüşleri

140
Türkmenistanyň Prezidenti Gahryman Serdar Berdimuhamedowyň baştutanlygynda abraýly halkara guramalary bilen ýakyn hyzmatdaşlygy amala aşyrmak arkaly Türkmenistanda sagdyn ekologiýa syýasaty ýöredilýär. Türkmenistanyň howanyň üýtgemegi, biodürlülik hakyndaky, çölleşmä garşy göreş, suwly-batgalyk ýerler, ýabany haýwanlaryň göçýän görnüşlerini gorap saklamak, Afrika-Ýewraziýanyň göçýän suw-batgalyk guşlaryny gorap saklamak ýaly birnäçe halkara tebigaty goraýyş konwensiýalaryna we ylalaşyklaryna goşulmagy muňa şaýatlyk edýär. Türkmenistan bilen Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG) Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasynyň (ÝUNESKO) arasynda ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlyk ýylsaýyn berkidilýär.  
Soňky ýyllarda ýurduň tebigy obýektlerini ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşmak üçin teklipleri taýýarlamak boýunça göwrümli işler alnyp barylýar. Geçirilýän ysnyşykly hyzmatdaşlygyň netijesinde “Aram guşaklykdaky Turan çölleri” hödürnamasy boýunça 2023-nji ýylyň sentýabrynda Türkmenistanyň üç sany goraghanasy – Bereketli Garagum we Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanalary, Repetek döwlet biosfera goraghanasy hem-de onuň Ýerajy döwlet tebigy çäkli goraghanasy ÝUNESKO-nyň Bütindünýä tebigy mirasynyň sanawyna goşuldy.
Türkmenistanyň goraghanalarynda ösümlik we haýwanat dünýäsini gorap saklamak, öwrenmek boýunça ylmy-barlag işleri ýylyň dowamynda geçirilýär. Şonuň bilen birlikde, guşlar hem öwrenilýär we olaryň täze görnüşleri ýüze çykarylýar.
Türkmenistanyň guşlarynyň sany we görnüş dürlüligi guş öwrenýän alymlar-ornitologlar tarapyndan XX asyryň ortalarynda öwrenilip başlandy. Geçirilen ylmy barlaglaryň netijesinde ýurduň ornitofaunasynyň düzümi barada maglumatlaryň ýylsaýyn üsti ýetirildi. Meselem, 1952-nji ýylda – 367, 2011-nji ýylda – 417, 2013-nji ýylda – 422, 2018-nji ýylda bolsa 436 görnüş hasaba alyndy.
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasynyň çäginde we oňa golaý meýdanlarda guryýer guşlarynyň, şeýle hem suw-batgalyk guşlaryň ýaşamagy, höwürtgelemegi hem-de köpelmegi üçin amatly ýerler bar (Gaplaňgyr, Gaňňagyr, Goýungyrlan, Tärimgaýa belentlikleri, Sarygamyş, Zeňňibaba, Uzynşor kölleri we başgalar). Bu ýerler özüniň iýmite baý bolmagy bilen guşlary özüne çekýär we olaryň iýmitlenmegi hem-de ýaşamagy üçin amatly şert döredýär.
Geçirilen gözegçilikleriň netijesinde, 2023-nji ýylda guşlardan 3 görnüş (turlutaý, çypar ýelbe, gaýa süleçisi) täze hasaba alyndy we goraghananyň guşlarynyň sanawuna goşuldy.
Turlutaý (Falco subbuteo) – Laçynşekilliler toparynyň Laçynlar maşgalasynyň wekilidir. Onuň arka tarapy goňurrak-gök, kellesi biraz garamtyl, bokurdagy we duluklary ak, gara murty inli, aşagy açyk reňkli, ganatlary uzyn,  guýrugy başgalara garanyňda gysga, kiçiräk laçyn. Garşylykly reňki we oňat saýgardýan murty bilen beýleki maýda laçynlardan tapawutlanýar.
Turlutaý Ýewraziýanyň demirgazyk böleginde, çetki demirgazyk welaýatlaryndan başgalarynda we Demirgazyk - Günbatar Afrikada ýaýran. Orta Aziýada, Türkmenistany hem goşanyňda, çäge-çöllükden başga hemme ýerlerde gabat gelmegi mümkin. Bizde uly derýalaryň jülgelerinde, oazislerde, daglarda we onuň eteklerinde ýaýran. Günorta Afrikada, Günorta we Günorta-Gündogar Aziýada gyşlaýar.
Turlutaý Türkmenistanda höwürtgeleýär we uçup geçýär. Ýazyna – aprelde, güýzüne – sentýabr-oktýabr aýlarynda, noýabryň ortasyna çenli uçup geçýär. Şol döwürde ol agaç we gyrymsy agaçlyk ýerlerde gezýär, höwürtgesini beýik agaçlaryň üstünde – çynarda, adaty glediçiýada, toraňňyda ýa-da arçada gurýar. Apreliň aýagynda – maýyň başynda 2–3 sany goňur reňkli ýumurtgalary goýýar. Iýunyň soňunda we iýulyň başynda jüýjeleri uçurym bolýar. Howada çalasyn we çalt, köpugurly hereketleri edip uçýar hem-de maýda torgaýlardan jokjokylara çenli guşlary awlaýar, şeýle-de iri mör-möjekler, ýaryganatlar bilen iýmitlenýär.
Çypar ýelbe (Crex crex) –  Durnaşekilliler toparynyň Suw towuklary maşgalasyna degişli çüňki gysga we konusşekilli, sarymtyl reňkli jokjokydan ulurak guş. Reňki goňurrak çalymtyl-çypar bolup, arkasy alarak, böwürleri kese ak zolakly, bokurdagy agymtyl, döşi we petekesi çyparrak çal, ganatlary poslurak-goýy-çypar reňkli. Ýerde örän çalt ylgaýar, howa göwünsiz uçup göterilýär, gysga aralyga ýerläp uçanda, uzyn aýaklary tagaşyksyz sallanýar. Çüňküniň gysgadygy bilen bukanja ýelbeden, çypar reňki bilen ýelbeden tapawutlanýar.
Çypar ýelbe Ýewropanyň günbatar araçäginden gündogara-Günorta Sibire çenli ýaýran. Orta we Merkezi Aziýada diňe Gazagystanyň demirgazygynda we gündogarynda, Altaýda höwürtgeleýär. Merkezi we Günorta Afrikada, Madagaskarda gyşlaýar. Türkmenistanda Hazar deňziniň gündogar kenaryndan Amyderýa çenli, möwsümleýin uçup geçýän döwründe hemme ýerlerde duşýar.
Türkmenistanda uçup geçýän görnüş bolup, dürli landşaftlarda ýaşaýar, köplenç oazislere ýakynlaşanyny gowy görýär. Ýazyna – aprel-maý aýlarynda, güýzüne – awgustyň ortasyndan oktýabryň aýagyna çenli uçup geçýär. Mör-möjekler, gurçuklar, ösümlikleriň tohumlary bilen iýmitlenýär.
Gaýa süleçisi (Emberiza buchanani) – serçeşekilliler toparynyň Süleçiler maşgalasyna degişli serçe ululygyndaky guş. Onuň kellesiniň üsti we boýny çala görünýän garamtyl menekli çal. Ýaňaklary goňurrak-çal, arkasy garamtyl dik menekli çyparrak-çal. Bili meneksiz çyparrak-çal. Bokurdagy we petekesiniň ýokarky bölegi agymtyl, petekesiniň gapdallary çal ýokundyly. Petekesi, döşi, garny we guýrugynyň aşagy solak çyparrak-goňur. Ganatynyň we guýrugynyň ýelekleri çyparrak jäheklenen goýy goňur. Çüňki we aýaklary gyzylymtyl. Mäkiýany horazyna meňzeş, ol reňk öwüşgininiň has tutukdygy we kellesiniň depe böleginiň garamtyl meneklidigi bilen tapawutlanýar. Bokurdagynyň akdygy bilen beýleki süleçilerden tapawutlanýar.
Gaýa süleçisi Kawkazyň, Alynky, Ortaky we Merkezi Aziýanyň daglyk ýerlerinde ýaýran. Türkmenistanda – Uly we Kiçi Balkan daglarynda, Köpetdagda, Günbatar Bathyzda, Köýtendagda duşýar, Hindistanda gyşlaýar.
Türkmenistanda uçup geçýän we höwürtgeleýän guş. Ýazky migrasiýasy aprel-maýda, güýzkisi awgust-sentýabrda bolup geçýär. Gurak, açyk giňişlikli dag eňňitlerinde gezýärler. Maýyň birinji ongünlüginden tä iýunyň birinji ongünlügine çenli höwürtgeleýär. Höwürtgesini ýerde gurýar, 3–6 sany goňur we çal meneklije mawumtyl-ýaşyl ýumurtgalary goýýar. Maýyň we iýunyň soňky günlerinde jüýjeleýär. Gaýa süleçisi dürli ösümlikleriň tohumlary, şeýle-de mör-möjekler bilen iýmitlenýär. Ol az sanly, bölekleýin ýaýrawly guş.
Şeýlelikde, geçirilen gözegçilikleriň netijesinde goraghanada we oňa golaý meýdanlarda guşlaryň görnüş düzüminiň artandygy bellendi. Bu bolsa goraghananyň meýdanlarynda we ýanaşyk ýerlerde guşlaryň ýaşaýyş şertleriniň gowulanandygy, ýagny iýmit gorunyň ýeterlikdigi, kert gaýaly belentlikleriň bardygy, suw aýtymlarynyň köpdügi bilen düşündirilýär.

Arazmyrat Amanow,
Türkmenistanyň Daşky gurşawy
 goramak ministrliginiň 
Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy


Paýlaş

Salgymyz:

Aşgabat ş., Arçabil şaýoly 92 

Telefon belgiler:
+993 (12) 44 80 04